27 Ağustos 2015 Perşembe

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisi

Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň çäklerinde V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meseleleriniň giň toplumy, şol sanda olary maliýe, maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk we hyzmat ediş taýdan üpjün etmek, ýaryşlaryň türgenleriniň we myhmanlarynyň howpsuzlyk çäreleri, Olimpiýa şäherçesini dolandyrmak boýunça meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň barşynda şeýle hem, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şunda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň deslapky tapgyrynyň ilkinji netijeleri jemlener.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň forumynyň çäklerinde guramanyň Utgaşdyryjy, Maliýe we Ýerine ýetiriji komitetleriniň mejlisleri geçiriler. Garaşylyşy ýaly, ol türkmen paýtagtynda 600 töweregi daşary ýurtly myhmanlary jemlär.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder