28 Ocak 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Harby Gullukçylary Hünär Baýramçylygy Bilen Gutlady

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady.

Dabaraly maslahatyň öň ýanynda harby gullukçylar gahryman pederlerimiziň watançylyk sargytlaryna hormat goýmagyň nyşany hökmünde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşyp, mähriban halkymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde olaryň görkezen edermenligine çäksiz sarpa goýýandyklaryny beýan etdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwlet özygtyýarlylygyny, Garaşsyz ösüşimiziň gazananlaryny hem-de parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine yzygiderli ygrarly bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goramak hem-de has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, diňe parahatçylyk döredijilik taslamalary islendik ýurduň hem-de tutuş adamzadyň ýagty geljege tarap köprüleriniň ygtybarly sütünleri bolup hyzmat edip biler. Türkmenistan mazmuny boýunça häzirki zaman dünýäsiniň rowaçlygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmegiň taslamalary bolup durýan özüniň yzygiderli daşary syýasat başlangyçlarynda hut şundan ugur alýar. 

Şunuň bilen bir hatarda, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny goramak maksady bilen, ýurdumyzda Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Her ýylda geçirilýän harby okuwlar  öňde goýlan wezipeleriň hemmesini ýerine ýetirmäge bolan aýgytlylygy hem-de ukyplylygy, ajaýyp başarnygy hem-de türkmen goşunynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini görkezýär.

Harby gullukçylar Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň howpsuzlygynyň goragynda durup, mukaddes watançylyk borjuny buýsanç bilen berjaý edip, merdana pederlerimiziň belent ýörelgelerine eýerýärler. Türkmen halkynyň taryhynda Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenliginiň we gaýduwsuzlygynyň mysallarynyň az däldigi hemmä bellidir. Şol gahrynmanlaryň hormatyna olaryň nesilleri hem-de yzyna eýerijiler “Halk hakydasy”  ýadygärlik toplumyna gül desselerini goýdular. 

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Ýaragly Güýçleriň  düzüminiň serkerdelerinden başga-da, ýaş esgerler—söweşjeň  taýýarlygyň öňdebaryjylary, şeýle hem harby talyplar  gatnaşdylar.

Bu ýerde uly teleekrandan dabara gatnaşyjylara göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni—ata Watanymyzy goramagy ynanandygyny nygtady. 

Şoňa görä-de, siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Mähriban halkymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etmelisiňiz diýip, milli Liderimiz belledi. 

Biziň merdana halkymyzyň edermenliklere beslenen şöhratly taryhy we baý milli harby mirasy bar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan bu taryhy we harby miras biziň milli buýsanjymyzdyr. Şoňa görä-de mert pederlerimiziň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etmek siziň her biriňiziň mukaddes borjuňyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda edermen Watan goragçylarynyň öňünde örän uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de olaryň bu wezipeleri abraý bilen berjaý edip, uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ähli harby gullukçylary ýurdumyzda giňden bellenýän  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugy berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylar jogap edip, “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýen şygary  dowamly gaýtaladylar.   

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. 

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň harby we hukuk  goraýjy edaralary bilen bir hatarda Goranmak ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýady barha  pugtalandyrylýar, olaryň hukuk binýady kämilleşdirilýär, Ýaragly Güýçleriň söweşjeň taýýarlygy yzygiderli ýokarlandyrylýar, şeýle hem  harby gullukçylaryň we olaryň  maşgalalarynyň  ýaşaýyş-durmuş derejesi täze derejä göterilýär.     

Ministr Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe goranyş häsiýetli bolan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny has-da pugtalandyrmaga, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň    howpsuzlygyny we bitewiligini,  döwletimiziň harby kuwwatyny   üpjün etmäge gönükdirilen täze Harby doktrinany tassyklandygyny belläp, ähli harby gullukçylaryň adyndan  milli Liderimize edýän aladalary we uly üns berýändigi üçin çäksiz wepalylyklaryny hem-de çuňňur hoşallyklaryny bildirdi.     

Türkmenistanyň Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňünde berlen kasama wepaly bolup, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şöhratly geçmişimize, edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzy goramak ugrunda görkezen gahrymançylyklaryndan ruhlanyp, milli Liderimiziň “Watan goragy mukaddesdir” diýen kitabyndaky sargytlaryny ýörelge edinip, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine Belent Serkerdebaşymyzy ynandyrdy. Şeýle hem ol  döwlet Baştutanymyza jan saglyk, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.   
Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly bolmak baradaky kasamyň sözlerini agzybirlik bilen gaýtalaýarlar.   

Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylaryna ýüzlenip, olary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllyk  baýramy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

Milli Liderimiziň gutlagy “Ura! Ura! Ura!” diýip, dowamly gaýtalanmak bilen garşylandy.

*** 

Soňra dabaraly maslahat dowam etdi.Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň harby gullukçylaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. 

Milli goşunymyz parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbitlerine, halkymyzyň abadan durmuşyny we erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitarplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz öz baýramçylyk Gutlagynda aýratyn nygtady.

Soňra dabara gatnaşanlaryň çykyşlarynyň her birinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we ýaşaýyş durmuşy üçin hemme şertleriň döredilýänligi baradaky yzygiderli aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň üns bermegi netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, iň täze tehnikalar we enjamlar satyn alynýar, harby hünärmenleriň hünär derejesi ýokarlanýar, harby gullukçylar oňaýly ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilýär, olaryň maşgalalary üçin has amatly şertler döredilýär, ýaş işgärleri hem-de möhletli gullugyň esgerlerini taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýär. Bu ýaşlar üçin biziň goşunymyz mertligiň hem-de ýurdumyzyň goragçylaryny mähriban Watanymyza çäksiz söýgüsi bolan ruhda watançylyk terbiýesini bermegiň mekdebi bolup durýar.

Soňra harby gullukda tapawutlanan serkerdelere, harby gullukçylara dabaraly ýagdaýda  sylaglar gowşuryldy. Olar baýramçylyk gününde mynasyp bolan sylaglary üçin özleriniň buýsançlaryny beýan edip, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.  

Dabaranyň dowamy baýramçylyk konsertine utgaşyp gitdi. Bu ýerde ýurdumyzyň meşhur estrada ýerine ýetirijileri, aýdym-saz toparlary öz çykyşlarynda olary baýramçylyk bilen gutladylar. Şeýle hem harby gullukçylaryň öz aýdym-saz toparlary hem joşgunly watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. 

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda harby gullukçylaryň ýurdumyzyň howpsuzlygynyň goragynda hemişe batyrgaý we ygtybarly durjakdyklaryna, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdiklerine milli Liderimiz we türkmen halky ynandyrylýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder