9 Kasım 2015 Pazartesi

Türkmen Taekwondo Ussatlarynyň Ajaýyp Çykyşy

Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde taekwondo (ITF) boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda “Buhara oblastynyň açyk kubogy“ ugrunda 4-nji halkara ýaryşy başlandy. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndysy iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medala, jemi dört medala mynasyp boldy. 

Söweş sungatynyň bu görnüşini esaslandyran koreý generaly Çoý Hong Hiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanan bu ýaryşa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 500-den gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistanly türgenler ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda şahsy tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde tapawutlandylar. 



Gara guşagyň 1-nji danynyň eýesi Orazmyrat Çaryýew altyn medal gazanyp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine mynasyp goşant goşdy. Halkara derejesindäki ýaryşlarda bu onuň ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýylyň baharynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýanyň 7-nji çempionatynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň 17 ýaşly şägirdi dürli görnüşlerde 5 medala – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldy. Bu üstünlik ýetginjekler toparynda iň ýokary netije boldy. Şoňa görä-de, O.Çaryýew Aziýanyň absolýut çempiony diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, şu ýyl Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçen taekwondo boýunça dünýä çempionatynda Orazmyrat bürünç medaly eýeledi. Onuň ýene-de altyn medala mynasyp bolmagy taekwondonyň ITF ugury boýunça türkmen mekdebiniň halkara derejesinde ýokary abraýynyň bardygyny nobatdaky gezek tassyklady. 

Ýokary derejeli baýragyň ikinjisine ýygyndymyzyň iň ýaş agzalarynyň biri 15 ýaşly Rustam Süleýmanow mynasyp boldy. Bu onuň halkara derejedäki ýaryşda gaznan ilkinji üstünligidir. Bu bolsa ýaş, ýöne gelejegi uly bolan söweş sungaty boýunça ussat türgenimize täze ýeňişlere ýol açýar. 



Kümüş we bürünç medallary degişlilikde gara guşagyň 1-nji danynyň eýeleri Serdar Gurtgeldiýew we Altyn Agaýewa eýeledi. 

Türkmenistanyň taekwondo federasiýasynyň (ITF) başlygy Meret Rozyýewyň aýtmagyna görä, Buharada geçen ýaryş halkara derejesindäki beýleki jogapkärçilikli ýaryşlara – ýetginjekleriň we ulularyň arasynda Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionatlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar. Yklymda birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar aprel aýynda Gazagystanda, dünýä çempionaty bolsa sentýabr aýynda Italiýada geçiriler. 

Buhara oblastynyň kubogy ugrundaky açyk ýaryş 13-nji noýabra çenli dowam eder. Ildeşlerimize erkekleriň arasynda medallar ugrunda ýaryşlar garaşýar. Bu tutluşyklarda türgenlerimiziň ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçilikleri bar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder