1 Aralık 2015 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine geçip, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de gowaçaly meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreler barada aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, häkim welaýatyň Kaka etrabynda 300 orunlyk “Ýaşyl ýaýla”çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň, Ak bugdaý etrabynda bolsa “Buýsanç” çagalar dünýäsiniň  gurlup ulanmaga berilmäge taýýar edilendigini, ýakyn günlerde olaryň açylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň işini sazlaşykly guramak, ilatyň elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiligini doly derejede ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem welaýatyň ekologiýa derejesiniň gowulanmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatyň çäklerinde bu baýramçylyga, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň  ýagdaýy, aýratyn-da, ak ekinlere ideg etmegiň barşy, etraplarda ösdürilip ýetişdirilen şugundyr hasylynyň ýygnalyşy, şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan durmuş-ykdysady maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň göwnejaý işini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler barada habar berdi.  

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş maksatly desgalarynyň talaba laýyk ýyladylyşyna, bag ekmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna, şeýle hem  Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisine taýýarlyk görlüşine jogapkärli, toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýetini belledi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta meýdanlarynda galan hasyly ýygnamak hem-de güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň etraplarynda şaly oragynyň, şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işleriniň barşy  hakynda habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de olary guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Hususan-da, milli Liderimiz welaýatda şaly oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ilaty elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň  20 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, şaly oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.  

Milli Liderimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegi guramaçylykly geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda şaly oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda dürli maksatly desgalaryň bina edilmegi, senagat toplumynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talaba laýyk ýyladylyşyna, ilatyň we edara-kärhanalaryň elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçilik meselelerine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisine göwnejaý taýýarlyk görmek babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.  
  
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Bulardan başga-da,  welaýatyň çäklerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň möçberli medeni çäreler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň  ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, welaýatda elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçiligi degişli derejede alyp barmak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň, köpçülikleýin bag ekmek meselelerine toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şanly senä gabatlanyp geçiriljek dabaraly maslahatyna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we onuň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk  baýramy mynasybetli  medeni-durmuş ähmiýetli binalary ulanmaga bermek hem-de bu waka bagyşlanyp giň gerimde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler hakynda habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk   derejede bolmalydygyny belläp, Aşgabatda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerine, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talaba laýyk ýyladylyşy, şäheriň ilatynyň elektrik energiýasy we gaz bilen üpjün edilişi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýetip gelýän şanly baýramçylyga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi, ýerlerde ähli işleriň takyk guralmagyny üpjün etmegi talap etdi.
        
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder