4 Aralık 2015 Cuma

EKSPO-2017

Aşgabatda “EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy babatdaky Şertnama gol çekmek dabarasy boldy. 

Ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Rapil Joşybaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliet ýörite türkmen paýtagtyna geldi. Ol Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” sergisiniň komissary diýlip bellenildi. 

Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy birnäçe ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabryna çenli aralykda geçiriljek iri gözden geçirilişde ýurdumyzyň ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýasyny görkezer. 

“Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek sergi tutuş dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan möhüm meseleleriň biri bolan energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny şöhlelendirer. Häzir munuň ählumumy durnukly ösüş babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigi gürrüňsizdir. 

Öňde boljak Bütindünýä sergisine Türkmenistan tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler hem-de olaryň ekologiýa arassalygy, ulanmakda bahasynyň pesligi we daşky gurşaw üçin howpsuzlygy ýaly artykmaçlyklary görkeziler. Şeýle hem energiýa tygşytlylyk, energiýa sazlaşyklyk hem-de energiýa ygtybarlylyk meselelerine garalar. 

Ýurdumyzyň milli sergisi energiýa serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de energiýanyň durnukly çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmäge Türkmenistanyň neneňsi uly goşant goşýandygyny hem-de goşant goşmaga meýillidigini aýdyň beýan etmäge gönükdirilendir. Dünýä ykdysadyýetiniň ugurlary üçin möhüm bolan bu meselede ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply işleriniň hatarynda alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň täze netijeli tehnologiýalarynyň işjeň özleşdirilýändigini, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalary, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaryň ornaşdyrylmagyny, energiýa tygşytlaýjy önümçiligiň ileri tutulýandygyny we beýlekileri halkara hünärmenler we bilermenler belleýärler. 

Ady agzalan resminama gol çekmek dabarasynda gazak tarapynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň gazananlary we üstünlikleri köp babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, şeýle hem şu aýda 20 ýyllyk şanly senesi giňden we dabaraly belleniljek Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary syýasat ugry bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmagy bilen Bitaraplyk ýaly bu hormatly derejäni beren Milletler Bileleşiginiň ynamyny doly ödeýär hem-de rowaçlyga we durnukly ösüşe tarap ählumumy tagallalara, hakykatdan-da, mynasyp goşant goşýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder