7 Kasım 2015 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, onda degişli hasabatlaryň diňleniljekdigini we ýerine ýetirilen işlere baha beriljekdigini hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselesine serediljekdigini aýtdy. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

İlki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hasabat döwrinde 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda DIM-niň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Muňa hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparlary hem-de daşary döwletleriň birnäçe ýolbaşçylarynyň ýurdymyza bolan saparlary aýdyň subutnamadyr. Ýokary derejede geçirlen duşuşyklar we gepleşikler dostlukly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädime öwrüldi.

Türkmenistana gelýän daşary ýurt wekiliýetleriň sanynyň yzygiderli artmagy hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen gatnaşyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiginiň tasssyknamasydyr. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler dünýäniň beýleki döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary hem-de özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilendir. Hasabat döwrinde   bilelikdäki hökümetara toparlarynyň birnäçe mejlisleri geçirildi. Olaryň işleri dürli ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görülişi hem-de çäreleriň we dabaralaryň degişli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Şu güne çenli şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň işjeň gatnaşmagyndaky guralan çäreleriň 414-si geçirildi. Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Daşary ýurtlaryň köpçilikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmen döwleti hem-de onuň Bitaraplyk derejesi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli alnyp barylýan döredijilikli parahatçylyksöýjilik syýasat barada köpsanly mowzuklaýyn makalalary çap edildi.

12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek dabaralaryň deslapky maksatnamasy hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şol dabaralaryň  hatarynda ýokary derejeli halkara maslahaty hem-de baýramçylyk konserti hem-de beýleki çäreler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine mundan beýläk-de yzygiderli eýerjekdigini, döwletara derejesinde bolşy ýaly, sebit we halkara derejesinde hem netijeli gatnaşyklary has-da ösdürjekdigini belläp, döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagyna ygrarlydygyny tassyklady. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Biraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä ünsi çekip,  BMG-niň  Baş Assambleýasynyň ýörüte kararnamasy bilen ýurdumyza berlen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylygy, howpsyzlygy hem-de durnuklylygy saklamagyň anyk ýagdaýy bolup çykyş edýändigini, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň rowaç ösüşiniň kepili bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, özüniň parahatçylyk we döredijilik mümkinçiliklerini bu ugurda yzygiderli çäreleri görip, bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtap, öňde boljak uly dabaralara taýýarlyk görlüşini utgaşdyrmak boýunça degişli merkezi döretmegi tabşyryp, ähli zerur bolan meseleleri her hepdede ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de öz wagtynda çözmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz  köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygy barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň on aýyndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny durnukly ösdürmäge, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap düzümi döretmäge, şeýle hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. 

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe ähli pudaklarda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 107,5 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüşler senagat pudagynda 102,6 göterime, gurluşykda 111,5 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 111,8 göterime, söwdada 112 göterime, oba hojalygynda 111,9 göterime hem-de hyzmatlar ulgamynda 110,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň on aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 106,5 göterim üpjün edildi. 

Wise-premýer bölek satuw haryt dolanyşygynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artandygyny belledi. Halkyň sarp edýän  harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenilen çäklerde saklanyldy. 

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy. 

Hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn ösüş gazanyldy. 

Wise-premýer maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň 108,2 göterime bolandygyny habar berdi. 

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 144 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 183 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň zähmet borçlaryny ýerine ýetirende işgäriň saglygyna ýetirilen zyýanyň iş beriji tarapyndan öweziniň dolunmagynyň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky Kararyň taslamasyny taýýarlamak barada ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty hem-de 2016-njy ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi. Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabininiň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylan maglumatlary we hasaplamalary esasynda geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenstanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary Türkmenistanyň Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleri tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri baradaky hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini saklamak, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe – ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýetiň kadalaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary babatda gözegçilik edýän edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işelri dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  B.Hojamämmedowa, dokma senagaty,  demir ýol ulaglary ministrlerine, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu düzümleriň işiniň talabalaýyk guralmandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda käbir kemçilikleriň  bardygyny belläp, şol edaralaryň ýolbaşçylaryna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu pudaklardaky maliýe-ykdysady ýagdaýy seljermegiň wajypdygyny nygtap, ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz "Zähmet borçlaryny ýerine ýetirende işgäriň saglygyna ýetirilen zyýanyň iş beriji tarapyndan öweziniň dolunmagynyň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky" karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň düzgünlerini öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz 2016-njy ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny, umuman, makullap, baş maliýe meýilnamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek baradaky resminama gol çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow şu ýylyň 9 aýynda  maliýe- býujet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, ministr ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 101,6 göterime, çykdajy böleginiň 85,9 göterime deň bolandygyny aýtdy. Durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 79 göterimi gönükdirildi. 

Ýerli býujetiň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,5 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň 1-nji noýabryndaky  ýagdaýa görä, salgytlaryň daşary ýurt pul görnüşinde gelip gowuşmagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 13,8 göterim ýokarlandy.

 "Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işler barada hem aýdyldy. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Merkezi, pudaklaýyn we welaýat balans toparlarynyň mejlisleriniň 111-si geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň, kärhanalaryň 372-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi. 

Maliýe ministri hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Býujet kodeksini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini, gymmat bahaly kagyzlar bazaryny ösdürmek meseleleri boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň  işlenilip taýýarlanylandygy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine hem-de býujet serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy. Degişli ulgamyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň hem möhüm mesele bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň  ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow  "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň"  ýerine ýetirilişi hem-de 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu görkeziji 2014-njiý ylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 8,2 göterim ýokarlandy. Welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň noýabr aýynyň 1-indäki ýagdaýa görä, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin  rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda,  ýurdumyz boýunça durmuş maksatly desgalaryň 109-synda gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million inedördül metrden gowragynyň gurluşygy amala aşyrylýar, suw, lagym, gaz we elektrik geçirijileriň 3357 kilometri çekilýär,   dik guýularyň 54-si, awtomobil ýollarynyň 436 kilometri gurulýar, telefon ulgamlarynyň 391, 4 kilometri çekilýär.

Hasabat döwründe "Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde kärhanalaryň we desgalaryň 34-si hususylaşdyryldy. Mundan başga-da, döwlet emlägini kärendesine bermek hakynda 2687 şertnama baglaşyldy.  Kärendeden alnan girdejileriň mukdary 97 million 348 müň manada deň boldy. 

On aýyň jemleri boýunça maýa goýum taslamalarynyň 176-sy hasaba alyndy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 117,3 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ministrlikler we pudak edaralary,  häkimlikler bilen bilelikde welaýatlary ösdürmegiň milli maksatnamalarynda kesgitlenen  wezipeleri öz wagtynda çözmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, işleriň ýokary hilli bolmagyny we gurluşyklary tamamlamagyň möhletleriniň berjaý edilmegini  berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzda işewürlik gurşawyny has-da gowulandyrmak maksady bilen degişli işleriň geçirilmegine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýet we ösüş ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenstanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2015-nji ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.  

Hasabat döwründe 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köpüsi boýunça önümçiligiň möçberiniň artmagy üpjün edildi. Şeýlelikde, nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 106,5 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,7 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,9 göterime, kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,2 göterime, nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 122,5 göterime, nebit koksynyň öndürişiiniň ösüş depgini 100,1 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini hem 100,1 göterime, sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 104,6 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 117,6 göterime, plastmassadan edilen turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 105,5 göterime, demir önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,7 göterime, nah ýüplükleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 101,2 göterime, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 108,4 göterime, gaýtadan işlenen balyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 150,4 göterime, mineral suwlaryň we şerbetli içgileriň öndürilişiniň ösüş depgini 111,2 göterime, unaş önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime, derman senagatynyň önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 142 göterime deň boldy. Hasabat döwründe mineral dökünleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 2,1 esse üpjün edildi. 

Oba hojalyk pudagynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişi bellenilen meýilnama laýyklykda 760 müň gektarda geçirildi. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň meýilnamasy 100,8 göterim berjaý edildi. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök we bakja önümleriniň, et-süýt önümleriniň öndürilişinde oňyn netijeler gazanyldy. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sany köpeldi. 

On aýyň netijeleri boýunça gurluşyk ulgamynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleri 2014-nji ýylyň degişli döwründäkiden 13,9 göterim ýokarydyr. 

Şu ýylyň on aýynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy. Şu döwürde ýolagçy dolanyşygynyň umumy ösüş depgini 102,7 göterime, şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterime, demir ýol ulagynda 100,7 göterime, howa ulagynda 100,1 göterime, suw ulagynda 139,7 göterime barabar boldy.  Elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýaýrawynyň yzygiderli giňelmegi bu hyzmatlaryň möçberiniň 2014-nji ýylyň on aýyndaka görä 9,3 göterim köpelmegini üpjün etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň hemmetaraplaýyn seljermesini geçirmegiň, statistiki barlaglary umumylaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ykdysady pudaklaryň ösüşiniň ýagdaýyny çaklamaga, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmaga  aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, statistika edaralary tarapyndan geçirilýän işleriň derejesine nägilelik bildirdi.  

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew  şu ýylyň 10 aýynda bank ulgamyna degişli edaralaryň geçiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň daşary ýurt pulundaky girdejileri, milli pulumyzyň durnukly hümmetini saklamak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini, gelip gowuşýan walýuta serişdelerini artdyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz  bu wezipäniň ähmiýetini belläp, ýolbaşçylaryň hemmesiniň degişli ugurda zerur bolan işleri geçirmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde şu mesele boýunaça ýolbaşçylara berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garalar. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada hasabar berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 106,5 göterime, burawlaýyş işleriniň ösüş depgininiň 123,9 göterime, maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň ähli çenşmeleri boýunça özleşdirilen serişdeleriň ösüş depgininiň  149,1 göterime barabar bolandygy bellenildi. 

Hasabatyň çäklerinde tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzinini, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebithimiýa önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki–ykdysady görkezijiler, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän bölegini gurmak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hormatly Prezidentimize saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatmak haýyşy bilen ýüzlendi. 

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça ýerine ýetiren uly işleri, tutanýerli zähmeti üçin B.Hojamuhammedowa minnetdarlyk bildirip, wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyrdy we ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumynyň işine gözegçilik  edýän orunbasary wezipesine Ýagşygeldi Kakaýewi belledi. Ol häzirlikçe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory wezipesini hem ýerine ýetirer. 

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, ýangyç-energetika toplumynyň täze bellenen ýolbaşçysyna işinde üstünlikler arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamagyň taryhy ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň möhüm ykdysady, durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge ýardam etjekdigini belledi. Mundan başga-da, täze iş orunlarynyň müňlerçesini açmaga, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş-üpjünçilik düzümini döretmäge mümkinçilik peýda bolar. Esasysy bolsa, tutuş sebitde durnukly syýasy we durmuş ösüşini gazanmak üçin amatly şertler dörär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda "Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan" gaz geçirijisini gurmak hakyndaky" Karara gol çekip, wise-premýere täze giň möçberli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagyna degişli anyk tabşyryklary berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada, şeýle hem 11-13-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda  hem-de Daşoguz welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe milli baýramçylyklara hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli çäreleriň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy daşary ýurtlarda wagyz etmäge hem-de türkmen halkynyň medeniýetini hem-de sungatyny dostlukly ýurtlarda tanyşdyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň ençemesiniň geçirilendigi bellenildi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralýan çäreler dowam edýär, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýär. 

Neşirýat işi kämilleşdirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýylyň başyndan bäri kitap önümleriniň 306 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar üçin suratlar bilen bezelen ertekili   kitaplar we beýleki neşirler çap edildi. "Galkynyş" kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny 278 müň nusgalykdaky 59 görnüşli kitap önümleri bilen üpjün etdi. 

Wise-premýer «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden tanymal alymlaryň we hünärmenleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de ýurdumyzyň gazananlaryny bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen beýleki çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, wise-premýere olary ýokary derejede guramak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmen paýtagtyny toplumlaýyn ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň täze desgalaryny açmak dabaralaryny ýokary derejede guramak babatda aýratyn tabşyryk berildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuşyndaky bu möhüm wakanyň türkmen halkynyň ajaýyp däplerine laýyklykda aýdyň we ýatdan çykmajak baýram hökmünde bellenilip geçilmelidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara ylmy maslahata ünsi çekip, türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetine eýe bolan taryhy-medeni mirasyny, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym we medeniýet ulgamlarynda gazanan üstünliklerini  mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde forumyň möhüm ornuny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.  

Soňra  "Galkynyş" milli at üstündkäi oýunlar toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen II Halkara sirk sungaty festiwalynda uly ýeňiş gazanandygy baradaky hoş habary aýtdy. Türkmen ýigitleri dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowular diýlip ykrar edildi hem-de festiwalyň baş baýragyna – Gran-pri Altyn kubogyna mynasyp boldular. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýigitlerini abraýly halkara gözden geçirilişinde gazanan nobatdaky uly ýeňşi bilen gutlap we eziz Watanymyzyň halkara abraýyny  artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny bütin dünýä ýaýmakda onuň ähmiýetini nygtap, olara berk jan saglyk hem-de ussatlygyň täze belent sepgitlerine  ýetmegi arzuw etdi. 

Şeýle hem  döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowany Mary welaýaty boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew geçen on aýyň içinde gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada, şol sanda pudakda  alnyp barylýan gurluşyklar, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüş depginlerini häsiýetlendirýän görkezijiler hakynda hasabat berdi. 

Hasabat döwründe ýurdumyz boýunça 16 müň 850 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 31-si hem-de 2 müň 570 orunlyk çagalar baglarynyň 15-si,   A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Lebap welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ulanylmaga tabşyryldy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli   orta hünär okuw mekdepleri döredildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 248-si taýýarlanyldy, olardan 154-si neşir edildi. 

Türkmen mekdep okuwçylary ýylyň başyndan bäri halkara bilim bäsleşiklerinde medallaryň 132-sini, şol sanda 45 altyn, 50 kümüş we 37 bürünç medal gazandylar. Halkara ders hem-de Internet bäsleşiklerine gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary medallaryň 114-sine: 20 altyn, 47 kümüş we 47 bürünç medallara, 19 diploma we 8 şahadatnama mynasyp boldular.

Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşiniň görkezijileri barada aýdyldy. Derman önümçiliginden gazanylan girdejiniň möçberiniň ösüş depgini 142 göterime, daşary ýurt pulunda alnan girdeji 103 göterime barabar boldy. 

Sport we syýahatçylyk pudagynda has maksada gönükdirilen işler işjeň alnyp barylýar. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda 88,4 müň töweregi syýahatçylara hyzmat edildi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň maliýe-hojalyk işlerinden alnan girdejiniň ösüşi 111,6 göterim, daşary yurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 102 göterim boldy.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejeli ýaryşlaryň 156-sy hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 78-si guraldy. Türgenlerimiz daşary ýurtlarda halkara ýaryşlarynyň 142-sine gatnaşyp, medallaryň 319-syny: 116 altyn, 73 kümüş, 130 bürünç medal gazandylar.

Soňra wise-premýer jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça edaralaryň bilelikdäki işlerini utgaşdyrmak hem-de 2015-nji ýylyň 17-nji iýulynda kabul edilen "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de keselleriň öňüni almaga köptaraply çemeleşmeleri ornaşdyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylygynda topar, şeýle hem şeýle toparlary ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň ýanynda döretmek tabşyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň uzakmöhletli durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasynda ýurdumyzyň bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň aýratyn ornuň kesgitlenendigini belledi. Hut şu belent wezipeler bilen döwlet syýasaty hem-de bu pudaklardaky ähli özgertmeler kesgitlenýär. 

Şu babatda döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri çaltlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de işgärler mümkinçiligini pugtalandyrmak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekip hem-de onuň düzgünnamasyny we düzümini tassyklap, döwrebap talaplary nazarda tutup, ilata lukmançylyk kömegini bermekde, onuň görnüşleri hem-de derejesi boýunça hiline we netijeliligine baha bermegiň ýeke-täk ölçegini işläp düzmegi, şeýle hem köpçülikleýin öňüni alyş işleri babatda yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi. 

Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe bitirilen işler hem-de edilen hyzmatlar babatda meýilnama 114 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 114,4 göterim boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115 göterime ýetdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmat etmekde ösüş depgini 116,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 100,8 göterime barabar boldy.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,6 göterime deň boldy. Bu döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 510 müň telefon nokatlary, şol sanda 477,5 müň öýjükli belgi, 6,5 müň radiotelefon belgi hem-de 26 müň ýerli telefon nokady gurnaldy. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 12 müň 336 telefon belgilik beketleri gurnaldy hem-de 1 müň 881 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

"Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugy boýunça degişli döwürde howa ulaglarynda hyzmat etmekde ösüş depgini 115,4 göterime ýetdi. 

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 129,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,2 göterime we 140 göterime barabar boldy. 

Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň takyk işiniň Türkmenistanyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän kesgitleýji ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki eýýamda bu pudaga ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň hili we ygtybarlylygy babatda ýokary talap bildirilýär. Bu hem netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, transkontinental üstaşyr-ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz pudak kärhanalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnikalaryny hem-de enjamlaryny has doly we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşlerinde hyzmat etmegiň ýokary derejesini hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şu ýylyň on aýyndaky işleriň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda  öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň möçberi boýunçe meýilnama 119,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,4 göterim, şol sanda sement öndürmekde 104,6 göterim, magdan däl serişdeleri öndürmekde 128,8 göterim, keramzitiň öndürilişinde 113,9 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişinde 105,6 göterim boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 110,2 göterim ýerine ýetirildi, çykarylýan önümleriň möçberiniň ösüş depgini 103 göterim boldy. Hususan-da, nah ýüpligiň öndirilişi boýunça 101,2 göterim, nah matalaryň öndirilişi boýunça 108,4 göterim, tikin we örme önümleriniň öndirilişi boýunça 108,3 göterim, ýüpek matalaryň öndirilişi boýunça 100,1 göterim, aýakgabyň öndirilişi boýunça 100,1 göterim we gön önümlerini öndürmek boýunça 100,2 göterim ösüş gazanyldy.

"Türkmenhaly" döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylyň on aýynda öndürilen önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 107,5 göterime deň boldy. Şu döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan 35 müň 113 inedördil metr haly önümleri dokaldy.

"Türkmenhimiýa" döwlet konserni boýunça hasabat döwründe ösüş depgini iki esseden  gowrak artyp, 210,5 göterime, şol sanda mineral dökünleriň önümçiliginde 206,8 göterime, tehniki ýody öndürmekde 100,3 göterime, tehniki uglewodyň öndürilişi boýunça 104,8 göterime, natriý sulfatyny öndürmekde 118,7 göterime   ýetdi.   

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 176,9 göterime, tutylan balyklar boýunça ösüş depgini 193,3 göterime, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 150,4 göterime barabar boldy. 

Wise-premýer hasabatynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň dokma we haly kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da netijeli herekete getirmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyp, Türkmenistanda öndürilýän ýüňi daşary ýurtlarda ýerlemegi kämilleşdirmek hakynda hem-de "Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta süýümini ýerlemek hakynda" kararlaryň taslamalaryny Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady kuwwaty artdyrmagyň ileri tutylýan wezipeleriniň hatarynda  döwlet strategiýasynyň ýurdumyzyň çig mal serişdelerini, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda has doly peýdalanylmagyny gazanmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Milli Liderimiz dokma senagatynyň hem-de halyçylyk pudagynyň düzim bölekleriniň öňlerinde durýan möhüm wezipäniň hojalyk işlerini  dolandyrmagyň iň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyryp, bu ulgamda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny seljermek arkaly pudagyň daşary we içeri bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjin etmekden ybaratdygyny nygtap, degişli resminamalara gol çekdi.          

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we edaralarynda on aýda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aşgabat şäher häkimligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça ösüş depgininiň 119,8 göterime deň bolandygyny habar berdi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeleri özleşdirmek boýunça meýilnama  125,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň ösüş depgini haabat döwründe 118,4 göterime deň boldy, meýilnama 127,2 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy, meýilnama 138, 4 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça şol görkejizi 102,8 göterime, onuň eksporty boýunça 109, 4 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi boýunça ösüş depgini 110,2 göterime deň bolup, meýilnama 112, 7 göterim ýerine ýetirildi.

"Türkmenawtoýollary" döwlet konserni boýunça degişli görkeziji hasabat döwründe 108, 5 göterime barabar bolup, meýilnama 111 göterim amal edildi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi we degişli resminamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we   iň gowy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşygynyň esasy  ugry bolup durýar diýip belledi. Şunda bu ölçegleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna girizilendigini aýratyn bellemek gerek. Senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýerine ýetirýän işleriniň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etjek guramaçylyk çärelerini hem güýçlendirmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmaga, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge anyk kömek bermekde  ýurdumyzyň goňşy Owganystan babatda ýüze çykýan üýtgewsiz garaýşyny bellemek bilen, milli Liderimiz 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Atamyrat (Türkmenistan)—Andhoý (Owganystan) ugry boýunça Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek hakynda Karara gol çekdi.

Wise-premýere ýakyn geljekde elektroenergetika pudagynda amala aşyrylmagy bellenilen täze düzüm taslamalaryny ilerletmek boýunça  iş depginlerini artdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz  E.Mämmedowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak, S.Kuwwatowany Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi. 

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyna  hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan karbamid dökünini öndürmek we ýerlemek boýunça alnyp barylýan işlere geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky döwürde ýurdumyzda köpsanly iri tehnologik desgalaryň ulanylmaga berilýändigini aýtdy.  Olaryň hatarynda Amyderýanyň we beýleki derýalaryň üstünden geçýän iri köprüler, howa menzilleri, zawod-fabrikler, deňiz porty, Olimpiýa şäherjigi we beýleki birnäçe desgalar bar. 

Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň ählisiniň mähriban halkymyz üçin gurulýandygyny aýdyp, olaryň uzak ýyllaryň dowamynda ýokary hilli işläp, halkymyza hyzmat etmegini gazanmak maksady bilen, ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şoňa görä-de, her bir tehnologik desga kabul edilende bu desganyň halkara güwänamasynyň bolmagyna aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu desgalaryň buýrujysy bolup çykyş edýän edara-kärhanalarda şeýle güwänamanyň bolmalydygyny ähli ýolbaşçylara duýdurdy. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen bilelikde täze gurlan desgalar üçin halkara güwänamasyny almagyň tertibini işläp düzmegi, eger gerek bolsa, bu mesele boýunça Hökümetiň çözgüdini taýýarlamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryndan gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy we gurluşyk işleriniň, şol sanda daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň barşyna gözegçilik etmäge borçly bolan, ýöne bu işlere ýeterlik derejede üns bermeýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň adyna birnäçe bellikleri aýtdy. 

Wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa bu babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz  paýtagtymyzda dürli halkara çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini, şähere köpsanly myhmanlaryň gelýändigini nygtady. Şoňa görä-de, gurluşyk işlerini örän ýokary hilli alyp barmak, buýrujy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem bu işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder