29 Kasım 2015 Pazar

Türkmen Türgenleriniň Pauerlifting Boýunça Bürünç Medaly

Türkmenistanyň ýygyny topary pauerlifting boýunça (agyrlygy arkan ýatan ýeriňden götermek) mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryş Wengriýanyň Eger şäherinde geçirildi. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde Daşoguzly türgen Roza Mätýakubowa tapawutlandy.

Ýaryşa dünýäniň 44 ýurdundan 230-a golaý türgen gatnaşdy. Ýewropanyň açyk çempionaty geljek ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek bütindünýä  paralimpiýa oýunlaryndan  öňünçä geçirilmeli iň soňky iri halkara ýaryşydyr. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparlar üçin bu bäsleşikler diňe sport babatda dälde eýsem, ýaryşa gatnaşyjylaryň ruhy we beden taplygy, berdaşlylygy we gujurlulygy babatda hem  jogapkärli synag boldy.  Türkmenistanyň ýygyndysy  bu toparlaýyn bäsleşikde oňat netije görkezdi. 

Roza Mätýakubowa 41 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Ol özüniň ilkinji synagynda 70 kilogram agyrlygyň hötdesinden gelmegi başardy. Bu bolsa onuň Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen sportuň bu görnüşi boýunça örän güýçli türgenleriň ençemesini yza galdyryp, baýrakly orny eýelemegini üpjün etdi.

Toparymyzyň düzüminde Maýagözel Ekäýewa hem oňat netije görkezdi. Ol 73 kilograma çenli agram derejesinde 100 kilogram agramy göterip,  dördünji  orna mynasyp boldy. 

Geçen ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýa paralimpiýa oýunlarynda kümüş medaly eýelän Sergeý Meladze hem iň güýçlüleriň bäşligine düşmegi başardy. Ol 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip 185 kilogram netije görkezdi. 

Şol paralimpiýa oýunlaryna gatnaşan beýleki bir  türkmenistanly türgen, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň wekili Mekan Agalykow 59 kilograma  çenli  agram derejesinde ýedinji orny eýeledi. Ol 158 kilogram agramy götermegi başardy. 

Balkan welaýatyndan bolan pauerliftingçi ussat Baýram Saparow çempionatyň iň güýçli on türgeniniň hataryna goşulmagy başardy. Ol 97 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 175 kilogram netije görkezdi hem-de dokuzynjy orny eýelemegi başardy. 

İndi boýunça milli ýygyndymyzyň erkekler we zenanlar düzümi bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna güýçli taýýarlyk görýärler. Bu jogapkärli ýaryşyň başlamagyna bir ýyla golaý wagt galdy.      

Biziň ýygyndy toparymyzyň pauerlifting boýunça Ýewropa çempionatynda gazanan oňat netijeleri Türkmenistanda sport bilen diňe sagdyn adamlaryň däl-de, eýsem,  jemgyýetiň doly derejeli agzalary bolup durýan beden taýdan mümkinçilikleri çäkli  adamlaryň hem meşgullanýandygyny aýdyň görkezdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder