7 Kasım 2015 Cumartesi

Ylmy Bäsleşik

Türkmen oba hojalyk institutynyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň jemi jemlendi. 

Emin agzalaryna ekerançylygy we maldarçylygy kämilleşdirmek, ýurduň düri howa-toprak şertlerinde ekilýän oba hojalyk ekinlerini agrotehniki taýdan ösdürip ýetişdirmegi işläp taýýarlamak, geljegi uly bolan tehnologiýalary we ylmy işleri iş ýüzüne ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak, oba hojalyk önümçiliginde innowasion tehnologiýalary ulanmak, kompýuter taýdan programmalaşdyrmak ýaly möhüm temalar boýunça işleriň on sekizisi hödürlendi. 



Birinji ýeri “RHR programmalamagyň diliniň kömegi bilen elektron kitaphanasyny döretmek” temasy boýunça gözleg işlerini işläp taýýarlan institutyň agronomçylyk we weterinariýa bölüminiň üçünji ýyl talyby Maksat Mirabow eýeledi. Ikinji orna oba hojalygynyň gidromeliorasiýasy we mehanizasiýasy bölüminiň bäşinji ýyl talyby Begençberdi Orazberdiýew mynasyp boldy. Onuň ylmy işi Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde käşiri damjalaýyn usulda suwarmakda suw kadasyny öwrenmege bagyşlanypdyr. 

Ýene-de bir baýrakly orna agronomçylyk we weterinariýa bölüminiň dördünji ýyl talyby Humaý Çaryýewa mynasyp boldy. Onuň ylmy işi Borland programmalaşdyrmagyň dilinde innowasion programmalary işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Üçünji orny agronomçylyk we weterinariýa bölüminiň talyplary “weterinariýa” bäsleşigine ylmy işi hödürlän Annatäç Saparowa we “Bank karzlaşdyrmak ulgamynda innowasion ugurlar” atly ylmy işi taýýarlan Aşyrgeldi Ataýew dagy eýelemegi başardylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder