31 Ocak 2016 Pazar

Aziada-2017-niň Guramaçylyk Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi

Türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi boldy. Bu toplumlaýyn ýaryşlar şeýle oýunlaryň taryhynda iň köp toparlary özünde jemlär. Bu ýaryşa Aziýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň 60-den gowrak döwletleriniň wekilleri gatnaşar.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen türgenleriniň taýýarlygy üçin ýokary halkara derejeli tälimçileriniň çekilmegine, Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda dürli synag ýaryşlaryny geçirmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, geljek güýzde ýapyk welotrekde türkmen spotunyň taryhynda ilkinji gezek welosport boýunça halkara ýaryşyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa diňe bir Aziýa döwletlerinden däl-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň we Ýewropa döwletleriniň toparlary çagyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2015-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň welosport boýunça Milli tehniki merkeziniň açylandygyny belläp geçmelidiris. Bu täze sport guramasy ilkinji günlerden ymykly işe girişdi. Türkmenistanyň welosport federasiýasy bilen bilelikde ussat tügenleriň gatnaşmagynda Milli tehniki merkeziň birinjiligi bolup geçdi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň we Içeri işler miinstrliginiň awtosport merkeziniň gara ýollarynda, birnäçe günüň dowamynda geçirildi.

Şu döwürde Milli tehniki merkez Çehiýanyň belli "Durateс" kompaniýasy bilen häzirki zaman sport welosipedlerini we enjamlaryny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Şeýle hem welosipedçileriň Halkara birleşigi bilen Aziada-2017-ä çenli galan döwürde türkmen welosipedçilerini zerur sport derejesinde taýýarlamak üçin dünýä belli tälimçi bilen şertnama baglaşmak hakynda gepleşikler alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu halkara guramasy Türkmenistan bilen sport hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Geçen ýyl Aşgabatda geçen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň barşynda  welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Braýan Kukson we Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotrek desgasynda, 2017-nji ýylda welosport boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdular. Halkara sport guramasynyň hünärmenleri Aşgabadyň täze welotregine aýlanyp gördüler hem-de bu desganyň örän ýokary derejelidigini bellediler. 

Pälwanlaryň ýaryşlary geçirilmeli desgalara hem synag ýaryşlary garaşýar. Olaryň arasynda geçen ýylyň noýabrynda halkara sport äleminde hemişelik ornuny eýelän milli göreş boýunça ýaryşlar hem bar. Şu ýerde türkmen milli göreşi boýunça Bütindünýä federasiýasynyň esaslandyrylyp, onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşýändigini belläp geçmelidiris.

Göreş boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlar eýýäm iki gezek geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen birinji dünýä çempionaty 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirildi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Orenburg şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça ikinji dünýä çempionaty boldy. Ýaryşlaryň ikisinde hem ýurdumyzyň türgenleri umumytoparlayn hasapda birinji orny eýelediler.  Munuň özi, şeýle hem sport bilermenleriniň çaklamalary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda ýurdumyzyň pälwanlarynyň üstünlik gazanjakdyklaryna ynam döredýär.

Bu mejlisiň barşynda Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän konkur boýunça ýaryşlara taýýarlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, "Türkmenatlary" döwlet birleşigine tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hünärmenler bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak tabşyryldy.

Ýaryşlaryň taýýarlygy, guramaçylygy we ony wagyz etmek hem-de alyp görkezmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen "John Tibbs and Assoсiates (JTA)" (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde, Aşgabatda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin birnäçe sport media-forumlary geçirildi.

JTA –sport boýunça täzeçillikleri we dabaralary amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen iri maslahatçy agentlik bolup durýar. Aşgabat Aziadasy bilen baglanyşyklylykda, bu agentlik tarapyndan ençeme dünýä düzümleri we bilermenleri, şol sanda Halkara Sport metbugaty assosiýasiýasy bilen özara işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hem media-forumyň internet-saýty döredildi. Onda forumyň işi, oňa gatnaşanlar we beýleki maglumatlar baradaky habarlar bilen tanyşmak bolýar.

Ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde dünýä habar beriş giňişliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň portalynyň açylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Internet-saýt Aşgabatdaky toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň gidişi, türkmenistanlylaryň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň taryhy we häzirki zaman ýadygärlikleri hem-de beýleki köp zatlar barada giňişleýin maglumatlary berýär. Aziadanyň dowamynda internet ulanyjylar ähli ýaryşlaryň gidişine göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik alar. 2017-nji ýylda geçiriljek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň saýtyny işläp düzmek we bezemek boýunça yglan edilen halkara  bäsleşiginde türkmen hünärmenleriniň ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. 

Mejlise gatnaşanlar Olimpiýa we Aziýa oýunlary ýaly halkara ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribesi bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny-da belläp geçdiler. 2012-nji ýylda Londanda geçen Olimpiýa oýunlaryny guramaga gatnaşan Beýik Britaniýanyň kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur bolup durýar. Olaryň arasynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan tassyklanan we goldanan, V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň baş meýilnamasyny işläp düzmek boýunça şertnama baglaşylan "СSM Sport & Entertainment LLP trading as СSM Strategik" (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) kompaniýasy bar.

Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy barada aýdanymyzda bolsa, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary güýçli depginde iş alyp barýar. Olaryň biri bolan "Arup" kompaniýasy Londan olimpiadasynda 16 müň tomaşaça niýetlenen ýapyk basketbol binasyny gurmak bilen,deňsiz-taýsyz taslamany amala aşyrdy. Bu döredijilikli ýerine ýetirilen işiň netijesinde aňsatlyk bilen  binanyň esasy böleklerini söküp, ony göçürmek bolýar. 

Britaniýanyň Lafboro kollejiniň wekilleri ýurdumyzyň türgenleri üçin ýörite türgenleşik maksatnamasyny işläp düzdüler. Oňa diňe bir sapaklardaky fiziki-tehniki ýagdaýlar girmän, psihologiýa synaglary we başga-da köp zatlar girýär. Lafboro kollejiniň hünärmenleri bu taslamany paýtagtymyza bolan iş saparynyň hem-de ýerli sport düzümini öwrenmegiň netijeleri esasynda işläp taýýarladylar.

Mundan birnäçe gün ozal türkmen sport wekiliýeti halkara derejesindäki iri sport çärelerini guramak boýunça tejribe alyşmak we bu ugurda has hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine (Russiýa Federasiýasy) bardylar. Sport wekiliýetiniň maksatnamasynda Kazanyň iri sport desgalarynyň, Halkara habar beriş merkeziniň hem-de Bütindünýä uniwersiada obasynyň gurluşygy we ulanylyşy bilen tanyşmagy göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda geçen bu uniwersiadanyň göreş boýunça ýaryşlarynda türkmen pälwanlary örän ýokary netije görkezdiler. Russiýaly hünärmenler türkmen tarapyny gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça doly maglumat berdiler. Hususan-da, logistika, lukmançylyk kömegini guramak, howpsuzlyk we beýlekiler boýunça türkmen wekiliýeti zerur maglumatlary aldy. 

Geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti kazanly kärdeşlerini Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar. Rus hünärmenleri Aşgabatdaky toplumlaýyn ýaryşlaryň dünýä sportunda ajaýyp wakalaryň biri boljakdygyny bellediler. 

Umumy üstünlige ýurdumyzyň meýletinçileri hem sazlaşykly işi bilen mynasyp goşant goşar. Şu günki mejlisde bellenilişi ýaly, bu babatda türkmen meýletinçileri taýýarlygyň oňat halkara mekdebini geçdiler. Olar Kazandaky Bütindünýä uniwersiada, Koreýanyň Inçhon şäherinde degişlilikde 2013-2014-nji ýyllardaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary we ХVII tomusky Aziýa oýunlary, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 2015-nji ýyldaky I Ýewropa oýunlary ýaly iri ýaryşlara gatnaşyp, iş tejribesini topladylar. 

Türkmen meýletinçileri 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherindäki gyşky olimpiýa oýunlaryna hem çagyryldy. Bu ýyl olar Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiadanyň gidişinde öz tejribesini baýlaşdyrarlar. Bu oýunlara dünýäniň 200 töweregi ýurdundan 10 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryş türkmenistanlylar üçin ýurdumyzda geçiriljek Aziada-2017-niň öňüsyrasynda özboluşly synag bolar. 

Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaly türgenleriň we myhmanlaryň azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere seredildi, bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. 2014-nji ýylyň ýazynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 23 ýurtdan gelen aşpezlik sungatynyň hünärmenlerini özünde jemlän üç günlük Aziada-2017-niň tagamlarynyň sergisi boldy.

Bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň özi hem iş wagtynyň çäklidigine garamazdan, şol wagt Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen bilelikde dünýä halklarynyň milli tagamlarynyň sergisine barmaga wagt tapdy. Oňa gatnaşanlar iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna aşpezlik sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler we tagam taýýarlamagyň aýratynlyklary hem-de usullary bilen tanyşdyrdylar. 

Özboluşly bäsleşik milli tagamlaryň hakyky halkara baýramçylygyna öwrüldi. Dürli ýurtlaryň ussatlary aşpezlik sungatynyň ýokary derejesini görkezdiler, et we balyk önümleriniň dürli görnüşlerini, bakja önümlerini we miweleri, üýtgeşik tagamlary, işdäaçarlary we süýji önümlerini taýýarlamakda şowly başlangyçlary görkezdiler. 

Gazanylan tejribeler türkmen paýtagtynda ýene-de 1,5 ýyldan badalga aljak Aziada-2017-ä gatnaşyjylaryň hemmesini kanagatlandyrmaga kömek berer. Toplumlaýyn oýunlaryň tagamlarynyň sanawyna diňe bir Aziýa ýurtlarynyň iň gowy tagamalary girmän, Ýewropa tagamlarynyň  hem iň gowulary girer. 

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýän halkara oýunlaryna ýurdumyzyň ýokary derejede taýýarlygy bellenildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň paýtagty hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport ýurdy hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder