4 Eylül 2015 Cuma

Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa Boýunça Sebitleýin Direktory Bilen Gepleşikler

2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Saroj Kumar Ja bilen gepleşikler geçirildi.

         

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň we Bütindünýä Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze strategiýasynyň taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 Global gün tertibi we sebitdäki suw çeşmelerini oýlanşykly peýdalanmagyň meseleleri boýunça işjeň gepleşikleri geçirildi. Ekologiýa, tebigaty goramak, tebigy serişdelerini oýlanyşykly peýdalanylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlarynyň tarapdarydygyny beýan etdiler.

 

 Sebitleýin hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine salgylanyp, j-p Saroj Kumar Ja Bütindünýä Bankynyň toparynyň Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlaryna zerur ähli ýardamlary etmäge taýýardygyny belledi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder