15 Aralık 2015 Salı

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” DK-niň suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Ukrainadan Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million dollaryna golaý boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 630 müň manatdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder