11 Aralık 2015 Cuma

Türkmenistan – BMG

Paýtagtymyzdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň gender syýasatynyň maksatnamasy babatda dünýäde çökgünlige garşy özgertmeler mowzugynda UNFPA-nyň ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan guraldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

UNFPA tarapyndan 2015-nji ýylda dünýäniň halklarynyň  ilaty barada taýýarlanan  hasabatda ynsanperwer adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ýardam bermegi işjeňleşdirmek hem-de dünýäniň zenanlaryna, aýratyn hem ýaş gyzlara goldaw bermek boýunça ynsanperwer çäreleriň täze maksatnamasy beýan edilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly oňyn syýasatyna ýokary baha berdiler. Şol syýasatyň çäklerinde şahsyýetiň, şol sanda ýurdumyzyň zenanlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, esasy halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. 

UNFPA bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. BMG-niň şu düzümleýin edarasynyň maslahat beriş goldawy bilen Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça  2015-2020-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu çäräniň Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder