12 Aralık 2015 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiz Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyny uly üstünlikleri gazanmak bilen, halkara derejesinde giňden belleýär. Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, dünýäde parahatçylygy berkitmäge, dürli ýurtlar we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Geçen döwür Berkarar döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara bileleşigi üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyň subut etdi.

Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesi esasynda dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, milli medeniýetimizi baýlaşdyrmaga, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge giňden ýardam edýär. Bilelikdäki halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde daşary ýurt raýatlarynyň hem uly goşandy bar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren hyzmatlaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Yslam Ösüş Banky Toparynyň prezidenti Ahmed Mohammed Ali Al Madanini,

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory William Leýsi Swingi,

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zannieri.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 10-njy dekabry .


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder