31 Mart 2015 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Birleşiginiň Başlygyny kabul Etdi http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2925

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp, mähirli  kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň  mähirli salamyny ýetirdi. Ol doganlyk türkmen halkyna we döwletine mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edipdir. Türkmenistanyň ähli esasy pudaklarynyň ýokary ösüş depgini dünýäniň işewür toparlarynda, şol sanda, türk işewür toparlarynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma döredýär. 

Milli Liderimiz öz gezeginde dostlukly ýurduň baştutanyna   iň gowy azuwlaryny ýollap, döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň müňýyllyklara uzalyp gidýän taryhy gatnaşyklary we ruhy-medeni umumylygy bilen berkidilendir. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy täze mazmuna eýe bolup, diňe iki ýurduň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginde uly orun eýeleýän iri möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapýar. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň arasynda ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigine üns berildi. Umumy pikire görä, iki ýurduň yzygiderli geçirilýän işewürler duşuşyklary, maslahatlary we önüm öndürijileriniň harytlarynyň sergileri şoňa gös-göni ýardam edýär. 

Myhman mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň hem türkmen-türk gatnaşyklaryna täze itergi berendigini aýratyn nygtady.  Onuň çäklerinde türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň ykdysadyýet we tehnololgiýalar uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen ylmy at gowşuryldy.   

Soňra döwlet Baştutanymyza dürli ugurlarda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähmiýetli pudagy bolup durýan obasenagat ulgamynda türk kompaniýalaryna ynanylan taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýola goýlan netijeli hyzmatldaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, myhman hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda giň gerimli özgertmeleri geçirmegi bilen baglylykda, şol hyzmatdaşlygyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. 

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy hormatly Prezidentimize türk işewürlerine bildirýän ynamy we hemmetaraplaýyn goldawy üçin hoşallyk bildirip, türkmen topragynda bolup geçýän özgerişliklere tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşine, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.  


Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2924

Sapar bilen türkmen paýtagtynda bolýan Şweýsariýanyň suw serişdeleri meseleleri boýunça ýörite wekili jenap Wilgelm Maýer we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişer şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy meseleleri, şeýle hem ýurdumyzda amal edilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.    Suw serişdelerini rejeli ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ulgamda milli suw syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň mejlisiniň milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy.    Kanagatlanmak bilen bellenilişi ýaly, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň  Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri forumlarda beýan eden oňyn halkara başlangyçlary netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň özi serhetýaka suw serişdelerini toplumlaýyn we deňagramly ulanmagyň özara kabul ederlikli gurallaryny işläp taýýarlamaga degişlidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu meseleler umumy ykrar edilen kadalaryň we halkara hukugyň ýörelgeleriniň esasynda sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir.    Myhmanlar iki ýurduň dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi görnüşinde mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.    ***    Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we ýurdumyzyň käbir beýleki ministrliklerinde hem-de pudak edalarynda kabul edildi, olarda uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň geljegi barada pikir alşyldy. 


Sport we Jemgiýetçilik Syýasy Çäreleri

1-nji aprelde — Türkmenistanda uly möçberli çäre —“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygy badalga alýar.

Aprel aýynda giňden bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre biziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda bu çärelere raýatlaryň köpçülikleýin gatnaşmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, çünki döwletiň ileri tutulýan durmuş wezipeleriniň biri halkyň saglygy baradaky alada bolup durýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty ösdürmek boýunça ähli işler toplumlaýyn, ulgamlaýyn çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmalydyr. Şoňa görä-de, öňde boljak çäre mazmunly, göreldeli we baý häsiýetli, gyzykly we oňa gatnaşyjylar üçin peýdaly bolmalydyr. Guralýan sport çäresi ýurtda sport-sagaldyş hereketine täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Ähli şäherlerde we obalarda, etraplarda, welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylýan sport çäresi şu gün köpçülikleýin ylgamakdan badalga alýar. Paýtagtymyzda saglyk baýramçylygy häzirki bahar paslynda dag etekleriniň aýratyn gözel ýerlerinde Köpetdag şaýolunyň ugrundaky böleginden başlanar. Uzak aralyga köpçülikleýin ylgamaga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşarlar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary baharyň ir ertirinde hereketiň we şähdaçyklygyň şatlygyny duýmak üçin hemmeleri ylgamaga çykarýar. 

Keselleriň öňüni almakda sportuň mümkinçiliklerini, onuň adam synasyna oňyn täsirini peýdalanmak “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyna hem-de awtory  milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň mowzugy bolup durýar. Ol şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde lukmançylygyň we sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. 

Şu gün agşamara biraýlygyň açylmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda, şeýle hem welaýat merkezlerindäki sport toplumlarynda, stadionlarda we sport mekdeplerinde bolup geçer. Bu çäreleri guramaga Sport baradaky döwlet komiteti, Medeniýet, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, jemgyýetçilik guramalary, şäherleriň we sebitleriň dolandyryş merkezleri gatnaşýarlar. Köpsanly tomaşaçylary özüne çekjek görkezme çykyşlary, ajaýyp sport çäreleri biraýlygyň ilkinji gününde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralarynyň oňat ýatda galmagyna täsir eder. 

2 — 4-nji aprelde biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sport ulgamynyň hünärmenlerini, mediýa bilermenlerini, pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Aziada — 2017-ä hem-de Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmekdäki ornuna bagyşlanyp, bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek halkara maslahaty özünde jemlär. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi forumyň guramaçylary bolup çykyş ederler.

Maslahata V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça Aziýa federasiýalarynyň, milli sport merkezleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Sport mediýa-forumynyň ikinji tapgyrynyň bilermenleri, gatnaşyjylary, daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Onuň dabaraly açylmagy Milli sport  we syýahatçylyk institutynda 2-nji aprelde bellenendir. Şol institutda bolşy ýaly, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem bu forumyň bölümlerdäki   işleri geçiriler. Maslahatyň çäklerinde 3-nji aprelde Sport mediýa-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäherçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Aziada — 2017-niň ýaryşlary geçiriler.

Biraýlygyň çäklerinde geçiriljek dürli çäreler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň üstünlige beslenýändigini gözleri bilen görüp şaýat bolmaga köpsanly daşary ýurtly myhmanlara mümkinçilik berer. Şol syýasata laýyklykda, sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we saglyk öýleri yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Olaryň ählisi halkara ülňülerine laýyk gelip, türkmen topragynyň şäherleriniň we obalarynyň görküni has-da artdyrýar. Biziň mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk iň iri taslamalaryň biri bolan Olimpiýa şäherçesiniň birinji nobatdakysynyň gurluşygy eýýäm tamamlandy we  onuň desgalarynyň ikinji we üçünji nobatdakysy gurlup başlandy.     

Mundan başga-da, ýurdumyzda şahsyýetiň saglygyna we ruhy dünýäsine   zeper ýetirýän ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylýar, sagdyn durmuş ýörelgelerini we işjeň dynç alşy wagyz etmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy. Bu abraýly halkara guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin edarasy bilen bilelikde “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012 — 2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasy” işlenip düzüldi. Ol häzir ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Üçünji müňýyllygyň uly maksatlaryna — Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagynyň üpjün edilmeginiň bähbidine saýlap alan ýoly boýunça öňe ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça çäreleriň netijeliligi görnükli üstünlikleriň gazanylmagynyň hem şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 72 ýaşdan geçdi. 

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda häzirki biraýlygyň maksatnamasyna laýyklykda, 2 — 3-nji aprelde “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumy aşgabatlylary çagyrýar. Bu ýerde sportuň başa-baş we söweş görnüşleri boýunça ussatlaryň görkezme çykyşlary bolup geçer. 

2-nji aprelde Türkmenabat şäherinde kuraş göreşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty badalga alýar. Köpsanly janköýerler kökleri köpasyrlyk taryha siňip gidýän bu milli göreşiň ussatlarynyň netijeli tilsimlerini synlap, nobatdaky gezek lezzet alyp bilerler. 

Sportuň akyl-paýhas görnüşlerine sarpa goýýanlary 1 — 5-nji aprelde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy bir ýere ýygnar. 

Şol günler Maryda woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugurda ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar geçiriler.

3-nji aprelde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” diýen şygar astynda   Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu ýaryşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport desgalarynda guralar.

Şu hepdäniň aýratyn üns çekiji wakalarynyň biri figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary bolar diýlip garaşylýar. Ol şenbe güni   sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynyň buzly meýdançasynda geçiriler. Okgunlylygyň we ymtylyşyň nyşanyna öwrülen sportuň bu owadan we özüne çekiji görnüşi birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtymyzda Buzly köşgüň açylmagy netijesinde ýurdumyzda ösüp başlady. Ýaş hokkeýçiler we figuraçylar ýyl geçdigiçe barha köpelýär, şunda degişli düzümleriň ösdürilmegi bilen sportuň gyşky görnüşleri türkmenistanlylaryň müňlerçesini özüne çekýär.

4 — 5-nji aprelde sport çärelerini Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýetginjekleriniň arasynda sambo boýunça açyk birinjilik ugrundaky ýaryş dowam eder. Başa-baş söweşiň geljekki ussatlary öz aralarynda tutluşarlar. Olar halkara ýaryşlarynda biziň ýurdumyza wekilçilik eder.

Mundan başga-da, 5-nji aprelde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary Saglyk ýoluna çykarlar we Köpetdagyň eteginiň ajaýyp bahar tebigatynda ýaýbaňlandyryljak sport çäresine gatnaşarlar.

Ýolöten etrabynda welosport boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler. Ýaş wolesipedçileriň ýaryş meýdançasy etrabyň ýollary bolar. Ol ýol ajaýyp türkmen tebigatynyň gülläp başlan baglarynyň we meýdanlarynyň ugrundan geçer.

6-njy aprelde Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde BMG-niň edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny we derman senagatyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçiriler.  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi,  Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti maslahatyň guramaçylary bolup çykyş ederler. Onda keselleriň öňüni almagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, ilatyň saglygyny üpjün etmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň we sportuň ornuna garalar.               

7-nji aprelde, tutuş ýurdumyzyň bütindünýä Saglyk gününi bellejek gününde ýene-de bir uly sport çäresi — welosport boýunça köpçülikleýin ýöriş guralar. Welosport Türkmenistanda barha köp meşhurlyga eýe bolýar we şeýle çäreler sagaldyş hereketine uly goşanda, ekologiýa babatda täze düşünjä eýermäge, jemgyýetiň daşky gurşawyň ýagdaýyna jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga çagyryşa öwrülýär. 

Şol günüň baý maksatnamasyny Aşgabatda Olimpiýa suw sport toplumyndaky sportuň suw görnüşleri boýunça açyk ýaryşlar dowam eder. Ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň sanynyň artmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglaryna çenli ähli ýerde köpçülikleýin häsiýetde howdanlaryň enjamlaşdyrylmagy sportuň suw görnüşleriniň binýadynyň giňelmegine hem-de sportuň şu görnüşine eýerýänleriň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Suwda ýüzmek bedeni sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýän sportuň peýdaly görnüşleriniň biridir, onuň dünýäde meşhurlygy degişli ýaryşlaryň sanyny artdyrýar. Şoňa görä-de, bu ulgamyň ösdürilmegi sport äleminde öz üstünliklerini görkezmäge ymtylýan ýurt üçin hakyky zerurlyk bolup durýar. Biziň ýurdumyzda sportuň suw görnüşleriniň meşhurlygynyň artýandygyny ýurdumyzyň gündogar sebitinde 7 — 9-njy aprelde geçiriljek suwda ýüzmek boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi hem görkezer. 

Islendik ýaşdakylar üçin sport wakalarynyň şunuň ýaly köpdürli görnüşleri biraýlygyň ilkinji ýedi gününde bolup geçer. Aýyň aýagyna çenli bolsa dürli çäreleriň ýene-de onlarçasy — sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar, maslahatlar, giň köpçülik üçin niýetlenen medeni-dynç alyş çäreleri, çagalar üçin oýun maksatnamalary meýilleşdirilendir. Olaryň ählisi oňa gatnaşyjylaryň mundan beýläk sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna sebäp bolmagyna gönükdirilendir. Özi-de, Türkmenistan üçin sportuň däp bolan görnüşleri boýunça däl, awtomobil we welosiped sporty, gylyçlaşmak, suwda ýüzmek we figuralaýyn typmak, baýdarkada we kanoýada küreklemek ýaly görnüşleri boýunça hem meşgullanmaklaryna degişli bolar. Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleri sagaldyş we terbiýeçilik ugur bilen birlikde özünde ruhuňy göteriji oňyn häsiýeti jemläp, dynç alşy hem-de wagyz ediş işini hem birleşdirýär.   

Ýurdumyzda däp boýunça aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy hem şu biraýlygyň dabaralarynyň umumy keşbine ajaýyp öwüşgin çaýar. Bedew baýramçylygyna bagyşlanyp. Her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet işgärleriniň arasynda behişdi bedewleriň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini iň oňat beýan etmekde mowzuklaýyn döredijilik bäsleşigi, halkara sergileri we forumlary we elbetde, uly baýramçylyk atçapyşyklary guralar. Olar at sportunyň müňlerçe janköýerlerini hemişe bolşy ýaly özüne çeker.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” çäresiniň ýapylyş dabarasy hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak “Aşgabat” medeni merkezinde 30-njy aprelde geçiriler.  

Şeýlelikde, biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen uly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda häzirki zaman Türkmenistanyň özüni dünýäde diňe bir ykdysadyýeti depginli ösýän kuwwatly döwlet hökmünde däl-de, eýsem, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar etdirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüler.  


Aşgabatlylar we Lebaplylar Ýeňişi Paýlaşdylar

Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy.

Türgenler III ulular derejesinden başlap, sport ussatlarynyň toparyna çenli bäş toparda ýurdumyzyň iň güýçli gimnastikaçysy diýen ady almak ugrunda bäsleşdiler. Erkek kişiler sport gimnastikasynyň 6 ugrunda — eliňi diräp bökmek, parallel bruslarda, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki ugurlarda bäsleşdiler. Bu ýerde birinji ýerleriň ählisini eýelemegi başaran türkmenabatly türgenler has erjellik görkezdiler. 

Şeýlelikde, Marufjan Açylow (sport ussatlar topary), Maksat Maksidow (sport ussatlygyna dalaşgär), Begenç Bäşimow (I ulular derejesi), Ramazan Hasanow (II ulular derejesi) we Süleýman Bazarow (III ulular derejesi) ýeňiji boldular. Galyberse-de, ýer eýeleri beýleki baýrakly orunlaryň ählisini diýen ýaly eýelemegi başardylar. Bu ýerde aşgabatly gimnastikaçylar diňe bir kümüş medal bilen oňmaly boldular — B.Myratjanow (I ulular derejesi).

Türkmenabatly türgenleriň uly ýeňiş gazanmagy tötänden däldir. Birinjiden, bu ýerde döwrebap sport binýady hereket edýär, ikinjiden bolsa, türgenler  halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň çempionatynyň öňüsyrasynda Lebabyň erkekler ýygyndysy Almaty şäherinde (Gazagystan) sport ýygnanyşygynda boldular. 

Zenanlar Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda ýaryşlaryň 4 görnüşinde —  eliňi diräp bökmek, dürli belentlikdäki bruslarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki görnüşlerde bäsleşdiler. Bu ýerde aşgabatlylar birinji orunlaryň 4-sini eýelemegi başaryp, öz sport ussatlyklaryny görkezdiler. Hormat münberiniň  ýokarky basgançagyna Maýsa Kulyýewa (sport ussady), Sadap Berdiýewa (sport ussatlygyna dalaşgär), Aýgül Matjiýewa (II ulular derejesi) we Lisana Sadrttinowa (III ulular derejesi) aldylar. 

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda ýer eýeleri diňe I ulular derejesindäki gimnastikaçylaryň toparynda ýeňiş gazanmagy başardylar. Bu ýerde Zarina Narbaýewa baş baýraga mynasyp boldy. 

1-nji aprelde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreler badalga alýar. Bu çäreler tutuş bir aýlap dowam eder. Giň gerime eýe boljak bu çäreleriň çäklerinde Türkmenabadyň 5-nji sport mekdebinde 18-19-njy aprelde sport gimnastikasy boýunça ýene-de bir milli ýaryş geçiriler. Şol ýaryşda Türkmenistanyň şu çempionatynda baýrakly orunlary eýeläp bilmedik türgenlere ýeňiş gazanmak üçin oňat mümkinçilik dörär. Maý aýynda bolsa bu ýerde Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler. 


Türkmenistan Suratlary 16 http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=978

Türkmenistan Suratlary 16



http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=978

Türkmenistan Suratlary 15 http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=973

Türkmenistan Suratlary 15




http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=973

Whatsappdan Täzelik

Şu Günden Başlap Whatsappda Sesli Jaň Ediş Häsiýeti Işlämene başlady. Şuwagt Android  telefonlar üçin amatly. Eger telefonyňyz Android bolsa whatsabyň soňky wersiýasyny ýüklap gepleşmäne başlap bilýäňiz.  



Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukraina iş sapary

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ukrainanyň wekiliýetleri syýasy geňeşmeleri geçirdiler. Ukrainanyň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministri P.Klimkin baştutanlyk etdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda, şonuň ýaly-da iri halkara guramalarynyň, has takygy BMG-niň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginine ýokary baha berdiler we onuň geljekde hem ösdürilmegini belläp geçdiler. Önjeýli gatnaşyklary giňeltmäge bar bolan ägirt uly mümkinçilikler we gyzyklanmalar hakynda gürrüň edip, taraplar birnäçe ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi jemlediler. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, gurluşyk we oba hojalygy ýaly ugurlar bellenilip geçildi. Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň maýynda Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle hem türkmen-ukrain ylmy-tehniki geňeşini döretmegiň mümkinçiligi hakynda ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Aşgabat-Kiýew-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlarynyň dikeldilmeginiň hem mümkinçiliklerine seredilip geçildi.  

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň Premýer-ministri A.Ýasenýuk bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady özara hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň, gurluşyk, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, şeýle hem medeni-gumanitar ugurda, has takygy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady özara hereketleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mazmunynda ukrain gurluşykçylarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly göwrümli infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylyşyna gatnaşmak meselesine aýratyn üns berildi.    

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko tarapyndan kabul edildi. Taraplar Türkmenistanyň we Ukrainanyň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamdaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gepleşikleriň barşynda Ukrainanyň Prezidentiniň şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistana boljak nobatdaky sapary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ukrain tarapyny 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek "Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk" atly ýokary derejeli Halkara maslahatyna, şeýle hem 2015-nji ýylda geçiriljek "Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly" mynasybetli we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Öz nobatynda Ukrainanyň Prezidenti türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Ukrainanyň çäginde çäreleriň geçirilmegine taýýarlyklara ýardam bermeklige taýýarlygyny mälim etdi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi.   

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň zalynda Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy duşuşyga gatnaşyjylara  Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasat we döwlet tarapyndan dünýäniň köpsanly ýurtlarynda bilim alýan talyplara berilýän goldaw hakynda giňişleýin gürrüň berdi.  

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga, öz Watanymyzyň halk hojalygy üçin ýokary hünär başarnykly hünärmenler bolup ýetişmek üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin ägirt uly minnetdarlyklar bildirildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine, ukrain şahyry we ýazyjysy Taraş Şewçenkonyň ýadygärligine gül desselerini goýdy, şeýle hem "Sofiýa Kiýewskaýa" Milli taryhy-medeni goraghanasyna we Kiýew şäherindäki "Kirill ybadathanasy – XII asyryň arhitektura ýadygärligi"muzeýine baryp gördi. 




Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowa Gutlag Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Karimowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine sýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet baştutanymyz hatynda Yslam Karimowy Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen mähirli gutlady we oňa berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respbulikasynyň Prezidentine bolan çuňňur hormatyny beýan edip, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalanmagy ugrunda bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny belledi.



30 Mart 2015 Pazartesi

Türkmenistan Gündogar-Günbatar Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyny Çaltlandyrýar

Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýelemek bilen, “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de bu ýangyjyň dünýäde energiýa serişdeleri babatda uly isleg bildirýän iri bazarlara ýetirilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen energetika strategiýasyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri arkaly ýurdumyzyň çäginde has uly aralykda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslamany amala aşyrýarlar. Ýangyç geçiriji gaz geçirijileriň ählisini bitewi düzüme baglanyşdyrmaga mümkinçilik berip, diňe bir ýurdumyzyň özünde bildirilýän islegi dolulygyna kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýýäm ulanylýan, şeýle hem täze ugurlar boýunça halkara ýangyç geçirijileriniň “mawy ýangyç” bilen bökdençsiz üpjün edilmegini goşmaça kepillendirer.

Häzirki wagtda ilkinji liniýalaýyn üç bölek berkligini we jebisligini barlamak boýunça  gidrawlik synaglardan geçirmek üçin dolulygyna taýýarlanyldy.   Şol böleklerde Serdar şäherinden Belege çenli 250 kilometrlik aralykda ýangyç geçiriji turbalar kebşirlendi we garymlarda ýerleşdirildi. Umuman alanyňda bolsa, diametri 1420 millimetrlik turbalaryň 600 kilometrden gowragy gurnaldy. 

Uzynlygy 773 kilometre ýetýän we geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr gaza barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçiriji ulgamyny döredýän gurluşykçylar beýleki 6 ýerde-de uly diametrli turbalary  çekip,  kebşirleýiş we gurnama işlerini tamamlap barýarlar.  

Bu gaz geçirijiniň liniýalaýyn böleginiň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tiamamlamak üçin, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň toparlary we “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümi ýene-de 172 kilometr aralyga turbalary çekmeli bolar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleriniň depginleri barada aýdanyňda, potratçy edaralaryň her gije-gündiziň dowamynda ortaça 1 kilometr aralyga gaz geçiriji  turbalary çekip, garymlarda ýerleşdirýändigini bellemek gerek. Işleri amala aşyrmagyň tertibine laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli potratçy edaralar strategiki taýdan bu möhüm ähmiýetli gaz geçiriji ulgamyň liniýalaýyn böleginiň gurluşygyny tamamlar. 

-- Şatlyklan Belege çenli çekilýän täze gaz geçiriji ýurdumyzyň gündogar Türkmenistandaky iri ýataklardan tebigy ýangyjy ýurdumyzyň beýleki gaz geçirijilerine ýetirmek hem-de gazyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak we ygtybarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem döwletiň özünde gaz bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz geçirijini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň güýçleri bilen gurmak baradaky tabşyrygy nebitgaz toplumynyň işgärleriň hünär babatdaky ussatlygyna hem-de maddy-tehniki mümkinçilikleriniýň artmagyna, bu toplumyň giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyna uly ynam bildirmeginiň alamatyna öwrüldi – diýip, buýrujynyň wekili, “Türkmenakdyrym” birleşiginiň başlygynyň orunbasary B.Çaryýew gürrüň berýär. 

Häzirki wagta çenli pudagyň hünärmenleri Malaý-Bagtyýarlyk, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijilerini, Döwletabat-Sarahs-Hangeran aralygynda Eýrana ikinji gaz geçirijini gurmakda eýýäm iş ýüzünde tejribe topladylar. Indi şol tejribe “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň hünärmenleriniň özlerine tabşyrylan gurluşyk boýunça gaz geçirijini çekmek, gazy akdyrmak üçin zerur düzümi döretmek we abadanlaşdyrmak  bilen bagly esasy işleri  bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirmeginiň ygtybarly kepiline öwrüldi. 

Bitewi gaz ulgamy ýangyç geçirijiniň çekilýän sebitlerinde hereket edýän senagat kärhanalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerurdyr. Bu gaz geçiriji täze senagat desgalarynyň onlarçasynyň ulanmaga berilmegine, esasy pudaklaryň we ilkinji nobatda elektroenergetikanyň ösüşiniň üpjün edilmegine, welaýatlaryň “mawy ýangyç” babatdaky islegleriniň kanagatlandyrylmagyna we umuman welaýatlaryň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine täzeden badalga berilmegine mümkinçilik döreder.

Buýrujynyň wekili – “Türkmenakdyrym” birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy G.Eýeberdiýewiň bellemegine görä işleriň häzirki  tapgyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň müdirlikleriniň altysy işleýär. Gurluşygyň depginini çaltlandyrmak üçin, “Balkannebitgazgurluşyk”, “Marynebitgazgurluşyk”, “Daşoguznebitgazgurluşyk”, “Lebapnebitgazgurluşyk”, “Türkmen gündogarnebitgazgurluşyk” müdirlikleriniň gurluşyk-gurnama edaralarynyň, “Türkmennebitgazýöritegurnama” müdirliginiň ýöriteleşdirilen “Ruhabatgurluşyk” kompaniýasynyň keşirleýiş we gurnama işlerini  geçirýän toparlary ýangyç geçirijiniň birbada 9 böleginde– Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz gysyjy desgasynyň we Gumdag şäheriniň ýerleşýän tarapyndan hem-de Maryda “Şatlyk” gaz gysyjäy desgasynyň tarapyndan we Ahalda Aşgabatdan Baharly şäherine çenli biri-birine tarap turbalary  çekdiler hem-de olary kebşirlediler.

Häzirki wagtda gazy geçirijiniň gurnalan böleklerinde gidrosynaglar geçirilýär, liniýalaýyn ýörite armatura oturdylýar, örtmek işleri geçirilýär. Elektrik-himiýa goragyny gurnamak boýunça işlere girişildi. Keseligine gönükdirip burawlamak usuly arkaly ýollaryň aşagyndan we suwly ýerlerden geçilmegini amala aşyrmak üçin meýdançalar we ýörite tehnika taýýarlanylýar, “Döwletabat—Derýalyk”, “Şatlyk-Abadan”, “Bamy-Serdar”, “Orta Aziýa-Merkez” ýaly ulanylýan gaz geçirijiler bilen birigýän ýerler gurnalýar, täze “Şatlyk” gaz gysyjy desganyň gurluşygy üçin meýdança taýýarlanýar. Ýangyç geçirijiniň çekilen ugrunda ýerleri berkitmek üçin gyrymsy ösümlikleri oturtmak göz öňünde tutulýar. 

Taslama institutlarynyň ikisiniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky “Nebitgazylymtaslama” institutynyň hünärmenleriniň gaz geçirijiniň liniýalaýyn bölegi boýunça taslama işlerini bellenilen möhletde tamamlamagy “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli alnyp barylmagyna degerli ýardam berdi. Taslamany işläp taýýarlaýjylar gaz geçirijiniň Mary we Ahal welaýatlarynyň çöllük böleginden hem-de suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanýan  gür ilatly zolaklardan çekiljek ugruny takyk kesgitlediler. Ugurlary görkezýän kartalarda geljekki gaz gysyjy stansiýalara, rewersli kada boýunça işlemäge ukyply arassalaýjy desgalara degişli ýerleri bellenildi. 

-- Häzirki wagtda institutyň inženerçilik gulluklary ugurdaş desgalaryň binagärlik gurluşyk böleginiň, hususan-da, Şatlykda wahta şäherçesiniň, uzynlygy 430 kilometrlik aralykda gaz geçirijini, gatlalary we lagym ulgamlaryny, birigýän ýollary, dispetçerlik nokatlaryny hem-de telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň   taslamasyny düzmäge girişdiler. Ýüzugra dörediljek bitewi dispetçerlik merkezi gaz geçiriji ulgamy umumy toplum hökmünde dolandyrmaga: gazyň akymlaryny artdyrmaga we azaltmaga, içerki we eksport bilen bagly zerurlyklara laýyklykda şol akymlaryň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer  –  diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň direktorynyň orunbasary H. Çaryýew gürrüň berdi. 

Ýeri gelende aýtsak, bu sebitleýin  gaz geçirijiniň taslamasyny düzüjiler relýefiň çylşyrymly bölekleri bilen bagly meseleleri çözüp, şorly we batgalyk ýerler boýunça melioratiw çäreleri, gazly turbalaryň ýerasty suwlardan goralmagyny göz öňünde tutmaly boldular. Inženerler täze gaz geçiriji ulgamyň demir ýollar, Garagum derýasy, Tejen derýasy, Hanhowuz zeý akabasy, suwaryş akabalary we birnäçe ýerlerde çylşyrymly geçelgeleri eňňit görnüşinde burawlamak arkaly Türkmen kölüne birigýän kanalyň birnäçe ýerleri bilen kesişýän ýerleri we gaz geçirijini çekmegiň usullaryny görkezdiler, ozal bar bolan gaz geçirijiler bilen birigýän ýerleri kesgitlediler. Potratçylar şol resminamalara laýyklykda gaz geçirijini abadanlaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. 

-- Häzirki wagtda biziň institutymyzyň hünärmenleri hem-de “WNIIPITRANSGAZ” institutynyň (Ukraina)   işläp taýýrlaýjylary tagallalary birikdirmek arkaly, gaz gysyjy stansiýalaryň 6-syndan  ikisiniň 
-- “Şatlyk” we “Yzgant” gaz gysyjy desgalarynyň taslamalaryny düzýärler, şol desgalar gaz geçiriji ulgamda basyşyň zerur derejede saklanmagyny üpjün eder – diýip, hünärmen düşündirýär.

Ýurdumyz gazy dünýä bazarlaryna ýetirmegiň diwersifikasiýa edilen ulgamyny döretmek arkaly, gazy has köp möçberlerde iberijileriň birine öwrülýär. Munuň özi ilkinji nobatda batly depgin bilen özleşdirilýän “Galkynyş” ýatagynda tebigy gazyň örän uly gorlarynyň  jemlenmegi hem-de şol tebigy baýlyklardan  netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ukyply boljak kuwwatly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi bilen esaslandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň    energetika babatdaky kuwwatyndan  diňe bir milli bähbitler üçin peýdalanmak bilen çäklenmän, ony ýer ýüzündäki halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Türkmen Lideriniň çuňňur oýlanyşykly hem-de energetika serişdeleriniň eksportunyň diwersifikasiýa edilmegine we şol serişdeleri dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ençeme ugurlaryna degişli taslamalaryň amala  aşyrylmagyny ugur edinýän ýangyç-energetika strategiýasy hut şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. 


Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, welaýatyň etraplarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişine girişilendigi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem häkim ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen baglanyşykly, işlenip taýýarlanylan maksatnama, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy hakynda aýtdy. 

Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler bilen gyzyklandy. Gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň barşy,  pagtaçy kärendeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi. 
 
Milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmeklige örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.  Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynla ak ekinlere edilýän idegiň derejesiniň pesligine ünsi çekip, bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda zerur çäreler görmegi häkimden talap etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny häzirden taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olarda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmagy ugrunda ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, ak ekine ideg etmek we dürli gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz  ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatda oba hojalyk ekinlerini ekýän kärendeçiler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini, mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, şanly baýramçylyklary mynasyp garşylamak babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur tagallalary görmegi  tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda ideg işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň etraplarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berildi.  

Şeýle hem häkim aprel aýynda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy, aýratyn-da, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän çäreler barada aýtdy.  

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary derejede  bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, oba senagat toplumynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu işler bilen bir hatarda galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini belledi. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn  çemeleşilmelidigini bellemek bilen, "Suw damjasy—altyn dänesi" baýramçylygyny, Bütindünýä saglyk gününi guramaçylykly geçirmek, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin dabaralary guramak bilen baganyşykly çäreleriň degişli derejede geçirilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol  hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigini, häzirki  döwürde ekişiň kada laýyk derejede alnyp barylýandygyny habar berdi. 

Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmagy ugrunda degişli maksatnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Şeýle hem ol welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy.  

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe  tabşyryklary berdi.  Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalaryny, aýratyn-da galla oragynda işlediljek ähli gurallary häzirden taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belledi. Şeýle hem millli Liderimiz aprel aýynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde   welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda  ýaýbaňlandyrylan işler, milli Liderimiz tabşyrygy boýunça gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler hakynda aýtdy.  

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ähli etraplarynda, edara- kärhanalarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri  mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişinde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.   

Milli Liderimiz galla oragy möwüminde işlediljek tehnikalary taýýarlamak işlerine häzirden girişmegiň zerurdygyny belledi.  Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamak, welaýatyň  ilatynyň guralýan çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 
 
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda  paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek, arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Häkim hasabatyň çäklerinde şanly seneler mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar, hususan-da, sport ulgamyna degişli tennis kortunyň, sport toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk barada aýdyldy. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň etraplarynda geljekde meýilleşdirilýän işleriň taslamalary barada hasabat berdi.  

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň  döwrebap keşbini kemala getirmäge we onuň ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen,  şäher içindäki ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda degişli düzümler bilen salaşykly işleri ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda sport ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip bellemek bilen, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärelere, bu senä gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlyk derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
 
Milli Liderimiz görkezilen çyzgylar we taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýdyp, durmuş maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerini  kesgitlemek bilen baglanyşykly işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şäher ilatynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, adamlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekilmegini üpjün etmek babatda ähli tagallalaryň görülmelidigini belläp, hormatly Prezidetimiz bu  babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda geçiriljek şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olaryň medeni maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere degişli düzümleriň işjeň gatnaşmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda garalan mesaleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bolsa döwrüň wajyp talabydygyny belläp, şu  meselelerden gelip çykýan wezipeleriň çözülmeginde degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi. 


Hidistanda Sil Apaty

Hindistanyň Kaşmir sebitinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli sil geldi. Sebitde ýeriň süýşmegi sebäpli 10 adam ýogaldy. Žhelum derýasynyň daşmagy sebäpli ýüzlerçe adamyň öýüni suw aldy. Resmiler ýagyşlaryň bu hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.


Eýranyň Ýadro Gepleşikleri

Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda alynyp barylýan ýadro gepleşiklerine gatnaşan Hammynd “Bu ylalaşyk hemmeler üçin bähbitli bolar. Bu, Eýranyň atom bombasynyň öndürilmeginiň öňüni aljak ylalaşyk bolmaly we bu meselede egilşik edilmez” diýdi. 
ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini Lozannada beren behanatynda gepleşikler barasynda “Ylalaşyga şeýle golaý barmadyk. Emma entegem çözülmeli möküm meseleler bar” diýipdi. 
Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Steinmeir bolsa Eýran bilen ýadro gepleşiklerini Şweýsariýanyň Alp daglarynyň depesine dyrmaşmaga meňzedip “10-12 ýyllyk gepleşiklerde oýunyň soňuna golaýladyk” diýipdi. 
Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary ABŞ, Russiýa, Britaniýa, Fransiýa we Hytaý bilen Germaniýadan ybarat bolan 5+1 ýurtlarynyň arasynda dowam etdirilýän ýadro gepleşiklerinde 31-nji marta çenli ylalaşyk gazanylmagy maksat edinilýär. Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmänligi sebäpli gepleşikler 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli uzaldylypdy. 






Yslam Karimow Täzeden Prezident Saýlandy

Düýn Özbekistanda Prezidentlik Saýlawy Boldy. Özbegistanyň Merkezi Saýlaw Komessiýasynyň Başlygy Mirza Ulugbek Abduselamowyň aýtmagyna göre saýlawa 18 million 942 müň kişiniň gatnaşandygyny, sesleriň 90,39 %  ni Yslam Karimowyň alandygyny we Özbekistanyň täzeden Prezident saýlanandygyny aýtdy    


Gazagystanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-Ýyllygy Mynasybetli Dabara Geçirildi http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2913

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2015-nji ýylyň 22-nji martynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň Konsullygy tarapyndan türkmen ak öýleri gurnalyp, Nowruz baýramy geçirildi.

Welaýat häkiminiň birinji orunbasary S.Aldaşew, Aktau şäheriniň häkimi Ý.Žanburşin, Ş.Ýesenow adyndaky Uniwersitetiniň rektory A.Botebekow, bu ýerde ýerleşýän Konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, şäheriň ýaşuly-weteranlary Konsullyk tarapyndan gurnalan ak öýe girip gutlag sözlerini aýtdylar we olara milli türkmen tagamlary hödür edildi. 

Şeýle-de Mangistau welaýatyna Türkmenistandan göçüp gelen ildeşlerimiz, türkmen diasporasynyň agzalary, bu ýerde okaýan talyplarymyz Nowruz baýramy we Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli geçirilen çärede türkmen-gazak dostlugyny wasp edýän aýdymdyr sazlar bilen dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar.