24 Kasım 2015 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Abdelmalek Sellal bilen duşuşdy. 

Alžiriň Hökümetiniň Baştutany türkmen Liderini mähirli mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wagt tapandygy we döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi. Premýer-ministr Abdelmalek Sellal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdul Aziz Butaflikanyň mähirli salamyny ýetirip, öz ýurdunda türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasatyny hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we ählimumy abadançylygy üpjün etmek boýunça döredijilikli başlangyçlarynyň doly goldanylýandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany milli Liderimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, bu halkara hukuk derejesiniň iki ýurduň gatnaşyklaryndaky ähmiýetini we uly ornuny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Alžiriň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşamaga çagyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. 

Türkmen Lideri gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, şu gün bu möhüm meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň halkara energetika gepleşiginiň örän möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüljekdigini belledi. Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak bilen, bu ulgamda ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar, yzygiderli ýagdaýda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Häzirki döwürde ählumumy energiýa gepleşiklerini ähli gatnaşyjylaryň bähbitleriniň deňeçerligi esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge ýardam edýän düýpgöter netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň uly ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we täze gurallar energiýa serişdeleriniň önümçiligi ulgamyny hem, olary sarp edijä çenli ýetirmegi hem öz içine almalydyr. Şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu ulgamda biziň tekliplerimiziň we işlerimiziň many-mazmunyny kesgitleýär dýýip, türkmen Lideri belledi. 

Alžiriň Premýer-ministri Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça saýlap alan strategiýasyna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň tebigy gazy eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuz we ygtybarly şertelrini döretmäge gönükdirilen türkmen döwletiniň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin ähmiýeti bellenildi. 

Alžiriň Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Eýranda geçirilýän Sammit örän möhüm çäredir. Forumyň jemleri dünýä energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli, adalatly we deňeçer nusgalaryny döretmek boýunça tagallalary jemlemäge ýardam berer diýip, Premýer-ministr Abdelmalek Sellal aýtdy. 

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-alžir gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlary görkezildi. Medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri söhbetdeşligiň ýene bir ugry boldyB munuň özi iki halkyň we ýurduň arasyndaky dowtluk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Alžiriň hökümetiniň Baştutany duşuşygyň ahyrynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk we özara bähbit esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine özara ynam bildirdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder