28 Ocak 2016 Perşembe

Çeperçilik Akademiýasynda Okuw Ussahanasynyň Okuwçylarynyň Sergisi Guraldy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda bir ýyl mundan öň akademiýanyň ýanynda döredilen okuw ussahanasynyň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergisi guraldy. Ýurduň dürli künjekleriniň bäsleşik esasynda saýlanyp alynan iň yhlasly we zehinli talyplary bu ussahananyň okuwçylary bolup durýarlar, ussahana Türkmenistanyň at gazanan hudožnigi, TDÇA žiwopis kafedrasynyň uly mugallymy Atageldi Serdarow ýolbaşçylyk edýär. 



Sergide görkezilen suratlar, žiwopis eserleri we kompozisiýalar, şeýle hem “öý işleri” diýlip atlandyrylýan eserler okuwçylaryň döredijiligine baha bermäge mümkinçilik berýär. Olaryň işleri taryhy wakalara, ene topragyň ajaýyp tebigatyna, häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan uly üstünliklere bagyşlanandyr. Etýudlaryň köp dürliligi, keşbe seredip surat çekmek, portret eserler we beýlekiler ýaş hudožnikleriň öz ussatlyklaryny kämilleşdirmek üçin her günde çeken irginsiz zähmetlerini görkezýär. 

Çeper eserleriň bir bölegi 2010-njy ýylda bu döredijilik ýokary okuw mekdebiniň ýanynda döredilen “altyn gaznanyň” üstüni ýetirer. Häzirki wagtda onda talyplaryň we mugallymlaryň iň gowy işleriniň müňlerçesi jemlenendir. Çeperçilik Akademiýasynyň gaznasynyň ilkinji sergisini fewral aýynyň birinji on günlüginde gurnamak meýilleşdirilýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder