13 Ocak 2016 Çarşamba

Atavatan - Türkmenistan Halkara Žurnaly ertir.com Saýtynda

www.ertir.com saýtynyň Define atly agzasy Atavatan - Türkmenistan halkara žurnaly hakynda ýazypdyr,
 "Atawatan Türkmenistan" halkara žurnalynyň çap edilip başlanyna eýýäm 3 ýyl bolup barýar. Ilkinji sany 2013-nji ýylyň Iýun aýynda çap edilen žurnala, Türkmenhowaýollarynyň uçarlarynda ünsüňiz çeken bolsa gerek. Kätelerine "Watan" habarlarda, ýa-da metbugatta ol barada habarlary eşiden bolup bilersiňiz. Žurnalyň birnäçe sanynda berilen maglumatlary jemläp size žurnal barada gyzgaçyk maglumat bermek isleýärin. Belki Sizem žurnal barada öz pikirleriňizi aýdyp geçersiňiz. Eger neşir edijiler saýtymyzy okaýan bolsa, belki biziň berjek gymmatly pikirlerimizden olaram degişli netije çykaryp, Ata-Watanymyzy daşary ýurtda tanatmak baradaky hyzmatlaryny has ileri derejelere çykarmana täsir eder.

Žurnal ilkibaşda Türkmen we Türk dillerinde çap edilýän bolsa, häzirki döwürde Türkmen we Iňlis dillerinde çap edilýär. Žurnal BMG-niň resmi twitter  hasabynda dünýä duýurulan ilkinji we ýeketäk Türkmen neşiridir.

Atawatan Türkmenistan žurnalynda häzirki döwre çenli, Türkiýäniň şol döwürdäki Prezidenti Abdulla Gül, primer Ministri Ahmet Dawutoglu, Parlamentiň şol döwürdäki başlygy Jemil Çiçek, ÝB-niň Wise Prezidenti, halkara guramalaryň we maliýe edaralaryň ýolbaşçylary, birnäçe daşary ýurttdan ministr we döwlet ýolbaşçylarynyň Türkmenistan barada ýörite makalalaryny çap edilipdir.  Atawatan Türkmenistan žurnalynda, Türkmenistanyň ykdysadyýeti, energiýa mümkinçilikleri, daşary syýasaty, taryhy, medeniýeti we edebiýaty barada birnäçe ajaýyp makalalar okap bilersiňiz. Ýurdumyzdan hem meşhur ýazyjy-şahyrlar, ýokary döwlet edaralaryň ýolbaşylarynyň makalalary dünýä halklaryna ýetirilip dur. Neşiriň Iňlis dilinde hem çap edilmegi, žurnalyň daşary ýurtlarda hem ýokary abraý gazanmagyna getirýär, Atawatan Türkmenistan žurnaly öz ildeşlerimiz tarapyndan daşary ýurt hyzmatdaşlygynda çap edilýär. Häzire çenli 80.000 nusga çap edilen žurnal, tölegsiz görnüşde ýaýradylýar. Neşire ýurdumyzda hereket edýän ýerli we daşary ýurt kompaniýalary reklama bermek usuly bilen goldaw berýär we olaryň serişdeleri bilen çap edilýär. Žurnalyň şu wagta çenli çap edilen sanlaryna www.atavatan-turkmenistan.com saýtyndan okap bilersiňiz. Ol ýerde neşiriň sanly wersiýasy dolulygyna ýerleşdirilipdir. Bu bolsa žurnalyň 70-den gowrak döwlette özüne okyjylar köpçüligini gazanmagyna mümkinçilik berýär.
Çeşme: ertir.com 




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder