7 Kasım 2015 Cumartesi

Parahatçylyk Döredijilik Bitarap Türkmenistanyň Daşary Syýasat Strategiýasynyň Özenidir

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “2015-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine ýigrimi ýyl dolýar. Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy”.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden aýdan sözleri ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalynyň çapdan çykan nobatdaky sanynyň şygaryna öwrüldi. 

2015-nji ýylyň esasy wakalarynyň birine, ýagny hormatly Prezidentimiziň   BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň işine gatnaşmagyna hem-de şol saparyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara bagyşlanan makalalaryň ýygyndysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň umumydünýä maslahatynyň münberinden sözlän sözüniň ýerleşdirilmegi bilen açylýar. Şol ýubileý mejlisiniň işiniň çäklerinde, mälim bolşy ýaly, durnukly ösüş boýunça maslahat geçirildi.  

Türkmen Lideri 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen döwrüň möhüm meselelerini çözmäge esasy çemeleşmeleri şöhlelendirýän ösüş babatdaky 
täze Gün tertibini doly goldaýandygyny aýdyp, müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň berjaý edilmeginiň gazanylmagynyň ýakyn 15 ýyl üçin mundan beýläk-de bilelikde işlemäge pugta esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrüň howplara garşy göreşmekde birnäçe wajyp halkara başlangyçlaryny beýan edip, Türkmenistanyň adamzadyň gymmatly ynsanperwer we döredijilik taglymlaryny goramagyň bähbidine Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşen düzümleri bilen örän işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge pugta ygrarlydygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynyň ahyrynda, Bitaraplyk derejesini berk we yzygiderli goldaýandyklary üçin BMG-a agza döwletleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlaryny şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyklarynyň çäklerinde daşary döwletleriň hem-de iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwrülen parahatçylyk dörediji daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesine ýokary baha berdiler.

Mälim bolşy ýaly, maslahatyň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy we dolandyryjysy hanym Helen Klark, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi, Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis, Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Raýmonds Weýonis, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çýong Tan Şang hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Bin Tun Abdul Razak bilen duşuşdy. Söhbetdeşler düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunda Garaşsyz Türkmenistanyň ajaýyp üstünliklerini belläp, Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň gülläp ösmegi üçin ygtybarly kepillikleri döretjekdigine, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen halkynyň taryhy ýolunyň özboluşlylygyny hem-de döwrüň wajyp meselelerini çözmäge döwrebap çemeleşmeleri özünde jemleýän    parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýörelgesi Türkmenistana Milletler Bileleşiginde diňe bir mynasyp orny däl, eýsem, ýola goýlan däp bolan aragatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan edýän geljegi uly hyzmatdaşlar tarapyndan örän uly gyzyklanmany üpjün edýär. Muňa syn berilýän döwürde /iýul-sentýabr/ Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejede geçiren köpsanly duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeliligi has oňat şaýatlyk edýär. Bulara žurnalda däp boýunça aýratyn bölüm bagyşlanýar. 

Ine, ileri tutulýan ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-3-nji iýulda Gruziýa bolan döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Giorgiý Margwelaşwili bilen  duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.          

10-11-nji iýulda Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen, 24-25-nji awgustda bolsa ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen netijeli gepleşikleri geçiren ýerine öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzy ösdürmegiň hem-de iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň diňe bir ýurtda däl, eýsem, tutuş sebitde hem parahatçylygyň we asudalygyň berkarar edilmegi bilen aýrylmaz baglydygyny nazara alyp, goňşy döwletler bilen dostlukly, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn orun berýär. 

Şu babatda milli Liderimiziň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew (Bişkek, 5-6-njy awgust), Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan (Stambul, 6-7-nji awgust), Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon (Aşgabat, 19-20-nji awgust), Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani (Kabul, 27-nji awgust) bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleri nusgalyk boldy. 

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Haýns Fişer bilen söhbetdeşligiň okyjylarda aýratyn gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir. Ony “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna “Galkynyş” žurnalynyň neşir edijisi hem-de baş redaktory   Neda Berger hödürledi. Makalada bellenilişi ýaly, Bitarap döwlet hökmünde Awstriýa hem-de Türkmenistan köp umumylyga eýedir. Munuň özi türkmen-awstriýa gatnaşyklaryna oňyn täsir edýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda tutýan oňyn ornuny adybir makalasynda belledi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge däl, eýsem, giň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga-da ýardam berýär. Arkalaşygyň işlerine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň bu ýoluna Arkalaşygyň ýurtlarynda hormat bilen garalýar. Munuň özi ýurdumyzyň döwletara gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guramaga bolan gyzyklanmasynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. 

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Nurlan Aýtmurzaýew hem “Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zaman dünýä syýasatynda täsin ýagdaý” hasaplaýar. Ol Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň tejribesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen ilkinji gezek ýurdumyza berlendigini aýdyp, Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň we rowaçlygynyň özenidigini belledi. Munuň özi ähli  döwletler üçin görelde bolup hyzmat edip biler.

Daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, Daşary işler ministrliginiň,  Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri öz makalalarynda parahatçylyk söýüji häsiýetli köptaraply diplomatiýanyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýynyň   görlüp-eşidilmedik belent derejä galandygyny nygtaýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň, islendik meseläni diňe parahatçylykly, gepleşikler geçirmek arkaly çözmäge ygrarlydygynyň   tutuş dünýäde goldawa eýe bolýandygynyň tassyknamasydyr. 

Žurnalyň sahypalarynda gozgalan gyzykly we wajyp meseleleriň hatarynda daşary syýasatda strategiki meýilleşdirişiň ylmy-tejribe esaslary, gender deňligi syýasatynyň ösüşi, milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde halkara şertnamalarynyň ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ýaly meseleler bar. 

Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanýandygyna, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.   

Ilkinji nobatda, köpsanly syýasy geňeşmeler, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, dünýäniň dürli ýurtlarynyň hem-de abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň wekiliýetleri bilen duşuşyklar we gepleşikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň yzygiderli we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýändiginiň hakyky subutnamasy bolup durýar. “Hronika” diýen däp bolan rubrikada şu ylyň üçünji çärýeginde Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar baradaky habarlar ýerleşdirilipdir. 

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň sahypalarynda gozgalýan wajyp mowzuklar diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem köpsanly okyjylaryň arasynda bu neşire uly meşhurlyk getirdi. Şonuň bilen birlikde, üç dilde—türkmen, iňlis we rus dillerinde makalalary çap edýän žurnal Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, öz baş wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýär hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlara hem-de wezipelere dünýä jemgyýetçiliginiň has oňat düşünmegine ýardam edýär. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder