4 Eylül 2015 Cuma

TDIM-niň Halkara Gatnaşyklary Instituty Bilen TIKA-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk

2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi (TIKA) bilen bilelikde halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dillerindäki edebiýatlaryň kitaphanasynyň we Halkara žurnalistika fakultetinde amaly dersleri geçirmek üçin häzirki zaman okuw telestudiýasynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň Premýer ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligiň (TIKA) başlygynyň orunbasary Mehmet Süreýýa Eriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Dabaranyň barşynda nygtalşy ýaly, döredilen kitaphananyň we okuw studiýasynyň Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder