29 Eylül 2015 Salı

Türkmenistanyň Parahatçylyk Döredijilik Syýasaty Daşary Ýurt Metbugatynyň Üns Merkezinde

Diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Milletler Bileleşigi üçin ägirt uly syýasy ähmiýete eýe bolan wakanyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 70-nji mejlisiniň belent münberinden nobatdaky ählumumy häsiýetli parahatçylyk dörediji başlangyçlary öňe sürmeginiň öňüsyrasynda dünýä jemgyýetçiligi we metbugaty türkmen döwletiniň durmuşynyň dürli meselelerine uly gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar.

Germaniýanyň “Wostok” žurnaly we Hytaýyň “Vitwo” žurnaly ýurdumyza bagyşlanan ýörite sanlaryny taýýarlady. Bu taslama Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt döwürleýin neşirleriniň we ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň bilelikdäki işiniň netijesidir.

“Wostok” žurnaly indi 25 ýyldan bäri neşir edilýär. Ol ýylda dört gezek çykýar, ony nemes dilli ýurtlaryň ählisinde okaýarlar. Neşiriň esasy maksady GDA ýurtlarynda möhüm syýasy, medeni, sungat, syýahatçylyk, sport wakalary barada makalalary çap etmekden ybaratdyr. Žurnalyň “Hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygy: Syýasat. Jemgyýet. Medeniýet” atly ýörite sanynda Türkmenistanyň ösüşiniň daşary we içeri strategiýasy, “Gündogaryň merjeni” – ak mermerli Aşgabat, 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty Mary baradaky we umuman, ýurdumyzyň ähli welaýatlary, olaryň ajaýyp ýerleri, türkmen halkynyň däp-dessurlary hakyndaky makalalar toplumy ýerleşdirildi.

Dürli ugurly makalalarda Türkmenistanyň şu günki ösüşi, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän we bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlary, umuman, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlary barada gürrüň berilýär. Olaryň hatarynda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak boýunça geçirilýän giň möçberli işler, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ýaly wajyp transmilli taslamalar, ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy bilen iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan kosmos maksatnamasy barada gürrüň berýän makalalar bar. Şol makalalarda diňe bir gazanylan üstünlikler sanalyp geçilmän, eýsem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ägirt uly geljegi hem açylyp görkezilýär.

Mowzuklaýyn “şypahana” synynda daşary ýurtly okyjylar ýurdumyzyň meşhur şypahanalary hem-de sagaldyş we dynç alyş merkezleri bilen tanşyp bilerler. Bu toplumda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn orun berlipdir. Neşirde türkmen tebigatynyň gözelliklerine we täsin ýadygärliklerine, şol sanda Köýtendagyň syrly gowaklaryna hem uly üns berlipdir. Taryha bagyşlanan uly toplum meşhur gadymy şäherlerde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri we gymmatly tapyndylar, dünýäniň milli medeni genji-hazynasynyň bir bölegi hökmünde orta asyr binagärlik gymmatlyklary barada gürrüň berýän makalalary özüne birleşdirdi. Bu ýerde milli tagamlar, türkmen halyçylyk sungaty we çeper tikinçilik, atçylyk we beýleki köp zatlar, şeýle hem Aşgabadyň 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görşi baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.

Mundan başga-da, žurnalda köpsanly düşündiriş bermek häsiýetli goşmaça maglumatlar, statistiki maglumatlar getirilipdir. Munuň özi daşary ýurtly okyjylara Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berýär.

Ýewraziýa yklymynyň beýleki bir künjeginde, Hytaýda bolsa hytaý we iňlis dillerinde neşir edilýän “Vitwo” atly köpçülikleýin maglumat-syýasy žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Žurnalyň “Türkmenistan -2015-nji ýyl – Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” atly bu sany ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde taýýarlanyldy.

Žurnalyň sahypalarynda ýaş döwletiň daşary syýasat derejesini saýlap alan taryhy pursadyndan bäri geçen 20 ýylyň döwamynda türkmen Bitaraplygynyň tejribesine giňişleýin seljerme berilýär. Makalalarda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki parahatçylyk döredijilik ugrunyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgelerine hem-de olaryň iş ýüzünde getirýän anyk netijelerine, içerki ösüşde edýän täsirine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez güýç-gaýraty, erk-islegi we öňdengörüjiligi netijesinde olaryň giň möçberli taslamalarda amala aşyrylyşyna jikme-jik garalýar.


Hemişelik Bitaraplygyň strategiýasy babatda Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine dünýäniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlyşy ösdürmekde, ýurduň içinde syýasy durnuklylygy üpjün etmekde hem-de sebitde parahatçylygy berkarar etmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermekde gazanan üstünliklerne syn berilýär. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna hem-de bu guramanyň çäklerinde möhüm ählumumy meseleleri çözmek boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Makalalaryň ählisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijiligiň ygtybarly we giň binýadyna, milli bähbitleri goramagyň kepiline hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine, oňyn halkara gatnaşyklarynyň girewine öwrülendigi baradaky netijä gelinýär.

Hytaý okyjylaryna türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ulgamynyň esasynda onuň filosofiýasy baradaky makalalar hem gyzykly bolar.

Žurnalyň şol sanynyň ykdysady bölümine “Eýýamyň kosmos nyşany”, “Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi - täze çemeleşmeler we talaplar” atly makalalar girizildi. Bu bölümde ýurdumyzyň serişdeler we eksport kuwwaty, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna ibermegiň ählumumy energetika howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýeti baradaky makalalar hem ýerleşdirildi. “Türkmen sporty – täze belent sepgitlere ýetilýär”, “Türkmenistan Aziýada sport hereketiniň täze merkezine öwrülýär” atly makalalar hem ýurdumyzyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Žurnalda ýurdumyzyň diplomatiki wekilhanalarynyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylda geçirilen işewür we döredijilik çäreleri barada hem gürrüň berilýär. Şol çärleriň hatarynda Pekinde guralan Nowruz baýramy, Lançžou şäherinde geçirilen, üstaşyr döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň berkeýändigini nobatdaky subutnamasyna öwrülen “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum hem-de Sian şäherinde geçirilen türkmen-hytaý işewürler maslahaty bar. Hytaýyň paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan köpsanly çäreler –sergiler, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklar guraldy. Şanly sene mynasybetli Pekinde sport festiwaly hem geçirildi.

Germaniýanyň “Wostok” we Hytaýyň “Vitwo” žurnallarynyň ikisiniň hem ýörite goýberişleriniň üsti infogrammalar bilen ýetirildi. Olar sanlar we maglumatlar arkaly ýurdumyzyň ösüşiniň depginine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Neşirlerde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ýylýazgysynyň ajaýyp wakalary şöhlelendirilen köpsanly suratlar hem ýerleşdirildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder