28 Ocak 2016 Perşembe

Türkmenistan we Tatarystan Sport Ulgamynda Hyzmatdaşlygyny Ösdürýär

Kazandan Türkmenistanyň sport wekilýeti dolanyp geldi. Wekiliýetiň saparynyň maksady halkara derejeli iri sport ýaryşlaryny guramakda tejribe alyşmakdan hem-de bu ulgamda has ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat boldy. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda aýratyn möhümdir. 

Türkmen wekilýetiniň düzümine oýunlara taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýeteriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Muradow, ýörüteleşdirlen ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri girdi. Olaryň geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň barşynda Kazandan bolan kärdeşler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sport babatda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, bu ulgamda halkara aragatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy taraplary, şeýle hem ýurdumyzda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek babatda bar bolan oňňyn işler bilen tanyşdyryldy. 

Saparyň maksatnamasy Kazanyň iri sport desgalaryna, halkara habarlar merkezine hem-de Uniwersiada şäherçesine baryp görmegi özünde jemledi. Wekilýetiň agzalary bilen duşuşygy Tatarystanyň ýaşlaryň işi we sport boýunça ministri Wladimir Leonow geçirdi. 

20-nji ýanwarda Tatarystan Respublikasynyň Hökümet Öýünde türkmen wekilýetiniň Tatarystanyň premýer-ministri Ildar Halikow bilen duşuşygy boldy. 

Premýer-ministr Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýandygyny, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm ugra öwrüljekdigini nygtady. 

“Biz size zerur bolan hemme goldawy bermäge taýýar. Biziň hünärmenlerimiz logistika, lykmançylyk kömegini bermek, howpsuzlyk hem-de beýlekiler babatda türkmen tarapyny gyzyklandyrýan meseleler boýunça doly maglumatlary bererler. Mundan başga-da biz düzgün dörediji uly işleri geçirdik, sebäbi gümrük hem-de serhet işleri bilen baglanyşykly ýagdaýlar goşmaça kadalaýyn resminamalary talap edýär” diýip, Ildar Halikow aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, Kazan özünde 2013-nji ýylda XXVII bütindünýä uniwersiadany hem-de 2015-nji ýylda sportyň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny, şeýle hem ençeme beýleki abraýly ýaryşlary kabul etdi. 

Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde türkmen wekilýeti şeýle hem sport taslamalarynyň Ýerine ýetiriji direksiýasynyň iş ýörelgeleri hem-de iri ýaryşlary üpjün etmek babatdaky beýleki çözgütler bilen tanyşdy. 

Häzir ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de sportuň, dostlugyň we myhmansöýerligiň ägrt uly baýramçylygynyň güýçli depginde durmuşa geçirilýän pikiriniň töweregine jebisleşdi. Aşgabat-2017 köp sanly türgenleriň hem-de myhmanlaryň öňünde hut şonuň ýaly derejede bolmalydyr. Bu uly taslamanyň üstünlikli berjaý edilmegi dünýä derejesinde, şol sanda sport äleminde Türkmenistanyň abraýyny artdyrar.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder