30 Nisan 2015 Perşembe

Türkmenistanyň Häzirki Zaman Diplomatiýasy we Ýyl Ýazgysy Baradaky Žurnallaryň Nobatdaky Sanlary

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.

Milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we iri halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirýän köpsanly duşuşyklarynyň örän netijeli bolmagy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ählumumy bähbitlere laýyklykda giň möçberli gatnaşyklara ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. 

Geçen ýylyň birinji çärýeginde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn bölümiň berlendigi bellärliklidir. Žurnal bilen tanyşlyk hem şu bölümden başlanýar. Şu bölümde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary (21-22-nji ýanwar), Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi sapary (3-4-nji mart), Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet sapary (10-11-nji mart), Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary (13-14-nji mart) ýaly möhüm ähmiýetli wakalar jikme-jik şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bolan saparynyň barşynda bu ýurduň Sendaý şäherinde guralan «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy.  

Mälim bolşy ýaly, 9-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň hem-de dabaralaryň maksatnamasyny makullady we tassyklady. Žurnalyň aýratyn bölümi Türkmenistanyň Daşary işler  ministrligi we ýurdumyzyň Türkiýedäki, Azerbaýjandaky, Russiýadaky, Ukrainadaky, Belarusdaky, Saud Arabystanyndaky, Malaýziýadaky, Pakistandaky, Hindistandaky, Beýik Britaniýadaky we beýleki ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleriniň synyna bagyşlanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna köpsanly duşuşyklar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, okuw maslahatlar we ylmy maslahatlar, sergiler, aýdym-saz dabaralary, sport çäreleri we mowzuklaýyn bäsleşikler geçirilýär.    

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň sahypalarynda meşhur syýasatçylaryň, ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna möhüm orun berilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ösüşi, gazanýan üstünlikleri barada öz pikirlerini aýdýarlar.    

Bu toplum Türkiýe Respublikasynyň  ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň makalasy bilen açylýar. Onuň pikirine görä, soňky ýyllarda iki doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan ykdysady hyzmatdaşlyga Merkezi Aziýada netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde baha bermek bolar. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň türk tarapyndan başlygy bolup durýan Türkiýäniň ykdysadyýet ministri iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky  dostlukly gatnaşyklaryň hem-de soňky ýyllarda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. 

Şanly senesi ýylyň başyndan bäri diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň ähli yklymlarynda  giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy alymlarda we syýasatşynaslarda uly gyzyklanma döredýär. 

Hytaýyň döwlet geňeşiniň Ösüş barlag merkeziniň ýanyndaky Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň durmuş taýdan ösüş institutynyň direktorynyň orunbasary Çžao Çansin «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň türkmen halkynyň häzirki zaman taryhyndaky möhüm ähmiýetli resminama öwrülendigini belleýär. Munuň özi jemgyýetde durnuklylygy saklap galmaga, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etdi. Hytaýly alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistan döwletiniň diňe bir özüniň  ösmegi üçin tagallalary etmän, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, sebit boýunça goňşy ýurtlarda, ilkinji nobatda, Owganystanda syýasy we ykdysady ýagdaýyň kadalaşmagyna işjeň gatnaşýandygyny nygtaýar. 

Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistan Aşgabatda täjigara we owganara gepleşikleriniň üstünlikli geçirilmeginde möhüm orun eýeledi. Täjigistan Respublikasynyň   Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat, gündogary  öwreniş we ýazuw mirasy institutynyň edebiýat bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Abdunabi Sattorzodanyň makalasynda ýurdumyzyň täjigara gepleşiklerini geçirmekdäki möhüm orny barada gürrüň berilýär. 

Žurnalyň sahypalaryndan okyjylara ýüzlenen Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa Bin Ahmed Al Suwaidi hem Türkmenistan bilen öz ýurdunyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlyk 1996-njy ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen kuwwatly ösüşe eýe boldy. 

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Giorgi Kwesitadze «Bitaraplyk Türkmenistanyň howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek üçin özboluşly diplomatik gurala öwrüldi» diýip belleýär. Onuň pikirine görä, milli — döwlet galkynyşynyň gymmatlyklarynyň bähbidine durnukly ösüşiň ileri tutulmagy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy maksadyna hem-de wezipesine öwrüldi. Bitaraplyk bu meýilnamalary hem-de maksatlary durmuşa geçirmegiň oňyn nusgasyna öwrüldi. 

Däp bolşy ýaly, žurnalyň bu sany diplomatiki durmuşyň syny bilen tamamlanýar.  Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, daşary ýurtlaryň we iri halkara guramalarynyň köpsanly wekiliýetler bilen duşuşyklar, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakalary yzygiderli beýan edilýär.    

*** 

«Türkmen arhiwi» taryhy-dokumental, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň çapdan çykan nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda sözlän sözi bilen açylýar. Şol çykyşda ýakyn geljek üçin döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlenildi. 

Soňra geçen ýyl kabul edilen resminamalaryň toplumy çap edilýär. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň   ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar. 

Žurnalyň «Täze neşirler» diýen bölüminde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl çap edilen eserleri barada maglumatlar berilýär. Şol eserler bolsa häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkynyň medeni we taryhy däplerine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmegiň özboluşly açary bolup hyzmat edýär. 

Neşirde arhiwleriň meseleleri we arhiw işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem möhüm orun berilýär. Munuň özi ýaş arhiw işgärleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hünärmenlere Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwiniň 85 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 1992-2013-nji ýyllarda arhiw işiniň ösüşiniň taryhyna degişli makalalar hem gyzykly bolup biler. 

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar neşirde aýratyn orun tutýar. Bu sene 2014-nji ýylda ýurdumyzda hem-de beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine uly sarpa goýulýan daşary ýurtlaryň ençemesinde giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. 

Arhiw resminamalary esasynda ýazylan Aşgabadyň taryhy, Türkmenistanda XX asyryň 20-40-njy ýyllarynda ylmyň ösüşi, ilkinji sazçylyk okuw mekdepleri barada makalalar hem giň okyjylar köpçüligine gyzykly bolar.

Žurnalyň bu sanynda Türkmenistanyň ylmynyň ösüşinde uly yz galdyran alymlaryň we medeniýetde, sungatda öz ussatlygy bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan sungat ussatlarynyň durmuş hem-de döredijilik ýollaryny şöhlelendirýän makalalar hem hödürlenýär.   

Arhiw suratlary bilen bezelen gyzykly makalalar toplumy diňe bir tanyşdyryş häsiýetine eýe bolman, ilkinji nobatda, ol ýurdumyzyň we türkmen halkynyň şöhratly geçmişine, häzirki gününe hem-de bagtyýar geljegine buýsanç duýgusyny döredýär. 


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramberdi Nurmuhammedowiç Annaýew başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nepes Kadyrgulyýewiç Bäşimow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soýençnazar Nurnazarowiç Selimow Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň maddy - enjamlaýyn binýadyny berkitmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak hem-de olary öňdebaryjy tilsimatly bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halia Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasyny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyna Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ady agzalan Gazna tarapyndan çagalar hassahanasynyň binasy üçin ýer bölegini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy. 


Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Jenap Maroş Şefçowiç özüniň bu saparynyň Aşgabada ilkinji saparydygyny aýdyp, ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen türkmen paýtagtynyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny nygtady.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Milli Liderimiz ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi – oňa agza ýurtlar bilen köptaraplaýyn, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny nygtady. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň dürli ulgamlarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin oňat esasy döredýändigi bellenildi. 

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Ägirt uly serişdeler we senagat kuwwatyna eýe bolan ýurdumyz bu ulgamda özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa ugry boýunça  çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa köpugurly turbageçiriji  düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň bu öňdengörüjilikli strategiýany, şeýle hem häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze energiýa howpsuzlyk binýadyny döretmek boýunça türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen başlangyçlary goldaýandygy nygtaldy. 

Myhman Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyz bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek dört taraplaýyn  duşuşygyň bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge we degişli düzümleýin taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmagyň geljegini kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Şunuň bilen birlikde, ulag-üstaşyr ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. 

Dünýäde parahatçylygy we  durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek işinde tagallalary birleşdirmek özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň döredijilik häsiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp meselelerini deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunda äşgär görünýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  we beýleki iri wekilçilikli forumlaryň münberlerinden öňe süren oňyn teklipleri hem muňa şaýatlyk edýär. 

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna şu ýyl 20 ýyl dolýandygyny nygtap, Ýewropa Bileleşiginden hyzmatdaşlarymyzy bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüji syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar, bu ugurda anyk we netijeli ädimleri ädýär. 

Pursatdan peýdalanyp, jenap Maroş Şefçowiç milli Liderimizi sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orna eýe bolan türkmen Bitaraplygynyň   20 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzyň kosmos döwletleriniň hataryna girmegini alamatlandyran taryhy ähmiýetli waka  — Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy bilen gutlady. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan köpugurly Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. 

Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Dionisios Daniilidis gatnaşdy.  






Türkmenistan - BMG

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda ählumumy abadançylygyň bähbidine tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmek işine ägirt uly goşant goşmak bilen, türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöredýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylalaşdyryjylyk syýasatyna ýokary baha berildi. Milli Liderimiziň Birinji jahan urşunda iri söweşleriň biri — Çanakgalada  bolup geçen söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, ýakynda Türkiýede geçirilen hatyra çärelerine gatnaşmagy hem bu syýasatyň ynsanperwerligini hem-de ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga bolan gyzyklanmany alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan — BMG gatnaşyklarynyň ynsanperwer ulgam ýaly möhüm ugrunda gatnaşyklarynyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ulgamda gatnaşyklar häzir täze mazmuna eýe boldy. Hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip we bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.

Çykyş edenler öz çykyşlaryny bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä we milli tejribesiniň seljermesine, şunda halkara guramalarynyň eýeleýän ornuna, degişli ugurda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüşine we ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamaga, göçýänleriň ýurda girmeginiň we olaryň serhetýaka gözegçiliginiň belli bir ulgamyny döretmäge bagyşladylar. Şol ulgam migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmagyň zerur bolan derejesini üpjün edýär.

Ýurdumyzda bu ugurda geçirilen möhüm we netijeli işler hökmünde «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Apatridleriň derejesi hakynda» Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklardan peýdalanyp bilmegi üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamyň we bosgunyň şahadatnamasynyň we ýol resminamasynyň, ýaşamak üçin görnüşiň täze nusgalary güýje girizildi. Bu resminamalar ICAO (Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy) standartlaryna doly laýyk gelýär. Umuman, bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda oňyn tejribe bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar şu günki maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşylmagynyň migrasiýany milli, sebit we halkara derejelerinde kadalaşdyrmak babatda ählumumy meseleleri çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 


Maksat Atabaýew 2015-nji Ýylda Türkmenistanyň Iň Gowy Küştçüsi

Milli ýokary liga girýän erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň çempionaty iň ýaş türkmen grossmeýsteri, 20 ýaşly aşgabatly küştçi Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň wekili ýaryşyň barşynda bir gezek hem utulman, mümkin bolan 15 utukdan 11,5 utuk toplady. Ol 10 gezek ýeňiş gazandy we 5 duşuşygyny deňme-deň tamamlady.

Kümüş medala bolsa ýeňijiniň özünden kiçi dogany, 15 ýaşly, FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy. Ol Maksatdan bary-ýogy 1 utuk az toplady. Üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň toparynyň wekili, FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow eýeledi. 

Bu altyn medal M.Atabaýewiň milli birinjilikde gazanan altyn medallarynyň dördünjisidir. Özi-de, 2011-nji ýylda gazanylan ilkinji altyn medal Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aýdogdy Atabaýewiň we grossmeýster Orazly Annageldiýewiň şägirdine şeýle üstünlige 15 ýaşda eýe bolan ýurdumyzyň iň ýaş küştçüsiniň adyna mynasyp bolmaga mümkinçilik berdi. Şol döwürden bäri ol ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Onuň gazanan üstünlikleriniň iň esasysy bolsa halkara grossmeýsteri diýen ada eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Mälim bolşy ýaly, grossmeýster derejesine eýe bolmak üçin küştçä diňe bir iri halkara ýaryşlarynda 3 ball almak ýeterlik bolman, eýsem dünýä reýtinginde zerur bolan basgançagy eýelemek wajypdyr. Şol dereje bolsa 2500 görkezijiden az däldir. M.Atabaýew ballaryň zerur bolan möçberini geçen ýylyň tomsunda, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen halkara ýaryşynyň barşynda gazandy (mundan başga-da, Maksat altyn baýraga mynasyp boldy). Halkara grossmeýsteri diýen ady almak üçin zerur bolan görkezijini bolsa ol şu ýylyň başynda «Moskow-open» halkara ýaryşynda gazandy. 

Maksadyň halkara sport giňişliginde gazanan baýraklary barada hem ýatlap geçmelidiris. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby eýýäm 20-den gowrak medal gazanmagy başardy. Olaryň arasynda 2008-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Aziýanyň toparlaýyn çempionatynda gazanan kümüş medaly onuň üçin has ähmiýetlidir. 

Ýeri gelende aýtsak, geçen aprel aýy M.Atabaýew üçin diňe Türkmenistanyň çempionatynda gazanan ýeňşi bilen däl, eýsem biziň ýurdumyzyň taryhynda iň köpçülikleýin häsiýete eýe bolan birwagtda köp tagtada oýnamak ýaryşyna gatnaşmak babatda hem uly ähmiýete eýe boldy. Şonda Maksat welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň türgenleriniň birbada ýüzlerçesi bilen bäsleşdi. Bu ýaryş «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde, geçen ýylyň ahyrynda öz gapylaryny giňden açan täze Küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Ýaryşlaryň barşynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi 96 ýeňiş gazandy, üç duşuşykda deňme-deň oýnady we bary-ýogy bir duşuşykda utulyşa sezewar boldy. 

Häzirki wagtda M.Atabaýew milli ýygyndymyzyň beýleki wekilleri bilen bilelikde maý aýynyň ikinji ýarymynda Moskwa şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna taýýarlyk görýär. Bu ýygnanyşyk dünýä çempionatynyň zolaklaýyn tapgyryna (Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda) taýýarlyk bolar. Şol ýaryşlarda esasy göreş birinji we ikinji orunlar üçin bolar. Şol orunlar bolsa dünýä birinjiliginiň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk berer. 

Maý aýynyň 20-lerinde paýtagtymyzyň Küşt we şaşka mekdebiniň binýadynda ýokary liga girýän zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalga alar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň güýçli türgenleriniň 16-syny jemlejek bu ýaryş duşuşyklaryň aýlaw ulgamy boýunça ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp boljaklary kesgitlär. FIDE-niň  ussady Bahar Hallaýewa Türkmenistanyň häzirki çempionydyr. 

Ol özüniň ýokary derejeli ussatlygyny şu ýaryşda tassyklap bilermi? Muňa ýakyn wagtda göz ýetireris...  


Medeniýet Parahatçylygyň we Agzybirligiň Nyşany

Şu günler Aktauda — Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekiliýeti saparda bolýar. Onuň düzüminde belli artistler, Balkan welaýatynyň “Dagdan” döredijilik topary, Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bar. Doganlyk ýurda sapar Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygy hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kabul edýän tarapyň goldaw bermeginde guraldy. Ynsanperwer çäre Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistany we Gazagystany   milli medeniýetleriň umumy çuňňur kökleri, taryhy geçmiş, dil, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ynanyşmaga we özara düşünişmä esaslanan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bularyň hemmesi türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurtda bolýan günleri, Žana Uzen serhetýaka gazak şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 27-nji aprelde guralan türkmen-gazak serhedinde dabaraly kabul etmekden başlap, beýleki wakalarda öz aýdyň beýanyny tapdy.  Türkmenistanyň wekillerini duz-çörek, milli tagamlar, gazak döredijiliginiň äheňleri boýunça guralan konsert bilen mähirli garşyladylar.  Türkmenistanyň wekilleriniň hormatyna şäheriň meri S.Turumow, ýaşulularyň ýerli geňeşiniň başlygy, “Uzenmunaýgaz” nebitgaz çykaryjy kompaniýanyň baş direktory we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalaryň möhümdigi bellenildi. Olar milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda iki doganlyk halkyň özara baýlaşmagyna gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň wekiliýeti Aktau şäherinde bolmagynyň ikinji güni Akşükür obasynyň golaýyndaky Týubkaragan raýonynda ýerleşýän “Koşkar Ata” aramgähine zyýarat etdiler.   Bu ýerde köpüsi türkmen topragyndan bolan dindarlaryň ruhy aram tapdy...

Biziň wekiliýetimiz tanyşlyk saparyny dowam edip,  Týubkaragan raýonynyň dolandyryş merkezine Fort  —  Şewçenko şäherine we Bautino deňiz portuna baryp gördüler. Bu ýerde olar Hazaryň gazak bölegindäki deňiz ýalpaklygynda we gury ýerlerindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň häzirki zaman taryhy bilen tanyşdylar. Önümçilik düzümini we ýöriteleşdirilen floty synladylar. Tanyşlygyň ahyrynda Týubkaragan raýonynyň häkimi T.Asauowyň we Fort  —  Şewçenko şäheriniň meri A.Nurdöwletowyň ugratmagynda “Tulpar” gämisinde Bautin aýlagy boýunça gezelenji amala aşyryldy. 

29-njy aprelde Aktaunyň  Nurmuhan Žanturin adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň eýwanynda “Men Parahatçylyga ses berýärin” diýen at bilen çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy. Sergä Türkmenistanyň, Gazagystanyň Mangistau we Atyrau oblastlarynyň  umumybilim berýän we çeperçilik mekdeplerinden oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler  tomaşaçylary işleriniň 100-den gowragy bilen tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, bu ýerde ýaş türkmen suratkeşleriniň  —  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň çeken suratlarynyň bäsleşikden daşgary sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergi işlerinde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň, türkmen tebigatynyň gözelligi, milli baýramçylyklar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda senagat we ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň çäklerinde senagat peýzažlary şekillendirildi. 

Dabaraly ýagdaýda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamagyň baýramçylyk çäresi geçirildi. Ozalky Şota Rustaweli adyndaky Türkmen çeperçilik mekdebiniň uçurymy, Gazagystanyň sungat akademiýasynyň akademigi Aýtbaý Kulbaýyň ýolbaşçylyk eden eminler toparynyň çözgüdi boýunça baýrak eýelerini kesgitlemek iki ýaş toparlary boýunça bäş bölümde internet  —  ses bermegi nazara almak bilen geçirildi. Uly ýaş toparynda ikinji orny eýelän, Aşgabadyň çeperçilik mekdebiniň okuwçysy M.Myradow hem-de aýry-aýry ýaş toparlarynda tomaşaçylaryň söýgüsini  gazanan A.Kulyýewa “Men Parahatçylyga ses berýärin” diýen at bilen geçirilen çagalaryň çeken suratlarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bäsleşigiň baş baýragy Aktau şäheriniň 3-nji orta umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy E.Konysbaýewe gowşuryldy. Çagalaryň çeken suratlarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrak eýelerine Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygynyň diplomlary we Mangistau oblastynyň häkimliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak çäresine Aktau şäheriniň we Mangistau oblastynyň ýolbaşçylary hem-de Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow gatnaşdylar. 

Medeni çäreler şol gün Türkmenistanyň we Mangistau oblastynyň döredijilik toparlarynyň N.Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda guran konserti bilen dowam etdi. Türkmenistanyň halk artistleri—Balkan welaýatyndan aýdymçy A.Mämmedowa we aşgabatly bagşy P.Hamydow üstünlikli çykyş etdiler. Opera sahnalaryny ýerine ýetirijiler—Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy A.Seýtkulyýewa we Mangistau oblastynyň Murat Oskimbaýew adyndaky filarmoniýanyň aýdymçysy Ş.Saparowa şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldular. Aýdymçylara  gazak saz ussady,  halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi pianinoçy E. Begendikow sazandarlyk etdi. Balkanly we Mangistauly tansçylaryň tomaşaçylaryň el çarpyşmagynda ýerine ýetiren küşt depdi tansy konsert maksatnamasynyň içinden erş-argaç bolup geçdi. 

Türkmen wekiliýetiniň sapary gazak milletiniň Lideri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän , sebitde parahatçylygy we halklaryň arasynda agzybirligi berkarar edýän Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň döwlet Baştutanynyň wezipesine resmi taýdan girişmegi  mynasybetli geçirilen çärä gabat geldi. Balkan welaýatynyň Mangistau oblastyndaky ynsanperwer çäresi Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň nyşany astynda, Gazagystanyň halklarynyň Assambleýasynyň 20 ýyllygynyň, ýurduň milli baýramy  —  Agzybirlik gününiň we Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bularyň hemmesi kabul edýän tarapyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň saparyna aýratyn öwüşgin çaýýar. 

Diňe geografik serhetleri däl-de, eýsem, ruhy ýakynlygy birleşdirýän doganlyk ýurtlaryň arasyndaky medeni alyşmalar Türkmenistanyň we Gazagystanyň   Liderleriniň netijeli syýasaty netijesinde ýylsaýyn giňelýär, milletleriň ýakynlaşmagyna we iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygyna hyzmat edýär. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Ýewropanyň üstaşyr ýükleriniň Ýakyn we Orta Gündogaryň  ýurtlaryna gysga ýol hökmünde demir ýolunyň hereket etmegi Türkmenistanyň, Gazagystanyň, we olar bilen çäkleşýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň we durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder. 

30-njy aprelde türkmen wekiliýeti Aktau şäherinden Žan Uzen şäherine bardy, bu ýerde paýtagtymyzyň artistlerinden we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Dagdan” döredijilik toparynyň agzalaryndan ybarat döredijilik işgärleri uly konsert bilen çykyş etdiler. 1-nji maýda bolsa  türkmen wekiliýeti Gazagystanyň halklarynyň Agzybirlik Gününe  bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşar.






Türkmenistanyň Howa Maglumaty 01.05.2015

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 
01.05.2015
Aşgabat 
+28… +30°
Türkmenbaşy 
+25… +27°
Balkanabat
+30… +32°
Mary
+28… +30°
Türkmenabat
+26… +28°
Daşoguz
+25… +27°

http://www.turkmenhabargullugy.com/

Birinji Milli Awtomobil Ýaryşynyň Ýeňijileri Kesgitlendi

Paýtagtymyzda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.

Birinji milli awtomobil ýaryşynda  sürüji Muhammet Gurbanow we ýolbelet Serdar Aýdogdyýew ýeňiş gazandylar. Didar Orazmetow — Gurban Daňatarow hem-de Merdan Toýlyýew — Aýdyn Mämmedow baýrakly orunlary eýelediler. Olar ýolsuz ýerde ýaryşmak boýunça degişlilikde kümüş we bürünç medallaryna mynasyp boldular. Baýrak eýeleriniň hemmesi hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

— Ýoluň çylşyrymlylygy her tapgyrda artdy — diýip, ýaryşyň baş emini Şamyrat Gurbanow gürrüň berdi. — Ugur ýolsuz ýerlerden — gumuň we gum alaňlarynyň içinden geçip, onuň her bir kilometri ýaryşa gatnaşyjylar tarapyndan kynlyk bilen geçildi. Toparlaryň ikisi ýoldan çykdy — olaryň ikisinde hem ulag hereketlendirijileri näsazlyk tapdy. Merkezi Garagumuň içi bilen  ulagy ýokary tizlikde sürüp, ony dolandyrmak ýeňil däl. Ýöne türgenleriň hemmesi-de wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardylar, olaryň ökdeleri bolsa sylaglara mynasyp boldular. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Milli awtosport merkezinde halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin toparlar döredilýär. Bu ilkinji nobatda «Dakar» tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy bolup, onuň ugry 2016-njy ýylda Günorta Amerika  ýurtlarynyň üçüsiniň çäginden geçer.

Ýeri gelende aýtsak, biziň türgenlerimiz awtosport boýunça halkara ýaryşlaryna ozal hem gatnaşdylar. Şolaryň biri — 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň  çäklerinden geçen meşhur  «Ýüpek ýoly» ýaryşydyr.  Soňra türkmen türgenleri Peterburg — Soçi (2010-njy ýyl), Moskwa — Soçi (2011-nji ýyl), Moskwa — Gelenjik (2012-nji ýyl) ugurlary boýunça geçirilen ýaryşlara, Dünýä Kubogynyň Abu-Dabide geçirilen tapgyryna (2013-nji ýyl) gatnaşyp, olarda üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň ýanwarynda  milli awtosport merkeziniň başlygy Gulmyrat Agamyradow, ussa Gurban Daňatarow we toparyň agzalary — sürüji Şamyrat Gurbanow we ýolbelet Rafael Gaýnulin «Dakar — 2015» tapgyrynyň ýaryşyna gatnaşdylar.

Bu ýaryş Argentinanyň, Çiliniň we Boliwiýanyň çäklerinden geçip, 9 müň kilometrden gowrak ýoly öz içine aldy. Onuň ýarysy dürli ýerler boýunça ýokary tizlikli ýörite ugurlardan ybarat boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar 14 günüň içinde  daglyk ýerlerden, çylşyrymly ýollardan, gum depelerinden we alaňlaryndan geçdiler. Munuň özi yzygiderli beden we ruhy agramlyk şertlerinde sürüjileriň we tehnikalaryň çydamlylygyny barlaýan, ýoluň, tizligiň takyk meýilleşdirilmegini talap edýän uly synag boldy.

Türkmenistanyň toparynyň halkara awtomobil ýaryşlarynda çykyş etmegi milli awtomobil sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz üçin kanunalaýyk ýagdaý bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň bu görnüşiniň  hakyky muşdagy bolmagy bellärliklidir. Munuň şeýlidigine bolsa biz milli Liderimiziň ýaryş ulaglaryny dolandyrmakda ussatlyk görkezip, ýokary netijeleri gazananda göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşlaryň barşynda döwlet Baştutanymyz «Bugatti Veyron» sport ulagynyň sürüji hökmünde ajaýyp çykyş etdi. Şonda milli Liderimiz ýaryşlarda ynamly ýeňiş gazanyp, gowy wagt görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, awtomobil ýaryşlarynyň örän gyzykly, emma çylşyrymly görnüşinde — driftde ýokary  ussatlyk görkezdi. 2013-nji ýylda bolsa döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň täze Awtomobil sport merkezinde geçirilen ilkinji ýaryşlara gatnaşdy. Şonda «Alfa Romeo» ýaryş awtoulagyny dolandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli sürüjileriň arasynda nobatdaky gezek ýeňiji boldy.  

Täze eýýamda ýurdumyzyň welaýatlarynda awtomobil klublary döredildi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýan awtomobil sporty boýunça milli ýaryşlar geçirilýär. Türkmen türgenleri bu gün döwrebap awtoulaglardan başlap dünýä belli önüm öndürijileriň awtoulaglarynda dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Awtomobil sport merkezi üçin täze ulaglar yzygiderli satyn alynýar, bu bolsa sportuň bu gyzykly görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär.


Sagdynlyk we Bagtyýarlyk

Sagdynlyk we Bagtyýarlyk






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1223

Goşunyň Kuwwaty Esgerleriň Watançylyk Ruhunda

“Kelete” okuw türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan mergen harby gullukçylar gatnaşdylar. Olar bu gün söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezmegi öz öňlerinde maksat edindiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyzyň harby kuwwaty we söweşjeň ukyby Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky yzygiderli tagallalary netijesinde barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, gury ýerde, howa we deňiz giňişliginde sazlaşykly hereket etmäge ukyply ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri ussat harby hünärmenleri taýýarlaýan kämil mekdebe öwrüldi.

Harby okuw-türgenleşikleriniň geçirilmeginiň maksady harby gullukçylarymyzyň hünär derejesini hem-de  milli goşunymyzyň diňe parahatçylyk maksatlaryna hyzmat edýän goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.  

Harby okuw- türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary başlady. Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we gury ýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar. Tejribeli uçarmanlarymyz howada uçuş tilsimlerini görkezdiler, olar asmandan hüjüm edip, top oklary bilen ýerdäki nyşanalary takyk urup, ot açdylar. Ussat uçarmanlar söweş uçarlaryna kämil erk edip, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirdiler. 

Soňra howadaky nyşanany ýok etmek boýunça howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň güýçleri görkezildi. Şunda 4500 metr beýiklikdäki we 12 kilometr uzaklykdaky howa nyşanasyny ýok etmek üçin Peçora-2BM asmana atyjy raketa toplumynyň şahsy düzümi ot açyp, wezipäni ýerine ýetirdi. 

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigini raketa we artilleriýa goşunlary dowam etdi. Söweşjeň tehnikalar uly meýdany eýeleýän nyşanalar boýunça zalp bilen ot açdylar. Tehnikalaryň mergen çeneýjileri ot açylanda bildirilýän talaplary berjaý edip, oklary dogry çenäp gönükdirdiler. 

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly ýaraglar bilen üpjün edildi. “Smerç”, “Uragan”, “Grad” ulgamlary, söweş maşynlary, özi ýöreýän toplar, top-gaubisalar we mina agtaryjylar olaryň ygtyýaryndadyr.

Söweş hereketleri alnyp barlanda, top ýaraglary söweşe ilki başlap, garşydaşa uly zyýan ýetirmek bilen pyýada we tank goşunlarynyň şowly hüjüm etmeklerine amatly şertleri döredýär. Şonuň üçin hem top oklarynyň nyşanany dürs urup, olary hatardan çykarmagy örän möhümdir. Topçular   bu wezipä häzirki okuw türgenleşiginiň dowamynda abraý bilen hötde geldiler. 

Mälim bolşy ýaly, söweş hereketlerinde tanklar esasy urgy güýji bolup, gury ýerde agdyklygy gazanmakda olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan hem garşydaşyň tanklaryna garşy göreşmek üçin MT-12   wzwody ot atyş sepgidini eýeledi hem-de 1000-2500 metr aralykdaky nyşanlara garşy ot açdy. Esgerleriň erjel we ussat hereketleri netijelerinde top oklary nyşana dürs urulýar. Şondan soň, MTLB kysymly zynjyrly çekijiniň üstünde oturdylan pulemýotdan 400 metr aralyga ot açylýar.  

Soňra garşydaşyň pesden uçýan uçarlaryny we howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenen Gury ýer goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumlary ot atyş sepgitlerini eýeläp, bellenen aralykdaky nyşanalara garşy ot açýar. Netijede howa nyşanasy raketanyň kömegi bilen ýok edildi. 

Gury ýer goşunlarynyň iň kuwwatly harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dolandyryş nokadynyň sag we çep taraplaryndan T-72 kysymly kuwwatly tanklar ot atyş sepgidi eýelemek üçin okgunly hereket etdiler. Olar hereketde ot açyp, bellenen aralykdaky nyşanany hatardan çykarýarlar.  

Gury ýer goşunlarynyň BMP kysymly söweş tehnikalary herekete girýär. Bu tehnikalar pyýada goşunyň esasy söweş maşynydyr. Häzirki harby-okuw türgenleşigine gatnaşýan bu söweş tehnikalarynyň şahsy düzümi hem bellenen nyşanalara garşy ot açyp, özleriniň ýokary taýýarlygyny görkezýärler. 

Soňra goranyşyň öňdäki hatarynda ýerleşen granatamýot atyjylar herekete başlaýarlar. Ilki bilen, SPG-9 tanka garşy granatamýotlardan, soňra RPG-7W hem-de AGS-17 granatamýotlar bilen bellenen nyşanalar boýunça ot açylýar we olar ýok edilýär. 

“Watan gerçegi” atly şu günki harby okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Inžener goşunlarynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Olaryň wezipesi MTU-20 tanklar üçin köprüni hem-de PMZ-4 tirkegli mina goýujynyň kömegi bilen minaly meýdançany gurnamakdan ybarat boldy. Öňde goýlan wezipe üstünlikli ýerine ýetirilýär. 

Soňra iň kämil tanklaryň nusgasy hasaplanýan T-90 tanklary dolandyryş nokadynyň çep tarapyndan ýörite gurnalan meýdançada ýokary tizlikde hereket edip, onuň sürüjileri tehnikany dolandyrmakda ussatlygyny görkezýärler. Bu tanklar ýörite gurnalan dürli päsgelçiliklerden ýokary tizlik bilen geçip, islendik çylşyrymly şertlerde hereket etmäge ukyplydyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi hem geçirilýän şu okuw türgenleşigine gatnaşdylar. Olar COBRA, SURVIWOR kysymly bronly söweş tehnikalarynda hem-de IVECO, HILUX kysymly awtoulaglarda söweş tertibine girişmek üçin hereket edýärler. Serhet goşunlarynyň harby tehnikalary bellenen sepgide ýetenlerinden soň, harby awtoulaglarda oturdylan ýaraglardan we beýleki söweş tehnikalaryndan ot açýarlar. 

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşiginiň wezipesine laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we ýörite maksatly desant goşunlary, şeýle hem ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary döwletimiziň jümmüşine oklanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmak we olary ýok etmek boýunça hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. 

Her ýylda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde hereketleriniň okgunlylygy bilen tapawutlanýan ýörite maksatly toparlar şu türgenleşik-söweş hereketleri wagtynda-da sazlaşykly hereket edip, diwersion toparlara aýgytly gaýtawul bermäge ukyplydygyny ýene-de bir gezek subut etdiler. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goşunlaryň ähli görnüşleriniň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini we Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, parahatçylygyny hem-de öz watandaşlarynyň rahatlygyny sak goraýan harby gullukçylaryň hünär başarjaňlygyny görkezip, öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdi. 

Asmanda uçara, deňizde gämä, gury ýerde guryýer goşunlarynyň dürli kysymly kuwwatly harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän Watanymyzyň edermen goragçylarynyň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde, öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukybynyň we goranyş kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. 

Okuw türgenleşiginiň ahyrynda Watan goragçylary geljekde hem mukaddes harby borja we harby kasama, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Watanymyza hem-de bütin türkmen halkyna hemişe wepaly bolup, mukaddes topragymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durup, ony   janaýaman gorajakdyklaryna kasam etdiler. 

     

Türkmenistan Suratlary 38

Türkmenistan Suratlary 38






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1216&pg_img=0&pg_items=6

ÝHHG-niň seminary aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklaryna ýardam bermeklige gönükdirilendir

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk)  «Gender deňligi we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygy» atly seminar geçirildi. Bu birgünlik çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli instituty bilen hyzmatdaşlykda   ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasy çykyş edýärler.
Seminar syýasatyň işlenilip taýýarlanylmagyna jogapkär adamlar we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin gender şertlerini girizilmegi we aýallaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikeriniň giňledilmegi ulgamynda olaryň bilermenlik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy maksady bilen guraldy. 
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralarynyň, ylmy-barlag we bilim edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Zenanlar Birleşiginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynda has işjeň gatnaşygyny wagyz etmekde aýallary we raýat jemgyýetiniň ähmiýetiniň öňe sürülmegi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar.   
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ynsan ölçegleri bölüminiň başlygy Wardon-Deňiz Hojanyň belläp geçişi ýaly, "Türkmenistan aýallaryň hukuklaryna we gender deňligine degişli bolan halkara-hukuk gurallarynyň birnäçesini ratifisirledi we ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Biziň seminarymyz gender deňligi meselesiniň milli kanunçylyga, strategiýalara we okuw maksatnamalaryna goşulmagynyň möhüm ähmiýetini belläp geçýär we biz bu çäräniň ýurduň netijeli strategiýalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmeklige gönükdirilen tagallalaryna ýardam eder diýip umyt edýäris".
Jenap Hoja seminara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi, çünki gender deňligine ýardam bermek raýat jemgyýeti bilen bir hatarda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny talap edýär.
Seminary ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň we Latwiýadan gelen bilermenler geçirdi, olar gender  deňligine we gender alamatlary boýunça hukuklaryň kemsidilmeginiň we ejir çekdirmeleriň öňüniň alynmagyna degişli halkara standartlaryny we ÝHHG-niň borçnamalaryny beýan etdiler. Şeýle-de aýallaryň syýasata gatnaşygyny işjeňleşdirmek boýunça strategiýa ara alnyp maslahatlaşyldy we saýlaw wezipelerinde gender deňligi boýunça alty basgançakly çäreleriň meýilnamasy görkezildi.    
Mundan başga-da seminar aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine, gender-duýgy meseleleriniň görkezilmegine we KHBS-de aýallaryň we erkekleriň syýasy işleri hakyndaky materiallaryň berilmegine hem seredip geçdi.  


Türkmenistanda Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti jenap Maroş Şewçowiç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini, şeýle hem bilelikdäki syýasy-diplomatik işiniň netijeliligini bellediler. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) dürli ugurlardaky, hususan hem syýasatda, energetikada, ulag pudagynda, ykdysadyýetde we gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygynyň giň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Açyklyk şertlerinde geçen gepleşikleriň dowamynda, taraplar sebitleýin we halkara häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns energetika howpsuzlygyna degişli soraglaryna berildi. 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň energogöterijileriň ygtybarly we durnukly geçirilmegini üpjün etmek boýunça täze halkara-hukuk mehanizmini döretmäge gönükdirilen başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.


Ahalteke Atlary – Parahatçylygyň Ilçileri

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda hytaý suratkeşi Žuý Ýundeniň (Rui Yongde) Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we Ahalteke atynyň baýramçylygyna bagyşlanan şahsy sergisi geçirildi. «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly serginiň gurnaýjysy bolup Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy çykyş etdi.

Serginiň açylyşyna Hytaýyň sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we hytaý habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekinde akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, hytaý paýtagtyndaky ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Agzalan ekpozisiýasynda hytaý suratkeşiniň 40-dan gowrak işleri görkezildi. Görkezilen ähli suratlar iň aýdyň reňklerde hem-de öwüşginlerde ahalteke atlarynyň gözelligini we ajaýyplygyny şöhlelendirdi.

Sergide görkezilen işler Hytaýda «Asman bedewlerini gan deri bilen» şekillendirýän ussat hökmünde tanalýan Žuý Ýundeniň 2002 – 2015 ýyllar aralygynda döredijiliginiň ähmiýetli döwrüni öz içine alýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ol ahalteke atlarynyň özüni alyp baryşlaryna syn edip, durmuşyny, gylyklaryny we häsiýetlerini, olaryň hakyky keşbini şekillendirmek üçin öwrendi. Ussadyň suratlarynda asman bedewlerine mahsus  işeňňirlik, şadyýanlyk, garaşsyzlyk, çydamlylyk, düşbülik, ýaşaýşy söýüjilik ýaly häsiýetler şöhlelendirildi.

Serginiň gatnaşyjylarynyň öňünde çykyş edip, Žuý Ýunde Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke atsynaşlygynyň iň gowy adatlarynyň täzeden dikeldilmegine we Hytaý bilen Türkmenistanyň ararsyndaky hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine şahsy we bahasyz goşandy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. 

Serginiň çäginde gatnaşyjylar Türkmenistanyň atçylyk pudagynda gazananlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ahatleke atlarynyň tohumynyň arassalygyny aýawly saklamaga gönükdirilen geçirilýän möhüm işler  bilen tanyşdylar.