4 Eylül 2015 Cuma

Hormatly Mugallymlar we Bilim Işgärleri!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýändigini alamatlandyryan şanly baýram - Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2015-2016-njy Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu ajaýyp baýramyň göwün galkyndyryjy dabaralary siziň her biriňiziň eziz Watanymyza, halkymyza buýsanjyňyzy joşduryan şanly seneleriň bin hökmünde kalbyňyzda hemişelik orun alsyn!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiz öz saýlap alan, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan, gurmak we döretmek ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň bilim, ylym, döredijilik mümkinçilikleri hem yzygiderli artýar. Biz abadan we eşretli durmuşymyzyň gözbaşy bolan bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda uly ösüşleri gazanmakda, geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmeti örän uly orun eýeleýär.

Milli bilim ulgamyny düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim we oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. 

Kabul eden milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimi okuw mekdeplerinde bilimiň hili dünýä derejesine laýyklykda ösdürilýär. Döwrebap okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar neşir edilýär. Şeýle hem, biziň alyp barýan bilim syýasatymyz iri halkara guramalary hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň, şeýle hem eziz Diýarymyzyň onlarça obadyr şäherlerinde orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Siz ajaýyp döwürde ýaşaýarsyňyz! Siziň sagdyn ösmegiňiz, oňat okamagyňyz, bagtyýar durmuşda bilim-terbiýe almagyňyz, ilimize-ýurdumyza peýdaly, ökde hünärmenler, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmegiňiz üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Siz Watany söýmek, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik ýaly milli häsiýetleriňiz, tutanýerliligiňiz we erjelligiňiz bilen ylym-bilim dünýäsine çuň aralaşmalysyňyz! Döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň baglanyşygyny özünde jemleýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp dowam edip, watansöýüji, tämiz ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz! Okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň islän hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler bar. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Zerur ugurlara degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara şertnamalarynyň esasynda ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Döwrebap bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň hünär ussatlyklary, öňdebaryjy is usullary bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyk pikirlenýän zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Bilim jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda mugallymlaryň we bilim işgärleriniň netijeli işlemeklerini gazanmak, arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek bilim özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar. Gözümiziň guwanjy, kalbymyzyň buýsanjy bolan Turkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin bilimli-ylymly, ýokary hünärli nesilleri taýýarlamagy üstünlikli dowam etmek örän zerurdyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2015-2016-njy Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyn gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijüikli işleriňizde, okuwda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow 




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder