4 Eylül 2015 Cuma

Minskde Ylmy Maslahat Geçirildi

2015-nji ýylyň 27-nji awgustynda Minsk şäherinde GDA-nyň Ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna we 2015 ýylyň “Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanylyp ylmy maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Minsk şäherindäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýardam bermeginde guraldy.
 
Maslahatyň işine Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublikan geňeşiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Minskde akkreditirlenen Diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, Belarus Respublikasynyň Milli Akademiýasynyň we Prezidentiniň ýanyndaky Akademiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de maslahata Belarus Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
 
Maslahatyň dowamynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary - GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary W.Garkun, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygynyň orunbasary N.A.Kýaslikowa, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Minskdäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Z.Gajiýew, Gazagystanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi Ý.B.Bulegenow, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Akademiýanyň dosenti N.N.Akimow we baýry mugallymy A.Şust, Belarus döwlet Uniwersitetiniň kafedra müdiri S.W.Reşetnikow dagylar özleriniň ylmy çykyşlary bilen çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler häzirki zaman Türkmenistanyň batly gadamlar bilen ösmeginde, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde hem-de bütin dünýäde syýasy abraýynyň ýokarlanmagynda Bitaraplyk syýasatynyň uly ähmiýetini belläp geçdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder