4 Aralık 2015 Cuma

Bitaraplyk Baýramynyň Hormatyna Ýaryşlar

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetip gelýän şanly baýramçylyga – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan figuralaýyn typmak boýunça ýaryş geçirildi. Onda dört ugur boýunça medallar ugrunda bäsleşildi.

Bäsleşikden daşary çykyş eden türgenleriň toparynda çekeleşikli ýaryş  boldy. Onda şu ýylyň tomsunda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda halkara taýýarlygyny geçen türgen zenanlar bäsleşdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen “Maral” tans topary üçin Moskwada iki aýlyk okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary guraldy. Olaryň barşynda watandaşlarymyz figuralaýyn typmak boýunça dünýä belli tälimçileriň biri – Ýelena Çaýkowskaýanyň ýolbaşçylygynda türgenleşdiler. Ýeri gelende aýtsak, Russiýanyň tanymal türgeni we tälimçisi olimpiýa çempionlarynyň ençemesini ýetişdirip, gyşky oýunlar sportunyň türkmen mekdebini ösdürmäge hem önjeýli goşant goşdy. Munuň şeýledigini türgen zenanlarymyzyň çykyşlary aýdyň görkezdi. 

Bäsleşikden daşary gatnaşýanlaryň toparynda iň gowy çykyşy Wiktoriýa Jumaýewa (tälimçisi Galina Mowsesýan) görkezip, birinji orny eýeledi. Ikinji orna bolsa Ýana Wahitowanyň şägirdi Ylaýym Ataýewa mynasyp bolup, ol bäsdeşinden 0,1 ball bilen yza galdy. 

Şeýle hem şu gün dürli toparlarda I.Çaryýew, Ý.Muhammetmyradow, W.Ataýan, L.Wahitowa, A.Baýramowa, L.Ataýewa we S.Gulýans baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olar diňe altyn medallary däl-de, eýsem, täze normatiw derejeleri gazandylar. 

Şu günler Konkide ylgaýjylaryň halkara federasiýasyndan (ISU) hoş habar gelip gowuşdy, bu federasiýa sportuň figuralaýyn typmak, şort-trek we konkili ylgamak ýaly görnüşlerini öz içine alýar. Türkmenistanyň milli olimpiýa komitetiniň hem-de Sportuň gyşky oýunlarynyň milli merkeziniň türkmen sport guramasyny ISU-nyň düzümine girizmek baradaky ýüztutmasyna kanagatlanarly jogap alyndy. 

Gepleşikleriň barşynda geljek ýyl Aşgabatda tälimçiler we eminler üçin  okuw maslahatlaryny geçirmek üçin Türkmenistana Konkide ylgaýjylaryň halkara federasiýasynyň hünärmenleriniň geljekdigi bellenildi. Olar Türkmenistanyň figuralaýyn typmak boýunça birinji çempionatyny geçirmäge ýardam ederler. Şonda okuw tapgyryny geçen tälimçilerimiz we eminlerimiz özboluşly synagy tabşyrmaly bolarlar.

Türkmenistanyň Gyşky sport oýunlarynyň milli merkeziniň ISU-nyň düzümine girizilmegi baradaky mesele Konkide ylgaýjylaryň halkara federasiýasynyň 2016-njy ýylyň iýunynda Horwatiýanyň Dubrownik şäherinde geçiriljek kongresiniň barşynda çözüler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder