4 Eylül 2015 Cuma

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kerimguly Garowow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

***  

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýusup Gurbanberdiýewiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.     

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen,  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek,  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Seýitnazarowiç Kakaýewiň üstüne ýüklenildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder