4 Aralık 2015 Cuma

Prezidentimiz Ahal Welaýaty Boýunça Iş Saparyny Amala Aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan 600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar. 

Türkiýäniň belli “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy toplumyň çäginde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, olarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil derejesinde bolmagynyň möhüm talapdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu künjekdäki binalaryň we ýollaryň degişli derejede saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra milli Liderimiz atçylyk toplumynyň athanalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Atçylyk toplumynyň hojalyk bölüminde her birinde 60 at ýatagy bolan dört sany athana, her birinde taýçanaklar üçin 80 ýatagy bolan iki sany athana, şeýle hem her birinde taýçanaklar üçin 50 ýatagy bolan dört sany athana, mundan başga-da, her birinde 20 sany at ýatagy bolan höwür bedewlerine niýetlenen iki sany athana bar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklanyp, olarda bedewler üçin oňaýly howa ýagdaýynyň üpjün edilmelidigini, athanalarda amatly salkynladyş we ýyladyş şertleriniň ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem toplumyň çäginde atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin degişli şertleriň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desga bilen tanyşmagyny dowam edip, athananyň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gurluşygyň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de olaryň ýokary hil derejesine laýyk gelmegini ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde bina edilýän athanalaryň gurluşygynda we onuň enjamlaşdyrylyşynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ulanylmalydygyny, olara ylmyň ýokary gazananlarynyň ornaşdyrylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu ýerde amala aşyrylýan işleriň uzakmöhletleýin geljegi nazarlamalydygyny aýtdy. 

Ýeri gelende aýtsak, bu künjegiň arassa dag howasy, gök öwüsýän sonarlar, bu toplumyň atlary we taýçanaklary üçin has oňaýly şertleri üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Gökdepe etrabynyň çäginde howanyň derejesi şäher bilen deňeşdirilende hemişe 3-4 dereje tapawut edýär. Şonuň üçin bu ýeriň howasy ahalteke bedewleri üçin ýaramly bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde atlary göwnejaý saklamak üçin degişli şertler döredilýär. Athanalarda atlaryň we taýçanaklaryň aşagyna düşelýän ýörite serişdeler ýumşak bolup, olar at toýnaklaryny zeper ýetmekden goraýar. Döwlet Baştutanymyz bu serişdeleriň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olaryň maksada laýyk derejede ulanylmalydygyny aýratyn belledi. Biziň maksadymyz ahalteke bedewleriniň ata-babalarymyzdan gelýän gadymy şan-şöhratyny belende götermekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Hut şonuň üçin hem ahalteke bedewleriniň göwnejaý idedilmegi, olaryň döwrebap seýislenmegi hem-de çapyşyklara taýýarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna we asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu bolsa ýyndamlykda we owadanlykda dünýä ýüzünde şöhrat gazanan bedewleriň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Bu ýerde gurulýan athanalar we beýleki ugurdaş desgalar türkmen atşynaslaryna, seýislerine uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmelidir, olarda döredilýän şertler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz athanalar bilen tanyşlygyny tamamlap, ýörite gurnalan ýerde topluma degişli desgalar babatda giňişleýin maglumat berýän taslamalar bilen tanyşdy. Atçylyk toplumynyň taslamasy düzülende milli gurluşyk däplerinie hem-de häzirki zaman binagärlik we inženerçilik-tehniki pikiriň nazara alyndy. 

Tanyşdyrylan taslamalaryň hatarynda 600 baş atçylyk toplumynyň we 114 hojalyk üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumynyň umumy görnüşi, merkeziň edara binasynyň, auksion binanyň, okuw merkeziniň, toplumyň muzeýiniň, athanalaryň daşky we içki görnüşleriniň, dört we bäş otagly iki gatly iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, bu künjekde gurulýan orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň taslamalary we çyzgylary bar. Şeýle hem milli Liderimize toplumyň edara binasynyň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, yşyklandyryş sütünleriniň, 600 baş atçylyk toplumynyň atlar üçin niýetlenen ýerasty geçelgäniň maketleri görkezildi. 

Toplumyň çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tohumçylyk-seçgi we ýörite barlaghana binasynda bedewleri keselden saplamak, hususan-da, bejeriş işlerini geçirmek çäreleri üçin niýetlenen otaglar, ýokary derejeli rentgen enjamlary we UZI otaglary bedewleriň hyzmatynda bolar. 

Atçylyk-tohumçylyk toplumy bilen ýaşaýyş jaý toplumynyň arasynda bölüji gök zolak dörediler. Şeýle hem toplumyň çäginde atlar üçin çapuw ýodalary enjamlaşdyrylýar. 

Şeýle hem bu ýerde toplumyň işgärleri üçin amatly ýaşaýyş we dynç alyş şertleri döredilýär. Hususan-da, 114 maşgala niýetlenen 4-5 otagly iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar. Toplumyň çäginde bir dükan bu ýeriň ilatynyň hyzmatynda bolar. Desgalaryň hemmesi ak mermer bilen örtüler. Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançasy gurlar. 

160 orunlyk täze çagalar bagy, ondaky giň gimnastika we saz otaglary, oýun meýdançasy körpeleriň ygtyýarynda bolar. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. 

Toplumyň taslamasyna laýyklykda, desgalar gurlanda we olaryň bezeg işlerinde ýokary hilli mermer daşlary we beýleki zerur gurluşyk serişdeleri peýdalanylyar. Tutuşlygyna alnanda täze binagärlik toplumy döwrebap gündogar äheňinde bina ediler. Toplumyň çäginde gök zolaklar dörediler we dürli güller ekiler. 

Her bir desganyň gurluşygynda, olaryň enjamlaşdyrylyşynda ýerli tebigata we howa şertlerine mahsus aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz täze toplumyň arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagynda, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde bina edilýän çagalar bagynyň we mekdebiň bezeg aýratynlyklarynda ahalteke bedewleri, olaryň seýisleniş usullary we atlaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýörelgeleriň ulanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Munuň körpe nesillerde köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerine bolan söýginiň we höwesiň terbiýelenmeginde möhüm ähmiýeti bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, toplumyň çäginde esasy binadan başga-da, ýerasty geçelgeleri bolan atçylyk toplumy bolar. Munuň özi häzirki zaman athanalarynda gurulmagy zerur hasaplanýan desgalaryň hataryna girýär. Atlar üçin niýetlenen ýerasty geçelgeler bedewler gezime çykarylanda ulag-ýol gatnawyna päsgelçiliksiz geçmegini üpjün eder. 

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, atlaryň gezim etmäge athanadan çykarylanda, olar üçin ýerasty geçelgeleriň zerur bolup durýandygyny belläp, şeýle desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda tejribeli atşynaslaryň, ýaşuly seýisleriň maslahatlaryndan ugur alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Şeýle hem milli Liderimize toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň görnüşleri bar. Mälim bolşy ýaly, tanymal türkmen heýkeltaraşlarynyň işleri ajaýyp ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Atlary rowaýata öwrülen Ýanardag we Polatly ýaly bedewleri wasp edýän ýadygärlikler munuň aýdyň mysalydyr. At hemişe sungatda hem, döwlet nyşanlarynda hem wepalylygy, batyrlygy, tizligi, kuwwaty we çydamlylygy aňladýar. Bu zatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa görkezilen heýkellerde hem öz beýanyny tapdy. 

Döwlet Baştutanymyz heýkeltaraşlaryň işleri bilen tanşyp, bu eserleriň örän çuňňur mana eýedigini aýratyn nygtady. Çünki heýkeltaraşlar bu eserlere öz garaýyşlaryny, pikirlerini siňdirmegi başarypdyrlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň biriniň “Buýsanç daragty”, beýlekisiniň bolsa “Perzent buýsanjy” manylary aňladýandygyny aýdyp, toplumda bu heýkelleriň mynasyp ýerde oturdylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. 

Ahalteke bedewleri – türkmen topragynyň hakyky gudraty! Olar türkmeniň uçar ganaty! Biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, ahalteke bedewi—Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň nyşany, onuň ähli halklar bilen parahatçylyga we dostluga ymtylmagynyň janly beýanydyr. Gadymy türkmen topragynyň tebigaty hem-de zähmetsöýer türkmen halkynyň zehini bilen dörän ahalteke bedewi dünýäniň medeni atçylygynyň başyny çekýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen bedewleri ajaýyp aýratynlyklary—güýji, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň hemmesi bilelikde atyň dünýäde ýeke-täk tohumyna birleşip, onuň ykbaly adamyň ykbaly bilen utgaşýar, bu bolsa olaryň dostlugyny, biri-birine wepalylygyny kesgitledi diýip, milli Liderimiz belledi. Hödürlenen heýkelleriň taslamalarynyň bezegi boýunça tekliplerini aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin gurulmagy meýilleşdirilýän ýyladyşhananyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän täze desga üçin umumy meýdany 10 gektara barabar bolan ýer bölegi kesgitlendi. Ýyladyşhana Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinden 7600 metr aralykda, Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Ýyladyşhanany Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň Ak bugdaý etrap tokaý hojalygynyň ýerinde gurmak meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze desganyň gurluşygyny umuman oňlady. Täze ýyladyşhanada dünýäniň biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyryp bolýan dürli ösümlikleriniň we baglarynyň nahallarynyň taýýarlanmagy ugrunda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, topluma gelýän ýollaryň degişli derejede saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň yşyklandyryş ulgamynyň we onuň energiýa üpjünçiliginiň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, toplumyň çäklerinde ýokary derejedäki ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, milli Liderimiz bag nahallarynyň oturdylmagynyň, toplumda bar bolan daragtlara degişli derejede ideg edilmeginiň, olaryň suwaryş ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Umuman, toplumyň çäklerinde bar bolan desgalaryň degişli derejede ulanylmagyny üpjün etmek, onda arassa ganly ahalteke bedewleriň baş sanyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri degişli derejede ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Aýratyn-da, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe desganyň gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklanmagy tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gurulýan 114 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Tejribeli atçylar, seýisler we çapyksuwarlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutular. 

Döwlet Baştutanymyz içki we daşky bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olarda göwnejaý ýaşaýyş we ýokary derejeli dynç alyş üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini belledi. Dört we bäş otagly iki gatly iki otagly ýaşaýyş jaýlarynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli amatlyklar üpjün edilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň özbaşdak howlusy bolup, olarda zerur bolan ugurdaş desgalar, ekin ekmek üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi bu ýaşaýyş jaý toplumlarynda türkmen halkynyň milli däplerine laýyk gelýän çäreleri guramak üçin ähli amatlyklaryň döredilmegini aňladýar. 

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde bolmalydygyny, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini belläp, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary depginlere, bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini belläp, “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gurluşyklaryň degişli derejede alnyp barylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Türk işewüri milli Liderimizi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna gurluşygy ynanylan desgalaryň işini doly derejede we ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. 

Türkmenistanda atçylygyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmaga, bu ulgam boýunça türkmen hünärmenleriniň täze nesillerini kemala getirmäge, atçylyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen we dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän täze atçylyk toplumynyň gurulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesinden habar berýär. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder