11 Aralık 2015 Cuma

Goňşokora Baýramy – Türkmen Halkynyň Agzybirliginiň Nyşany

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanda her ýyl dekabryň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokora baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Goňşokora baýramy mynasybetli dabaralar we baýramçylyk gezelençleri Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde “Ak bugdaý” milli muzeýiniň günorta tarapynda guralan baýramçylyk meýdançasy bu gün myhmansöýerligiň mekanyna öwrüldi.

Baýramçylyk ruhyna beslenen meýdançada Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň köp sanly ýaşaýjylarynyň, hormatly ýaşulularyň, olaryň agtyk-çowluklarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaşlaryň duşuşyklary boldy. Dabara gatnaşanlar bir-biregi “Hoş geldiňiz!”, “Hoş gördük!” diýen mähirli sözler, gadymy türkmen dessuryna laýyklykda duz-çörek bilen garşylap, bir-birlerine milli tagamlary, naz-nygmatlary, dürli miweleri hödür etdiler. 

Paýtagtymyzyň we welaýatyň meşhur estrada aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň baýramçylyk sahnasynda ýerine ýetiren çykyşlary ählihalk baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olaryň joşgunly çykyşlary myhmansöýerlik, hoşniýetlilik we şatlyk duýgularyna ganat berdi.

Asylly däbe görä, türkmen halky bagtly we agzybir maşgala bolup, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara ygrarly bolmak bilen, şatlykly umumymilli baýramçylygy garşylaýar. Goňşokora baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar asyrlaryň jümmüşinden gelýän ajaýyp däp-dessurlaryny biziň günlerimize çenli saklap galan türkmen halkynyň medeniýetiniň çuňňur ähmiýetlidigini görkezýär. 

Mähriban topragymyzyň sahylygy, medeniýetiň, däp-dessurlaryň baý taryhy türkmen halkynyň buýsanjyna we hormatyna laýyk derejede uly mukaddeslige öwrülendir. Hut şu sebäpli hem Goňşokora baýramy, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň hoşniýetli gatnaşyklaryna we parahatçylyk söýüjiligine esaslanýan myhmansöýerligiň, sahylygyň, geçirimliligiň sarpasyny tutmak bilen, Türkmenistanda uly dabara bilen bellenilýär. Bu şatlykly baýramçylyk Garaşsyzlyk ýyllarynda, häzirki döwürde milletimiziň agzybirligini we jebisligini şöhlelendirýän abadançylygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 

Goňşokora baýramynyň esasynda gadymdan gelýän türkmen däbi bolan “goňşy okara” dessury bar. Bu dessura görä, her bir adam gündelik durmuşynda duz-çöregini öz ýakyn goňşulary bilen paýlaşypdyr. Bu dessur bir-birege hormat goýmak, dostluk, gülerýüzlülik, ruhy we maddy goldaw bermek ýaly ynsan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini özünde jemleýär. Türkmenlerde özüňi alyp barmagyň düzgünine öwrülen “goňşyokara” jemgyýetimiziň agzybirligini şöhlelendirýär. 

“Goňşy okara” gadymy türkmen dessury häzirki zaman türkmen jemgyýetinde mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem türkmenler nähili tagam taýýarlasalar hem öz bereketli öýlerine myhmanlaryň we goňşularyň gelmeklerini göz öňünde tutup, olara “myhman paý” goýýarlar.

Türkmen halkynda “Söýenişen ýykylmaz” diýen nakyl bar. Kyn günde, şatlykda we hasratda, uzak ýyllaryň dowamynda bir-biregiň hemrasyna öwrülen goňşy goňşa kömege gelýär. Zähmetsöýer, hoşniýetli we kiçi göwünli goňşudan hemişe nusga alypdyrlar, oňa buýsanypdyrlar, ondan öwrenipdirler. Türkmenlerde “Jaý almankaň, goňşy al” diýen nakyl ýöne ýere döremändir. 

Ulular kiçilere “Ulusyny sylamadyk, kiçisini sylamaz” diýen nakyla eýerip, obadaşlaryny sylamagy, olara kömek bermegi, olaryň haýyşlaryny ýerine ýetirmegi, olaryň çagalaryna esewan bolmagy öwredipdirler. Goňşy goňşy bilen bir-birege kömek bermäge, mähirli gatnaşyklara esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga çalşypdyr. “Goňşa ýaman söz aýtma” diýip, ýaşulular ýaşlara maslahat beripdirler.

Türkmen durmuşynyň kadasyna öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk halkyň aňynda diňe bir goňşyarada kömek we goldaw bermek bilen çäklenmän, ata-babalarymyzyň goňşy döwletler we beýleki milletleriň wekilleri bilen ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagyny hem alamatlandyrýar. Türkmeniň asyrlaryň dowamynda emele gelen ruhy gymmatlyklary biziň döwrümizde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Ol gymmatlyklar häzirki zaman türkmen jemgyýetinde täze öwüşginlere eýe bolýar.

Bu baýramçylyga gatnaşan köp sanly adamlaryň belleýişleri ýaly, dostluga, doganlyga we birek-biregi sylamaga esaslanýan bu gadymy dessur milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň   daşary syýasat strategiýasynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlikli dessurlaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti goňşy döwletler we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, parahat söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny yzygiderli görkezip gelýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri dünýäniň ähli döwletleri bilen parahat söýüjilikli we netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolan Türkmenistanyň şu ýyl bellenilýän Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralarda hem aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üstünlikli iş alyp barýar. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugrunyň öňdebaryjy ähmiýetiniň ählumumy tassyklanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan dünýäniň ähli halklarynyň abadançylygyna, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde çykyş edýär. 

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Goňşokora baýramy giň gerim bilen bellenildi. Baýramçylyk çärelerine meşhur we höwesjeň ýerine ýetirijiler, aýdym-saz, tans, folklor, teatr toparlary we ýurdumyzyň welaýatlarynyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary gatnaşdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder