24 Kasım 2015 Salı

Ýurduň Bugdaý Ekilen Meýdanlarynda Ideg Etmek Işleri Alnyp Barylýar

Ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda bugdaýlaryň gowy hilli ösüp boý almagyna gönükdirilen toplumlaýyn ideg etmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Eýýäm gök öwsüp oturan bugdaý ekilen meýdanlara ösüş suwy öz wagtynda berildi. Ekinleriň beýleki meýdanlarynda, ýagny ýaňy gögerip ugran bugdaýlary suwarmak işleri alnyp barylýar. 

Hapa-haşal otlara we zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek işleri amala aşyrylýar. Bu işlerde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň tehnikalary – pürküji we beýleki kömekçi abzallar tirkelen sürüm traktorlarynyň bir ýarym müňe golaýy netijeli ulanylýar. 

Ýurduň güýzlük bugdaý ekilen meýdanlaryna ideg etmek işleri ekiş tamamlanan badyna, ýagny geçen aýyň ahyrynda badalga berildi. Şu ýyl Türkmenistan boýunça 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 209 müň gektara, Lebap welaýatynda 157 müň gektara, Mary welaýatynda 180 müň gektara, Daşoguz welaýatynda 157 müň gektara we Balkan welaýatynda 57 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. 

Geçen ekiş möwsüminde ýurduň welaýatlarynda umumylykda 200 müň tonna saýlama bugdaý tohumy ekildi. Toplanan baý tejribä we bugdaý ýetişdirmegiň däp-dessurlaryna daýanmak bilen, türkmen ekerançylary bugdaýyň diňe iň gowularyna, barlanyp, synagdan geçenlerine, ýokary hasyl berýänlerine, kesellere garşy durýanlaryna we ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşan görnüşlerine esasy ünsi berdiler. 

Şunuň esasynda hem bugdaýyň görnüşleriniň 15-si geljekki hasylyň esasyny düzdi. Olardan bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Мiras”, “Türkmenbaşy”, “Batko”, “Wassa”, “Irişka”, şeýle hem bugdaýyň gaty görnüşleri bolan – “Türkmenbaşy-1”, “Akbaş”, “Krupnika” ýaly görnüşlerini görkezmek bolar. 

Türkmen gallaçylary 2015-nji ýylda bugdaý ekilen meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny almagy maksat edinýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda – 450 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý almak göz öňünde tutulýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder