4 Aralık 2015 Cuma

Watanymyzyň Bitaraplyk Baýramçylygynyň Hormatyna

Şanly senäniň—Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde dürli ähmiýetli desgalaryň binagärlik açylyşlarynyň gerimi artýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaýbaňlanldyrylan gurluşyklaryň deňsiz-taýsyz gerimi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmegiň uly maksatnamalary bilen şertlendirilendir. Bu dabaralara gatnaşyjylaryň—pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, köpsanly ýerli ýaşaýjylaryň nygtaýşy ýaly, milli senenamamyzyň şöhratly seneleriniň hormatyna bir wagtyň özünde ençeme desgalary ulanmaga bermegiň asylly däbe öwrülmegi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyna, döwletimizde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeliligine ynamly şaýatlyk edýär. 

Täze desgalaryň töweregi abadanlaşdyrylan baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançalarynda döredijilik toparlar—estrada ýerine ýetirijiler, sazandalar, tans toparlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmelerini joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen şöhratlandyrdylar. Dabaralaryň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 



Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” bolmagyna gönükdirilip, Aşgabatda gurulýan täze Halkara howa menziliniň toplumyna girýän uçuş-gonuş zolagy hem-de howa hereketlerini dolandyryş desgasy we beýleki desgalar ulanmaga tabşyryldy. 

Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmegi türkmen döwletiniň Baştutanynyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýewraziýa boýunça geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, ýurdumyz ägirt uly üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýedir. Şol mümkinçiligi Türkmenistan has doly durmuşa geçirmäge çalyşýar. 

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze howa menzilleri gurulýar we bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, awiasiýanyň düzüminiň iň döwrebap howa ulaglary we beýleki tehnikalar bilen üstüniň ýetirilmegine, täze içki hem-de ykdysady taýdan bähbitli ugurlar boýunça halkara howa gatnawlarynyň açylmagyna uly üns berilýär. 

Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan iri taslama gurluşygyna 2013-nji ýylda badalga berlen Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzilidir. 

Häzirki zaman howa menziliniň geçirijilik ukyby sagatda 1600 ýolagça barabar bolar. Toplumyň gurluşygynyň hereket edýän howa menziliniň çäklerinde alnyp barylýandygy nazarda tutulyp, göz öňünde tutulan desgalar tapgyrlaýyn ulanmaga tabşyrylýar. Mysal üçin, geçen ýyl umumy meýdany 1200 gektara barabar bolan täze toplumyň çäklerinde 2-nji ýolagçy terminaly hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň dolandyryş binasy, şu ýylyň iýunynda howa ulaglary üçin işgärleri taýýarlaýan mekdep açylyp, ulanmaga berildi. 

Ine, bu gün bolsa bu ýerde möhüm desgalaryň birnäçesi ulanmaga tabşyryldy. Olaryň hatarynda howa nawigasion, radiotehnika, yşyklandyryş- signalizasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan magistrally hem-de birleşdiriji öwrüm ýollary bolan emeli uçuş-gonuş zolagy bar. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň hemme talaplaryna laýyk gelip, 3 müň 800 metr uzynlygy we 75 metr ini bolan bu uçuş-gonuş zolagy islendik howa şertlerinde howa ulaglarynyň ähli görnüşlerini kabul etmäge ukyplydyr. 

Iň döwrebap howanawigasion enjamyny goşmak bilen iň çylşyrymly elektron-tehniki “özeni” bolan beýikligi 65 metrlik howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi howa hereketlerini dolandyryş, gözegçilik ediş we synlaýyş ulgamynyň hem-de şonuň bilen birlikde howa menziliniň ajaýyp esasy binagärlik keşbini alamatlandyran “beýni merkezine” öwrüldi. Umumy meýdany 7 müň inedördül metr bolan binanyň 6 gatynda dolandyryş, tehniki we beýleki gulluklar ýerleşdirildi. Bu ýerde “Thales” bütin dünýä meşhur fransuz kompaniýasynyň enjamlary gurnaldy, işgärleriň işlemegi üçin has oňaýly şertler döredildi. 

Mundan başga-da, ýangyna garşy-halas ediş hem-de gorag gullugy üçin niýetlenen dört gatly diňi bolan iki gatly bina ulanmaga tabşyryldy. Olaryň ygtyýarynda “Zeigler” /Germaniýa/ kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýöriteleşdirilen ýangyn söndüriji ulaglaryň 5-si bar. 

Häzirki wagtda taslamanyň çäklerinde geçirijilik ukyby ýylda 200 000 tonna ýüke barabar bolan ýük terminalynyň hem-de howa gämilerini azyk önümleri bilen üpjün ediji gulluk üçin niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Esasy ýolagçy we VIP terminaly, bir wagtyň özünde tehniki taýdan hyzmat etmäge hem-de howa gämileriniň 5-sini abatlamaga niýetlenen angary bolan tehniki merkez, lukmançylyk merkezi, uçarmanlar we uçaryň üstündäki beýleki işgärler üçin merkez, beýleki desgalar güýçli depginler bilen bina edilýär. 



Dabara gatnaşyjylar täze desgalar bilen tanşyp, täze uçuş-gonuş zolagyna “Boing” howa gämisiniň uçup gonşunyň şaýady boldular. 

Milli däbe görä, ýaşuly nesliň wekilleri howa menziline gelip gowşan täze ýerüsti tehnikalara ak pata berdiler. Ýöriteleşdirilen bu tehnika howa gämilerine hyzmat etmek üçin niýetlenendir. 

Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň Türkmenistanyň özboluşly ýüzi boljakdygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna laýyklykda, bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň awiasiýasyny has-da depginli ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar aragatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam eder. 

*** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik binalary—Konstitusiýa binasyny hem-de “Älem” medeni dynç alyş merkezini bir bitewi binagärlik toplumynda birleşdiren täze “Arçabil” seýilgäh toplumy eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň baş şäherine ajaýyp sowgat boldy. 

Meýdany 784 müň inedördül metre barabar bolan ýeri eýeleýän seýilgäh Aşgabadyň günortasynda emele gelýän dolandyryş-işewür we medeni merkeziň düzümine sazlaşykly goşulyp, paýtagtymyzy ösdürmegiň giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boldy. Ol türkmenistanlylaryň durmuşynyň hil taýdan täze, ýokary ülňülerini, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden paýtagtymyzy ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin konsepsiýasy sazlaşykly we oýlanyşykly meýilleşdirilen şäheriň ajaýyp binagärlik keşbiniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Ol edara binalaryny, bilim we saglygy goraýyş toplumlaryny, medeni, sport merkezlerini we işewür durmuşy, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, şeýle hem açyk howada wagtyňy göwnejaý geçirmek üçin gurlan gök zolaklary, seýilgähleri sazlaşykly utgaşdyrýar. Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzaldyp gidýän paýtagtymzyň merkezindäki seýilgähiň durkunyň täzelenmegi, şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda dabaraly ýagdaýda açylan “Arkadag” medeni we dyçn alyş seýilgäh toplumynyň gurulmagy bu ugurda eýýäm amala aşyrylan taslamalaryň aýdyň mysallary bolup durýar. 

“Arçabil” seýilgähiniň taslamasy hem Aşgabat şäher häkimliginiň býurmasy boýunça “Aşgabat abatlaýyş gurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ussat” aýrybaşga kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Döwrebap inženerçilik-tehniki çözgütlere we innowasion tehnologiýalara laýyklyklda gurlan seýilgäh şäher bagçylyk-tebigat sungatynyň we bezeginiň hakyky nusgasy bolup durýar. Uzynlygy 1600 metr we ini 490 metr bolan bu ägirt uly bagda gyrymsy agaçlaryň, we gülleriň köpsanly görnüşleri oturdylyp, olaryň ugrunda gezelenç ýodalary, oýun oýnamak üçin ýörite açyk meýdançalar hem-de oňaýly ak telärler guruldy. 

Bu ýerde pürli agaçlaryň 28 müňe golaýy hem-de saýaly baglaryň 14 müňüsi, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň, şol sanda Italiýadan we Türkiýeden ýörite getirilen gülleriň 925 müňden gowragy oturdylypdyr. 

Çeperçilik pikiriniň özboluşlylygyny, dizaýneriň we taslamaçylaryň ussatlygyny diňe guş açar belentlikden görmek bolýar. Oýlanyşykly meýilleşdirilen seýilgäh baglarynyň, olaryň arasyndaky ýollaryň we meýdançalaryň görnüşi behişdi guşuň, balyklaryň we balyk gulaklarynyň keşbini açyp görkezýär. Olaryň suratlary sazlaşykly gezekleşýär. 

*** Ajaýyp döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýän paýtagtymyzyň Köşi obasynda şu gün durmuş ähmiýetli desgalaryň ikisiniň—ýaşaýyş jaýynyň we çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. 

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýy täze jaý eýeleriniň maşgalalaryny baýramçylyk görnüşinde garşylady. 1-4 otagly öýleriň her birinde ýaşaýjylar üçin zerur bolan amatlyklaryň doly sanawy üpjün edildi. Jaý merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamy, döwrebap durmuş tehnikalary, mebeller bilen üpjün edildi. Jaýyň howlusynda çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdança ýerleşdirildi. Täze jaýyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga bürelip, olarda agaç nahallary oturdyldy, gül aýmançalary ýerleşdirildi. 

Ýaşaýyş jaýyň açylyşynyň barşynda täze ýokary amatlykly öýleriň bagtly eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy. Şäheriň bu böleginde yzygiderli gurulýan 4 gatly jaýlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Olar täze gurulýan binalarda ýaşamak üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini aýdýarlar. 160 orunlyk çagalar bagynyň döwrebap binasynyň açylmagy bolsa Köşi obasynyň körpe ýaşaýjylary üçin baýramçylyk wakasyna we ajaýyp sowgada öwrüldi. 

Şäher gurluşygynyň milli däplerini hem-de inženerçilik pikiriniň häzirki zaman gazananlaryny özünde birleşdiren özboluşly binagärlik keşbi ajaýyp täze desgany tapawutlandyrýar. Täze çagalar bagynda körpeleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini üpjün edýän şertler döredildi. Okuw okamak we çagalar döredijiligi üçin giň we ýagty otaglar göz öňünde tutuldy. Rahat ýatylýan otaglar bolsa döwrebap mebeller we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Mekdebe çenli edarada lingafon we kompýuter otaglary, aýdym-saz zaly hem göz öňünde tutulypdyr. 

Bu ýerde döwrebap talaplara laýyklykda intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bir hatarda çagalaryň beden taýdan taplanmagyna aýratyn üns berler. Munuň üçin çagalar bagy ajaýyp sport zalyna, howza, açyk oýun meýdançalaryna hem-de arassa howada dynç almak üçin tomusky telärlere eýe bolup durýar. 

Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde hem çagalar wagtyny şadyýan we gyzykly geçirip bilerler. Bu ýerde olaryň ygtyýarlygynda şadyýan hiňňillikler, pawilonlar we beýlekiler bar. 

Täze çagalar bagynyň üstünlikli işlemegini energiýa, suw we ýylylyk üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary üpjün eder. Täze desgada lukmançylyk otagy, şeýle hem döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan aşhana we kir ýuwulýan bölüm ýerleşdirilipdir. 

Mekdebe çenli edara soňky ýyllarda Köşi ýaşaýyş toplumynda gurlan durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirdi. Ol sany yzygiderli artýan döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen goňşulykda amatly ýerleşipdir. 

*** Şu gün S.Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamamedow daýhan birleşiginde tüwi öndürýän döwrebap şaly arassalaýjy kärhana ulanmaga berildi. Ol ýurdumyzyň sarp edijilerine ýokary hilli önümiň ýylda 30 müň tonnasyny ibermäge ukyplydyr. Şeýle kuwwatlyk demirgazyk welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän şalynyň agramly bölegini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Welaýatda ýöriteleşdirilen bu iri kärhananyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, oba hojalyk düzümini tapgyplaýyn ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. 

Täze kärhananyň eýeleýän umumy meýdany 5 gektardan hem gowrakdyr. Ol ösdürilip ýetişdirilen hasyly saklamak, arassalamak we tüwi öndürmek, şeýle hem welaýatyň şaly ýetişdirýän hojalyklary üçin ýokary hilli tohum öndürýän tutuş bir toplum bolup durýar. Mysal üçin, bu ýerde gurlan tohumlyk tüwini arassalaýan bölümiň kuwwaty bir sagatda 10-12 tonna barabardyr. Toplumyň tutuş önümçiligi döwrebap tehnologik işlere esaslanýar, bu bolsa sarp ediş bazarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümi öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhananyň önümçilik bölüminde belli “Satake” ýapon firmasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdyldy. 

Şeýle hem kärhananyň düzümine bir wagtyň özünde her biri tüwiniň 5 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen elewatorlaryň 6-sy, gaplanan taýýar önümleri saklamak üçin sygymlylygy 2 müň tonna bolan ammar, meýdanlardan getirilýän hasylyň çekiljek kabul ediş bölümi, önümiň hilini barlamak üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana girýär. Toplum özbaşdak ýylylyk, energiýa, we suw üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi, bu ýerde hasylyň kabul edilmegi hem-de taýýar önümiň awtomobil we demirýol ulaglary bilen iberilmegi göz öňünde tutuldy. Iki gatly dolandyryş binada we önümçilik jaýynda zähmetkeşler üçin şertler göz öňünde tutuldy, şol sanda naharhana, suwa düşülýän otag, durmuş hyzmaty otaglary guruldy. Kärhananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi. 

*** Şeýle hem şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň körpejeleri ajaýyp sowgada eýe boldular. Bu ýerde 300 orunlyk täze çagalar sagaldyş merkezi ulanylmaga berildi. 

Umumy meýdany 50 müň inedördül metr bolan täze bina häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynda iň öňdebaryjy gazanylanlary nazarda tutup hem-de milli binagärligiň iň gowy däplerini peýdalanmak arkaly bina edilen özboluşly şäherçedir. 

Onuň düzümine hersi ýüz çaga niýetlenen üç sany iki gatly, doly amatlyklary bolan ýatalga jaýlary, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan naharhananyň, oýun oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen dynç alyş merkeziniň, üsti ýapyk howzuň we kinozally hem-de ýöriteleşdirilen sahnaly 150 orunlyk amfiteatryň ýapyk binalary, açyk howuz, futbol, woleýbol, basketbol, tennis hem-de çagalaryň oýun meýdançalary girýär. 

Dolandyryş binasynyň birinji gatynda 15 orunlyk stasionar, bejeriş we diş lukmanynyň otaglary, şeýle hem fizioterapiýa otagy bolan lukmançylyk bölümi ýerleşýär. Bu ýerde geýim ýuwulýan, ütüklenilýän hem-de guradylýan otaglary bolan hojalyk bölümi we 16 orunlyk myhmanhana ýerleşdirilipdir. Jaýyň ikinji gatynda iş otaglaryndan başga-da muzeý, kitaphana, tans zaly bar. 

Täze binanyň aýry-aýry otaglary, kompýuter synp otaglary, dürli gurnaklaryň işlemegi hem-de stol üstünde oýnalýan oýunlar boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenilipdir. Merkeziň tutuş meýdany bagy-bossanly abadanlaşdyrylypdyr we yşyklandyrylypdyr. Bu ýerde owadan bezegli dalbarlar we dynç almak üçin oturgyçlar goýlupdyr. Bu täze desga tok, suw we ýylylyk üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Çagalar merkezi özbaşyna awtoulag, şol sanda awtobuslar we sagaldyş merkeziniň naharhanasyna berkidilen sowadyjy awtomaşyn bilen üpjün edilipdir. 

* * *

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ýokary döwrebap ülňülerine laýyklykda gurlan çagalar şäherjigi körpeler we okuwçylar üçin ýatdan çykmajak açyşlar hem-de gyzykly oýunlaryň, jadyly ertekiler we beýleki güýmenjeler dünýäsi boýunça özüne çekiji çekiji syýahatlaryň mekanyna öwrüler. Täze desganyň çäginde oýun awtomatlary, magnitli maşynjyklar üçin pawilonlar, uly açyk çagalar oýun meýdançasy, şadyýan attraksionlar we hiňňillikleriň onlarçasy ýerleşdirildi. 

Çagalar şäherjiginiň çäginde ýerleşdirilen 50 orunlyk tomusky kafe bu ýere gelýänleri çagyrýar. Bu ýerde miweli suwlaryň giň görnüşleri, süýji-köke önümlerini, oýnawaçlary, sowgatlyklary we beýleki harytlary satýan söwda pawilony açyldy. Medeni-dynç alyş merkeziniň çäklerinde dynç almak üçin özboluşly telärler, dürli öwüşginli—sazly çüwdürimler hem öz mynasyp ornuny tapdy. 

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň, şol sanda jemgyýetçilik-medeni maksatly desgalaryň gurulmagy netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli künjeklerinde türkmenistanlylaryň wagtyny gyzykly geçirmegi, göwnejaý we peýdaly dynç almagy üçin örän amatly şertler döredilýär. Döredilýän şeýle şertleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrapynda ýakynda ulanmaga tabşyrylan 300 orunlyk çagalar dynç alyş merkezi, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gyzylgaýa obasynda açylan 1500 orunlyk stadiony bolan sport toplumy bar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder