4 Aralık 2015 Cuma

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Dabaraly Maslahaty

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga - biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Umumymilli maslahatyň çäklerinde şanly sene mynasybetli watandaşlarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Ajaýyp Ruhyýet köşgünde aýratyn dabaralylyk we ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar, bu ýere  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekiller ýygnandylar. Olaryň arasynda hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümet agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we medeniýet  işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Şeýle hem foruma ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we diplomatik wekilhanalaryň, abraýly halkara guramalarynyň  ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

Bu ýere ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylýarlar. 

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüniň sahnasyna çykýar hem-de foruma gatnaşyjylary we myhmanlary mähirli mübärekleýär. 

Biz şu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän günlerinde Ýaşulularyň dabaraly maslahatyny geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Biziň gadymdan gelýän däp - dessurlarymyza laýyklykda, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, möhüm meseleleri ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak, olaryň beren maslahatlary esasynda zerur çözgütleri kabul etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Şu gün geçirilýän Ýaşulularyň maslahatynyň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýaşulularyň maslahatyna Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, beýleki döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, il içinde uly abraýa eýe bolan hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, şeýle hem ýaşlar çagyryldy. Maslahatda geçen 20 ýylyň içinde Berkarar döwletimiziň halkara giňişliginde gazanan üstünlikleri, öňe süren başlangyçlary,  parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary barada pikir alyşsak, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahatyny açyk diýip yglan edýär. 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 

Biz şu günler Berkarar döwletimiziň taryhynda örän möhüm senäni – ata  Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçýäris diýip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz olary, ýurdumyzyň ähli halkyny Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, maslahata gatnaşyjylara we mähriban halkymyza berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, merdana ata - babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlap    gelen berkarar Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin maksatnamalaýyn söz sözledi. 

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu gün geçirilýän Ýaşulularyň dabaraly maslahatynyň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda uly we möhüm waka – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Birleşen Milletler Guramasy taryhda ilkinji gezek şol döwürde düzümine girýän 185 döwletiň ses bermegi bilen, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. 

Şu ýyl – ýubileý ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Rezolýusiýada Birleşen Milletler Guramasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga  ýardam berjekdigine ynam bildirýändigi, Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy»  bellenýär.  

Bu özboluşly resminamadyr. Kabul edilen Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda bu ugurda häzire çenli ýeke-täk resminamadyr diýip, milli Liderimiz belledi. Eger ozal haýsy-da bolsa bir döwlet şeýle hukuk ýagdaýyna birnäçe döwletiň ylalaşmagy esasynda eýe bolan bolsa, onda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara bileleşiginiň doly goldaw bermeginde döwletimiziň bu ýoly özbaşdak saýlap almagynyň we meýletin erk-isleginiň netijesi boldy. 

Şeýlelikde, biziň döwletimiz halkara derejesinde ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Geçen 20 ýyl biziň saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu ýoluň Türkmenistanyň halkynyň hakyky bähbitlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletli wezipelere we maksatnamalara, deňhukukly hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut edendigini tassyklady.  

Ýurdumyz geçen 20 ýylyň dowamynda dünýä bileleşiginiň hormat-sarpasyny gazandy. Garaşsyz Watanymyz öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly, jogapkär hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe boldy diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna  aýdyň düşünmäge esaslanan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň geriminiň has giňelendigini, bu gatnaşyklara täze ýurtlaryň we sebitleriň barha köp goşulýandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan 138 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we saklaýar. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary ýurtlarda 37 sany diplomatik we konsullyk wekilhanalary işleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň öz hemişelik wekilhanalary bar. 

Biziň ýurdumyz halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulmazlyk Hereketi we beýleki guramalar bar. Türkmenistan dürli ugurlarda 131 sany halkara konwensiýasyna gatnaşýar. 

Türkmenistanda 30 sany daşary ýurduň Ilçihanasy we konsullygy, 13 sany halkara guramasynyň wekilhanasy hemişelik esasda işleýär. 

Ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde täsirli çäreleri ulanýan  döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasaty halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Bu bolsa, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna alty gezek saýlanmaga mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Başlyklygyna saýlanandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň başlyngyjy boýunça we Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldaw bermeginde 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek barada çözgüt kabul edendigini nygtady. Bu Sebit merkeziniň ştab-kwartirasyny ýerleşdirmek üçin Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheri saýlanyp alyndy. Bu bolsa, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy goldamak boýunça uly mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň tassyklanmasy boldy. 

Bu üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň döretmäge esaslanýan netijeli syýasatynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini subut edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygydyr, oňa mahsus bolan özboluşly ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, bu düşünjeler geçen 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň many-mazmunyny, görnüşini we ugurlaryny kesgitledi. Biziň alyp barýan halkara derejesindäki işlerimiziň parahatçylyga esaslanýandygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Biz dünýä bileleşigi bilen umumyadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine esaslanan gatnaşyklary alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň bolsa, Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludygyny belledi. 

Türkmenistan Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we birek-birege hormat   goýmaga esaslanan syýasaty alyp barýar. Şonuň netijesinde, biz goňşy ýurtlar– Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri – Gyrgyzystan we Täjigistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek esasynda gatnaşyklary ýola goýduk. 

Türkmenistan bu döwletlere we şol ýurtlarda ýaşaýan halklara doganlyk  ýurtlar we halklar hökmünde garaýar. Goňşy ýurtlar bilen biziň ýurdumyzy çäkler, taryh, medeniýet we däp-dessurlar baglanyşdyrýar. Biz sebitde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkideris. Goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli ýardam bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletimiziň Owganystana aýratyn üns berýändigini belledi. Türkmenistan bu ýurtdaky ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda parahatçylykly we syýasy ýollar bilen düzgünleşdirmegiň  tarapdary bolup durýar. Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge iş ýüzünde ýardam  bermekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegi goldap çykyş edýär. 

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Hazar deňzinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň sebitde durnukly ýagdaýy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bar diýip hasap edýändigini nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Hazaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek bilen bagly ähli meseleleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň hem bähbitleri nazara alnyp, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly esasda çözülmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistany Türkiýe, Päkistan we Hindistan bilen hakyky dostluk gatnaşyklarynyň, umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Bu ýurtlar bilen biziň gatnaşyklarymyz häzirki döwürde birek-birege hormat goýmagyň we ynanyşmagyň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygy bize Zakawkaziýe döwletleri bilen gatnaşyklary netijeli ösdürmäge mümkinçilik berýär, däp bolan hyzmatdaşlarymyz – Ukraina, Belarus, Moldowa bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge şert döredýär diýip belledi. 

Dünýäniň iri ýurtlary bilen köpugurly, özara bähbitli dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar.

Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklar we strategik hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ýurt bilen asyrlardan gözbaş alýan taryhy we ynsanperwer gatnaşyklary bar. Biz Russiýa Federasiýasy bilen dürli   ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribe topladyk. Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň strategik häsiýeti üýtgewsiz bolmagynda galýar. Bu döwletiň sebitleriniň birnäçesi bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Türkmenistan beýleki bir strategik hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklarda hem uly tejribe toplady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy dostluk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny belledi.  Aziýada örän iri taslama bolan «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisiniň taslamasynyň bilelikde amala aşyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.   Türkmenistan bu mümkinçilikleri soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar esasynda netijeli ulanýar. 

Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Birleşigine agza   döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýdy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu gatnaşyklar bütin sebitde we dünäýde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek, täze wehimlere we howplara, şol sanda halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly, häzirki döwrüň möhüm meselelerine garaýyşlaryň umumydygyna esaslanýar. Bu ýurtlar bilen söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin özara gyzyklanmalar bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermek bilen bagly meseleler babatda taraplar gyzyklanma bildirip, gepleşikleri alyp barýarlar. Türkmenistan öz alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça Günbatar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesini öwrenýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,  Türkmenistan öz alyp barýan daşary syýasat ugrunda arap döwletleriniň  hyzmatdaşlyk etmäge barha köp gyzyklanma bildirýändiklerini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen, Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşygyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistan gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, olara anyk häsiýet bermek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki döwürde bütindünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde, maliýe ulgamynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň täsiriniň barha artýandygyny belledi. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri aýdyň duýulýar. Şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalary düzülende  bu mümkinçilikler doly göz öňünde tutular.

Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklary has-da ösdürmegiň maksadalaýykdygy aýdyň duýulýar. Latyn Amerikasy häzirki döwürde Ýer ýüzüniň çalt depginler bilen ösýän sebitleriniň biridir diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem Afrika kontinentiniň döwletleri bilen has anyk ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligi öwrenilýär. Bu kontinentiň döwletleriniň köpüsi soňky döwürde Türkmenistan bilen syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki şertlerde islendik döwletiň üstünlikli ösmeginiň umumy dünýä ykdysady, söwda, maýa goýum, tehnologiýa ulgamlaryna doly goşulmazdan mümkin däldigini nygtady. Bu ugurda hem Bitaraplygymyz Türkmenistanyň ählumumy ösüşe netijeli gatnaşmagy üçin ajaýyp syýasy we hukuk esasy bolup durýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzda senagat önümçiliginiň ösmegine, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönüden-göni we oňyn täsir edýär. 

Häzirki döwürde onlarça ýurtlaryň örän iri kompaniýalary Türkmenistanda uzakmöhletleýin esasda iş alyp barýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Olar ýangyç-energetika pudagynda, senagat, ulag, gurluşyk pudaklarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda, syýahatçylyk pudagynda we beýleki ugurlarda netijeli işleýärler. Bu ýerde gürrüň iri möçberli taslamalar barada barýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün eder. Ýurdumyzy senagat we tehnologiýa taýdan ösen, häzirki zaman döwletleriniň hataryna çalt çykarmaga mümkinçilik berer. 

Garaşsyz Türkmenistan bäsleşige ukyply ykdysadyýeti emele getirýär. Şoňa  görä-de, biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar, daşary ýurt maýadarlaryny barha köp özüne çekýär. Ýurdumyzda işewürligi alyp barmak üçin zerur bolan üpjünçilik ulgamlary döredilýär, ýokary derejeli myhmanhanalar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, täze awtomobil ýollary, ulag we saglygy goraýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimize we halkymyza nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin, geçen 20 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň gerimine we möçberine nazar aýlamak ýeterlikdir  diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şunuň bilen baglylykda, anyk mysallaryň birnäçesini netirdi. 

Geçen döwürde 117 milliard 200 million amerikan dollary möçberde maýa goýumlary özleşdirildi. Şol döwürde 250 sany zawod we fabrik, 26 million inedördül metre   golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, 187 sany hassahana we bejeriş-sagaldyş merkezi, 394 sany dürli mekdep, 310 sany çagalar bagy, 94 sany medeniýet edarasy, 39 sany ýokary derejeli myhmanhana, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 70-den gowragynyň edara binasy, elektrik beketleri, demir ýollar, howa menzilleri, iri köprüler, gaz geçirijiler gurlup, ulanmaga berildi. Bu döwürde gurlup, ulanmaga berlen desgalar sanardan köpdür. Häzirki döwürde hem ýurdumyzda 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ilkinji türkmen milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy halkara innowasion hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesi boldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Halkara bilermenler agentlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýän ýurtlaryň birinji onlugyna goşuldy. Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda ýakyn ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary      bolmagynda galar. Bu bolsa, oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde we daşary ýurt maýa goýumlarynyň köp möçberde çekilmeginiň hasabyna üpjün edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Bu netijeleriň örän gysga döwrüň içinde gazanylandygyny bellemek isleýärin, bu ajaýyp üstünlikler mähriban halkymyzyň tutanýerli we sazlaşykly zähmet çekmeginiň netijesinde mümkin boldy. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty mähriban halkymyza asuda durmuşda ýaşap, yhlasly zähmet çekmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň meselelerini üstünlikli çözmäge şert döretdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Biz Bitaraplykdan gelip çykýan «açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir, şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwleti diýlip atlandyrylmak hukugyna eýe boldy diýip belledi. 

Nebitiň, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek, gaýtadan işlenmegini guramak we dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak bu ugurda döwletimiziň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarydyr. Bu wezipeleri amala  aşyrmak üçin köp möçberde serişde gönükdiriler. Şol sanda, bu pudaga daşary ýurt maýadarlarynyň serişdeleri hem çekiler. 

Milli Liderimiz şeýle hem durmuş ulgamyny durnukly ösdürmegiň mundan beýläk-de döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galjakdygyny nygtady. Çünki, esasy maksat ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa, ykdysady abadançylygy gazanmak, netijeli bilim we saglygy   goraýyş ulgamlaryny emele getirmek, demografik durnuklylygy üpjün etmek, medeniýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen syýasat we oňaýly daşky gurşawy döretmek esasynda amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  ilatymyza durmuş taýdan kepillendirilen goragy üpjün etmek boýunça hem berkarar döwletimiz yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Mysal üçin, häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün etmekde berilýän ýeňillikler doly saklanýar. Jemagat hyzmatlary we jemgyýetçilik ulaglary üçin nyrhlar hem ujypsyz  bolmagynda galýar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary her ýyl ýokarlandyrylýar.

Amala aşyrylýan işleriň netijesinde, adam başyna düşýän girdeji ýylyň-ýylyna durnukly artýar. Bütindünýä bankynyň 2012-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistany ilatynyň orta derejeden ýokary girdejisi bolan ýurt hökmünde ykrar etmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar. 

Biz häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmäge örän möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda zehinli ýaşlar üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw mekdepleri döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde many-mazmuny we hereket edýän möhleti boýunça öňdebaryjy tejribeler ulanylyp düzülen maksatnamalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde  12 ýyllyk orta bilim ulgamyna geçildi. Orta hünär bilimi hem täze derejä çykarylýar. Hünär mekdepleriniň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi we hünärmenleri taýýarlamagyň amatly şertleri bolan     netijeli ulgamy döredilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz halkara derejesinde talyplary alyşmaga aýratyn ähmiýet berýäris, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä belli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak boýunça giň gerimli hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyny goldaýarys. 

Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň iň gowy okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzda gysga möhletli okuwlar we türgenleşik okuwlary hem yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlara dürli ugurlar boýunça abraýly daşary ýurt hünärmenleri gatnaşýar.

Halkara maliýe-ykdysady edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek örän möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hyzmatdaşlyk berkarar döwletmize häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmaga mümkinçilik berýär. Biz Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýanyň Ösüş banky we dünýäniň beýleki iri maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak maksady göz öňünde tutulanda, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi, bu Gurama halkara söwdasyny we dünýäde söwda-ykdysady gatnaşykary düzgünleşdirýän esasy gurama bolup durýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny tapgyrlaýyn we yzygiderli demokratiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda biziň öňümizde strategik we maksatnamalaýyn wezipeler durýar. Öňde duran bu wezipeler uzak möhlete niýetlenendir.

Bu ýerde gürrüň giň gerimli, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täze milli maksatnama hakynda barýar. Bu maksatnama aýdyň garaýyşlara, häzirki zaman dünýäsiniň hakyky ýagdaýlary baradaky pikirlere   daýanmalydyr, häzirki zaman dünýäsiniň aýrylmaz  düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň geljekki mümkinçiliklerine, döwletiň we  jemgyýetiň talaplaryna göz ýetirmäge esaslanmalydyr. Bu maksatnamada iň     ýokary gymmatlygyň, şol bir wagtda hem esasy hereketlendiriji güýjüň adamdygy, raýatdygy göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy. 

Döwlet bolsa, şahsyýetiň ileri tutulýandygyny, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga taýýardygyny berk we ynamly yglan edýär. Adamyň öz mümkinçiliklerini açmagy we durmuşa geçirmegi üçin, hemmeler üçin we jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň we amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Bu meselede kanunçylyk binýadyny häzirki  döwrüň  hakyky  ýagdaýlaryna, adamlaryň örän möhüm bähbitlerine laýyklykda hemmetaraplaýyn özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Söňky döwürde bu ugurda biz möhüm işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanýar. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde täze taryhy şertler we geljekde öňde durýan wezipeler göz öňünde tutular.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýandygyny belledi. BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ysnşykly gatnaşyklar ýol goýuldy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz üçin mähriban halkymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, maddy abadançylygyny, hemmetaraplaýyn ruhy ösüşini üpjün etmekden, beden taýdan saglygyny goramakdan möhüm we belent maksat ýokdur.

Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnukly ösüşiň dabaralanmagyny goldaýar. Bu sebit häzirki döwürde «Gündogar–Günbatar» hem-de «Günorta–Demirgazyk» ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly gatnaşyklaryň örän möhüm, strategik çatrygy bolup durýar. "Biziň sebitimiziň bu ugurda tutýan orny wagtyň geçmegi bilen diňe ýokarlanar diýip pikir edýärin. Bu bolsa, kontinentara ykdysady ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, sebitde maýa goýumlaryny goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döreder" diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin amatly halkara şertlerini döretmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň bu serişdeleriň daşarky bazarlara ygtybarly iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Soňky döwürde Hytaýa we Eýrana iki sany iri turba geçirijiniň taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Bu bolsa, energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilýändigini aýdyň tassyklaýar. 

Birnäçe günden ýene-de bir möhüm taslama – «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berler. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu mesele boýunça giň gerimli halkara gepleşiklerini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Biziň bu başlangyjymyz dünýäde uly goldaw tapdy: 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna durnukly we howpsuz ibermek boýunça rezolýusiýalaryň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen taslamalaryny biragyzdan kabul etdi. 

"Biz örän baý tebigy serişdelerimizi, geografiýa taýdan amatly ýagdaýymyzy ýurdumyzyň içerki ösüşiniň maksatlaryna ýardam bermek üçin hem, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine peýdalanmak üçin hem taýýardygymyzy jogapkärçilik bilen yglan edýäris" diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz energiýa geçirijileri, hususan-da, eksporta niýetlenen turba geçirijileri gurlanda ýurdumyzyň diwersifikasiýa ýoluna eýerýändigini belledi. 

Biz Türkmenistandan halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermäge niýetlenen köp görnüşli turba geçiriji ulgamlaryň gurulmagyna sebitde we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýän şertler hökmünde baha berýäris. Hyzmatdaşlaryň türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary ibermegiň serişdelerine hukuklarynyň deňligini üpjün etmegiň, Ýewraziýa energetika giňişliginde bähbitleriň deňligini saklamagyň möhüm şerti hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

"Bu bolsa, Türkmenistanyň energetika meselesinde daşary syýasy işjeňligini artdyrýan, bu ugurda halkara derejesinde möhüm ähmiýetli teklipleri öňe sürmegini kesgitleýän düýpli garaýyşlar bolup durýar" diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Halkara ulag hyzmatdaşlygyny höweslendirmek hem alyp barýan işlerimiziň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda öňe süren başlangyçlarymyza hyzmatdaşlarymyz düşünmek bilen garaýarlar we olary goldaýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-üstaşyr geçelgeleri baradaky Rezolýusiýanyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen taslamasynyň 2014-nji ýylda kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu mesele boýunça ýene-de bir Rezolýusiýany kabul etmäge taýýarlyk görülýär. 

Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalaryna ýardam bermek  Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça  Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejedäki maslahatynda biz daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe täze başlangyçlar bilen çykyş etdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.  

Türkmen tarapy ekologiýa howpsuzlygynyň täsirli guraly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibi hem öňe sürýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň şeýle merkeziň işlemegi üçin öz çäklerinde ähli şertleri döretmäge taýýardygyny belledi.  

Ýokarda aýdylanlar bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki döwürde medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, adamlaryň birek-birege ýakynlaşmagynyň möhüm guraly  hasaplaýandygyny nygtady. Medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleriň bütin adamzat üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklaryna ynsanperwer häsiýet berýär we goşmaça durnukly şertleri döredýär. Türkmenistan medeniýet ulgamynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek, döredijilik işgärleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.   

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de birnäçe günden ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny türkmen halky bilen bilelikde bellemek üçin onlarça ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, bütin dünýäden görnükli diplomatlaryň, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň Aşgabada geljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu beýik baýramyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna       öwrüljekdigine, şeýle hem bu baýramyň ýurdumyzyň halkara giňişliginde netijeli ornunyň ykrar edilýändiginiň, Bitaraplygymyza hormat goýulýandygynyň we goldaw berilýändiginiň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

Biz hyzmatdaşlarymyz bilen ak ýürekli we aç-açanlyga esaslanýan jogapkärli gatnaşyklary alyp barýarys. Olar bilen hyzmatdaşlyk etmekde birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýarys. Häzirki döwrüň uly we çylşyrymly meselelerini diňe bilelikde çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alýarys. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde şeýle ynsanperwer syýasata eýerýär, geljekde hem şol syýasata hemişe ygrarly bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we egsilmez bagt arzuw etdi. 

"Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan! Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!" diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlady. 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.  

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilýär. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy şu baýramçylyk dabaralaryny uly buýsanç we şatlyk bolup durýandygyny, halkara bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň türkmen halkynyň taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylandygyny belläp, ýurdumyzyň ösüşinde gazanylýan ähli üstünliklerde hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasynyň bardygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda jemgyýetiň demokratik institutlary berkidilýär, ähli ulgamlarda we pudaklarda – bilim, saglygy goraýyş, senagat, oba hojalygy, ýangyç-energetika toplumy ulgamlarynda ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyz diňe bir sebitiň ykdysady  gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, Mejlisiň Başlygy aýtdy hem-de bu wezipäniň tamamlanmagy mynasybetli golaýda geçiren dabaralarda ildeşlerimiziň hem-de myhmanlaryň 4 müňden gowragynyň milli Liderimiziň „Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan" diýen aýdymyny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirendiklerini ýatlatdy. 

Çykyşda şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýokary forumlaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň belent münberinden öňe süren halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky  Kararnamanyň ýene-de kabul edilmegi möhüm waka boldy. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň dünýäde abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüz tutmalaryndan hem-de tekliplerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Prezidentini „Türkmenistanyň „Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan" ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky karary kabul edendigi habar berildi.  

Soňra Milli parlamentiň ýolbaşçysy bu Karary okady. 

Ýygnananlaryň şowhunly we dowamly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýubileý medaly gowşurylýar. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, maslahata gatnaşyjylaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda ýurdumyzyň  Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyny giňden belläp  geçendigini, şu günler bolsa, Garaşsyz  Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly bellenilýändigini aýdyp, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk Berkarar döwletimiziň goşa ganatydyr, ata - babalarymyzyň asyrlar boýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr diýip belledi.  

Bitaraplyk taglymaty Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär. Bitaraplyk mähriban halkymyzyň asuda, abadan we parahat durmuşda ýaşamagyna giň ýol açýar. Bitaraplyk syýasaty – bu Ýer ýüzüniň dürli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli we dost - doganlyk gatnaşyklaryny saklamakdyr, sebitiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmakdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde giňden goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Dünýä bileleşiginiň Garaşsyz Watanymyza bolan halkara syýasy ynamy ýokarlanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza eýerip, dünýäniň dürli döwletleri we halklary bilen hyzmatdaşlygymyzy geljekde has-da ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ýokary depginler bilen ösýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri biziň ählimizde guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär. Taryh üçin gysga döwrüň içinde Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary    syýasatda gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Biz öz öňümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, eziz Diýarymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk. Amala aşyrýan ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli we tutumly bu işlere siziň her biriňiz öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip aýtdy. Kabul eden giň gerimli maksatnamalarymyzy  ýerine ýetirmek, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça biziň entek etmeli işlerimiz köp diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we  öňde duran bu belent wezipeleriň mähriban halkymyz bilen agzybirlikde we jebislikde üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip,  Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we Bitaraplygy pugtalandyrmakda, halkara abraýyny artdyrmakda köp işler bitirildi. Berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde, goranmak ukybyny ýokarlandyrmakda,  kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly üstünlikler gazanyldy diýip belledi. 

Milli Liderimiz gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň dowamynda yhlasly we tutanýerli zähmet çekip, Garaşsyz döwletimiziň gazanýan üstünliklerine uly goşant goşan adamlara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň başyny başlady. 

Soňra ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan" ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar okalýar. 

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda mähriban Watanymyzyň bähbidine çeken asylly zähmeti üçin bu hormata mynasyp bolan türkmenistanlylara sylaglary gowşurýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň elinden döwlet sylaglaryny alyp, watandaşlarymyz öz zähmetine berlen ýokary baha, Watanymyzyň rowaçlygy hem-de halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, şeýle hem alyp barýan daşary syýasat ýörelgesi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Sylaglananlaryň arasynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary R.Gelliýew bar. Ol ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, milli Liderimiziň elinden Watanymyzyň belent sylagyny almagyň uly hormatdygyny we bagtdygyny aýtdy. 

R. Gelliýew ýurdumyzyň ähli ýaşulularynyň adyndan mejlise gatnaşyjylary ýakynlaşyp gelýän şanly sene—Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekillerini ýygnan häzirki mejlisiň biziň agzybirligimiziň berkdigine, ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň we bagtyýarlygyň rowaçlanýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden "Döwlet adam üçindir!" diýen ýörelgesi netijesinde türkmen halky abadançylykda ýaşaýar, diňe paýtagtymyz  ýa-da welaýat merkezlerimiz däl, eýsem, çetki oba-şäherlerimiz hem gülläp ösýär. Munuň üçin türkmenistanlylar öz Arkadagyna çäksiz hoşaldyr. 

Döwlet Baştutanymyz uly işlere başlamazdan öňürti hemişe ýaşulular bilen maslahatlaşyp, olara hormat-sarpa goýýar. Ýaşulular öz gezeginde milli Liderimiziň parasatly syýasatyny doly goldap, asylly başlangyçlaryň amal bolmagy üçin ähli tagallalary edýärler, jemgyýetçilik durmuşyna, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli watansöýüji, zähmetsöýer ruhda terbiýelemäge işjeň gatnaşýarlar diýip, R.Gelliýew aýtdy.

Bu gün ýurdumyz milli Liderimiziň öňe süren "Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan" diýen şygary astynda ýeňişleriň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly barýar. Ýaşulular hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň töweregine jebisleşip, özleriniň wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini has-da uly yhlas bilen alyp baryp, jemgyýetiň ruhy sütüni bolup hyzmat etmek ýaly hormatly we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirerlert diýip, Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzy guramanyň ähli agzalarynyň adyndan "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan" diýen ýubileý medalynyň gowşurylmagy bilen gutlady. 

R.Gelliýew bag miwesinden tanalýar, adam eden işinden, milli Liderimiz döwlet Baştutanynyň wezipesine girişen ilkinji gününden başlap, öz yhlasly zähmeti bilen, taryh boýunça şeýle gysga döwrürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterip, türkmen halkyny bütin dünýä meşhur etdi diýip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň prezidiumynyň agzalaryna: Baharly şäheriniň ýaşaýjysy Ç.Hydyrowa, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç obasynyň ýaşaýjysy A.Suhanowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy H.Zahyrowa, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň  Lebap welýat müdürliginiň Atamyrat etrabyndaky wekili, etrabyň baş ymamy J.Annakuliýewe, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Suhty geňeşliginiň Mülkaman obasynyň ýaşaýjysy K.Berdimämmedowa ýokary sylagy gowşurdy. 

Türkmenistanyň "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan" diýen ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa hem sylaglanyldy.

Ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan  Türkmenistanyň hem-de dünýäniň ähli halklarynyň gülläp ösmegine gönükdirilen Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýandygyny belledi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edilen energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk we ekologiýa babatda, beýleki strategiki ugurlar boýunça  öňe sürülýän teklipler dünýäde seslenme döredýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mynasyp ugur bolup durýar. 

Bu möhüm başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmak  Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelerdir diýip, A.Ataýewa nygtady hem-de ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň wekilleriniň şu maksatlar bilen, mähriban Watanymyzyň, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýynyň berkemeginiň hem-de döwletliligiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläk-de ähli tagallalaryny etjekdiklerini ynandyrdy.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bildirilen hormat we ynam, özüne döwlet sylagynyň gowşurylandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşalyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynda ýubileý medalyny gowşuran raýatlarynyň hatarynda   "Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugynyň uçarmanlar toparynyň ýolbaşçysy W.Andreýew, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baharly etrabyndaky ýüplük fabriginiň ussasy G.Ataýew,  Türkmen milli konserwatoriýasynyň Orkestr saz gurallary fakultetiniň dekany Ý.Babanyýazow, "Türkmennebit" döwlet konserniniň "Goturdepenebit" nebitgazçykaryş müdirliginiň ussasy G.Garataýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň köpugurly hassahanasynyň Urologiýa bölüminiň müdiri G.Gurbanberdiýew, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy M.Gurjiýewa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň otly sürüjisi G.Hannyýew, Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi J.Kadyrow, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewa, "Türkmenawtoýollary" döwlet konserniniň ýol gurluşyk müdirliginiň başlygy A.Öwezow, Mary welaýatynyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hasapçysy O.Tarnawowa; harby gullukçy, kapitan Begenç Berdiýew hem bar. 

Milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adaba hem Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary pugtalandyrandygy üçin "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan" diýen medaly gowşurdy.

Diplomat ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy öz ýurduna we onuň ýolbaşçylaryna goýulýan tüýs ýürekden hormatyň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen  BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa ben Zaýed Al Nahaýýanyň arasyndaky ynam bildirilýän gatnaşyklaryň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.  
     
Ilçi türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içerki ösüşinde bolşy ýaly, sebit we halkara möçberinde hem uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, muny köp ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty hem tassyklaýar diýip aýtdy. 

Siz türkmen halkynyň umyt-arzuwlaryny hakykata öwürdiňiz diýip, diplomat sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzdaky özgertmeleriň gerimini, bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ulgamlarynda, sportda gazanylan uly üstünlikleri belledi. 

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy öz Watanyny hut şunuň ýaly—kuwwatly, gülläp ösýän hem-de bagtyýar görmegi arzuw etdi we onuň arzuwy hasyl boldy. 

Bu gün bütin dünýä öz Lideriniň töweregine jebisleşen zehinli türkmen halkynyň döredijiliginiň hem-de zähmetiniň miwesini görýär. Milli Lideriň Watana çäksiz söýgüsi "Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!" diýen aýdymda hem beýan edildi. Bu aýdymyň köpçülikleýin ýerine ýetirilimegi dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy diýip, Ilçi belledi hem-de Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekiliniň munuň türkmenistanlylaryň  jebisliginiň hem-de ägirt uly watançylyk galkynyşynyň subutnamasy bolup durýandygy barada aýdan sözlerini getirdi. 

Diplomat ýakyn wagtda gurluşygyna başlanyljak Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýtdy. Ol asyryň taslamasy diýip, ynamly atlandyryp boljak bu gurluşygyň durmuşa geçirilmegini tutuş sebitiň ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini, parahatçylyga we durnuklylyga ýardam berjekdigini nygtady.  Öňde bolsa halkara möçberli ýene-de bir uly waka: Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi garaşýar. Bu oýunlar Türkmenistanyň geljekki ösüşi üçin hem, Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin hem wajyp bolar.  

Döwlet Baştutanymyz medallary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, sylaglanylanlary, maslahata gatnaşyjylary hem-de   ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň tamamlanýandygyny yglan edip, bu ýere ýygnananlara maslahatyň işine gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ruhyýet köşgünde ýene-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent mukamy ýaňlanýar. 

Dabaraly çäreler Maslahat köşgünde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlenildi. Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.  

Bu ýerde meşhur artistler, görnükli döredijilik toparlary hem-de belli estrada ýerine ýetirijileri, esasy wokalçylar hem-de ýaş aýdymçylar we tansçylar, ýaş zehinler çykyş etdiler. Mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa—ady hem-de işi bilen ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ähli üstünlikleri baglanyşykly bolan Arkadaga  bagyşlanan şowhunly we joşgunly aýdymlar belentden ýaňlandy. 

Çykyşlar "Arkadagyň toý toýlaýar" diýen watançylyk baýramçylyk aýdymy bilen açyldy. Konsertiň maksatnamasyny ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň eserleri, häzirki zaman gaýtadan işlenen halk aýdymlary daşary ýurtly  döredijilik işgärleriniň eserleri düzdi.   Parahatçylyk, dostluk, şadyýanlyk, mähriban topraga söýgi  ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. "Dokmaçylar", "Dessan", "Laçyn", "Miras", "Dehistan", "Aşgabat", "Meňli", Döwlet tans toparlary öz sungatyny görkezdiler. 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan  birleşen bagşylar topary dessan atýmak sungatynyň iň oňat  däplerinde çykyş etdi. Bu ýere ýygnananlar "Mukam" skripkaçylar toparyna, "Owaz" we "Güller", "Ruhubelent" hem-de "Şatlyk" çagalar tans toparlaryna şowhunly el çarpdylar.

Ýurdumyzyň tans we halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren gadymy "Küştdepdi" türkmen tansy  halkyň kalbynyň baýdygynyň we açykdygynyň, agzybirdiginiň, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydygynyň hem-de dostluga we doganlyga sarpa goýýandygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Konsert Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna  bagyşlanan dabara gatnaşyjylaryň ählisini birleşdiren "Arkadagym bar" diýen aýdym bilen tamamlandy.

*** 

Döwlet sylagyna—Türkmenistanyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan" ýubileý medalyna mynasyp bolan raýatlary sylaglamak dabaralary soňra Türkmenistanyň Mejlisinde, Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda, Aşgabat şäher häkimliginde, Senagat, Ykdysady, Nebitgaz, Oba hojalyk, Söwda toplumlarynyň binalarynda,   Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda, demir ýol ulaglary hem-de bilim ministrliklerinde dowam etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder