26 Kasım 2015 Perşembe

Türkmenistan–BMGÖM

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryş ulgamyny strategik meýilleşdirmek boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady. Bu maslahat Akademiýasynyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýär. Duşuşyga milli parlamentiň deputatlary, käbir ministrlikleriň we edaralaryň esasy hünärmenleri, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri çagyryldy. 

Maslahatyň esasy maksady döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda, merkezi we ýerlerdäki dolandyryş düzümleriniň işini utgaşdyrmakda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda ulanylýan has netijeli dünýä tejribesi bilen tanyşmak bolup durýar. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde häkimiýet we dolandyryş döwlet ulgamynyň kanunçykaryjylyk we hukuk esaslary babatda gullukçylaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça halkara maslahatçy Želko Sewik syn hasabaty bilen çykyş etdi. 

Mälim bolşy ýaly, çuňňur bilimlere, giň gözýetime eýe bolan ýokary hünärli dolandyryjy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Halkara guramalary, şol sanda BMGÖM, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň Ilat Gaznasy, UNISEF, şeýle hem iri daşary ýurt ylmy-okuw merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak hem-de öňdebaryjy usullary okuw işine we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ornaşdyrmak, multimediýaly öwreniş okuw materiallaryny döretmek, daşary ýurtlara hünäri kämilleşdirmek we tanyşlyk saparlaryny guramak şol maksada ýetmäge hyzmat edýär. Häzirki wagtda Akademiýa BMG-niň Ösüşe ýardam etmek (UNDAF) babatda Türkmenistan boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäreler toplumyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar. 

Halkara maslahatçy Želko Sewik daşary ýurtlaryň häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň hojalyk işleri, bank menejmenti, sebitara kooperasiýasy, durmuş we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk babatda halkara tejribesi hakynda döwlet gullukçylarynyň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça leksiýalaryň we okuw sapaklarynyň tapgyryny geçirer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder