4 Eylül 2015 Cuma

Ýaponiýada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 Ýylygyna Bagyşlanan Tegelek Stoly Geçirildi

2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Prezidentiniň ýokarky palatasynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň hem-de Ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Türkmen-ýapon Assosiasiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy we 2015-nji ýylyň "Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly" diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoly geçirildi.

Tegelek stoluna Türkmen-ýapon dostluk Ligasynyň baş sekretary, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Türkmen-ýapon Assosiasiýasynyň, Halkara ylymlary boýunça ösüş Gaznasynyň wekilleri we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi, Türkmen-ýapon dostluk Ligasynyň baş sekretary we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler we olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň hukuk binýady, onuň özboluşlylygy we aýratynlyklary, Merkezi Aziýa sebitinde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň goşandy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde 3 aýlyk tälim alýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlary hem özleriniň ylmy çykyşlary bilen çykyş etdiler. 

 

Çäräniň ahyrynda Türkmenistandan baran ýaş alymlara minnetdarlyk hatlary we şahadatnamalar gowşuryldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder