6 Eylül 2015 Pazar

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-niň 609 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar. 

Manat serişdelerine Russiýanyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million 235 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, trikotaž matalaryny, şeýle hem nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 müň  manat bolan awtoulagy satyn aldylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder