29 Eylül 2015 Salı

Türkmen Türgenleriniň Halkara Ýaryşlarynyň Ýeňijileri Boldular

Türkmenistanly türgenler köpugurly söweş sungaty boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiliginde 5 kümüş we 5 bürünç medal eýeläp, uly üstünlik gazandylar. “Persiýanyň Kubogy” ady bilen geçirilýän uşu boýunça halkara turniriniň barşynda watandaşlarymyz ýene bir bürünç medaly eýelediler.

Russiýanyň  Medyn şäherinde geçirilen köpugurly söweş sungaty boýunça dünýä birinjiligine Germaniýadan, Türkiýeden, Finlýandiýadan, Ysraýyldan, Hindistandan, Mongoliýadan, Nepaldan, Siriýadan, Çernogorinýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşikler “laýt” we nusgawy görnüş boýunça geçirildi. Ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 türgenden ybarat bolup, olaryň her biri iki ugur boýunça 2 medal gazandylar we ýokary tehniki ussatlygy görkezdiler. 

Türgenler meýdançada guralýan tutluşyga gatnaşmazdan öňürti ylgamak, beýik päsgelçilikleri, ýerasty geçelgeleri geçmek, nyşana ok atmak, pyçak zyňmak ýaly ugurlary özünde jemleýän ýörite kesgitlenen päsgelçilik zolagyny geçýärler. Deslapky bäsleşikde dürs çykyş etmedik türgen ýaryş mahalynda jerime aýlawlaryny geçýär. “laýt” bäsleşiklerinde diňe göreş emelleri ulanylýar. Nusgawy ýaryşlarda bolsa urgy tehnikasy goşulýar. 

Biziň toparymyzda Ylýas Berdigylyjow (55 kilograma çenli agram derejesinde) doganlar Meýlis (60 kilogrrama çenli) we Enwer (65 kilograma çenli) Kiçikakaýewler, Amirşa Kabulow (50 kilograma çenli), we Begençmyrat Myradow (70 kilograma çenli) kümüş we bürünç medallary eýelediler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň we  Şöhrat Allaýewiň tälim beren türgenleri final duşuşyklarynda ýer eýeleriniň wekilleri bilen bäsleşdiler.  

Onda ýaş türkmen türgenleri halkara sport  giňişliginde ilkinji gezek çykyş etdiler we şeýle üstünlik gazandylar.  Umumy komandalaýyn hasap barada aýdylanda bolsa, türkmenistanly türgenler üçünji orna düşdüler. Olar birinji ýeri eýelän russiýaly türgenlerden we Özbegistanyň ýygyndysyndan yza galdylar.

Oktýabr aýynyň aýaklarynda Aşgabatda erkekleriň  köpugurly söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Onuň jemleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň gutarnykly düzümi kesgitlener. Dünýäniň ussat türgenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek ol ýaryşlar Russiýanyň Medyn şäherinde noýabr aýynyň  ortalaryna geçiriler.

... “Persiýanyň Kubogy”  ugrunda uşu boýunça guralan halkara turniri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçirildi. Oňa Rusiýadan, ABŞ-dan, Şwesiýadan, Bolgariýadan, Owganystandan, Pakistandan, Indoneziýadan, Wýetnamdan we beýlekilerden-- jemi 18  ýurtdan  türgenleriň 300-e golaýy gatnaşdy. Bu ýaryşa her topar ilkinji gezek çykyş edýän düzüm bilen gatnaşdy. Çünki bu ýaryşlar dünýä çempionatyna taýýarlygyň soňky tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Ol şu ýylyň noýabrynda Indoneziýanyň pýatagty Jakarta şäherinde geçiriler.

Türkmen türgenleriniň arasynda 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Nurmyrat Babaýew bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowdan tälim alan türgen üç bäsleşgi geçirip, yrakly we azerbaýjanly türgenlerden üstün  çykdy we ýarym final oýunlarynda utuk hasaby boýunça Hindistanyň toparynyň wekilinden yza galdy.

Munuň özi halkara bäsleşigindäki ilkinji üstünlik däldir. N.Babaýew geçen ýyl  we şu ýyl Ermensitanda we Gruziýada geçirilen turnirlerde kümüş baýraga mynasyp boldy. Ine indi bolsa has iri bäsleşiklerde bürünç medaly eýeledi. Munuň özi dünýä çempionatynda türkmen türgeniniň has-da şowly çykyş etmegine  kuwwatly itergi berer.

Soňky günleriň möhüm wakalarynyň hatarynda ýakynda paýtagtymyzyň  Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebinde Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda 80-ne golaý  ýurduň wekillerini ýygnan  Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň  hormatly Prezidentimiziň gataşmagynda geçirilen 34-nji Baş Assambleýasynyň meýletin ýardamçylar   sertifikatlaryň  gowşurylandygyny belläp geçmek gerek. Baş Assambleýanyň mejlisinde  2017-nji ylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Assambleýanyň işine hyzmat etmäge meýletinçileriň 200-e golaýy gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan söhbetdeşlik arkaly seçilip alyndy.

Meýletin ýardamçylar dürli ugurlar boýunça bölündiler. Olaryň hatarynda terjimeçi assistentler,  utgaşdyrjylar, dolandyryjylar, myhmanlary garşylamaga we olara hyzmat etmäge jogapkärler we beýlekiler bar.  Meýletinçileriň köpüsiniň iri halkara sport çärelerini guramakda baý tejribe toplandyklaryny bellemeli. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ХХVII Aziýa oýunlary—2014, geçen ýylyň tomsunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen windsörfing boýunça Dünýä kubogynyň tapgyryna, şu ýyl Bakuwda geçirilen I Ýewropa oýunlaryna we yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara gatnaşanlary bar. 

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň  nobatdaky mejlisi, daşary  ýurtly  myhmanlaryň aýtmagyna görä, ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, dünýäniň sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açjak Aziada-2017-ä türkmen meýletinçileriniň taýýardygyny äşgär etdi. Çünki ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlary diňe bir Aziýa ýurtlarynyň däl, eýsem Okeaniýa döwletleriniň toparlaryny ilkinji gezek özünde jemlär.

Meýletin ýardamçylara sertifikatlar Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan gowşuryldy. Onuň barşynda Aziýa Olimpiýa Geeňşiniň Baş Assambleýasynyň barşynda has tapawutlanan meýletinçi ýardamçylar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder