26 Ağustos 2015 Çarşamba

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Şähergurluşyk Işi Hakynda

2. Ilatyň sany otuz müň adama çenli bolan şäher ilatly ýerleriň şäher serhediniň taslamasy, şeýle hem oba ilatly ýerleriň şäherçe serhediniň taslamasy görkezilen ilatly ýerleriň Baş meýilnamalarynyň düzüminde işlenip taýýarlanylyp bilner.

26-njy madda. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary
1. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary bilen şu aşakdakylar boýunça esasy görkezijiler we meýilnamalaşdyryş çözgütleri bellenilýär:
1) energiýa üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, aragatnaşygyň, suwaryşyň, suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamlarynyň ösdürilmegi;
2) ulagyň görnüşleriniň ösdürilmegi;
3) ykdysadyýetiň pudaklarynyň obýektleriniň ýerleşdirilmegi;
4) çäkleriň howply geologiýa we gidrogeologiýa ýagdaýlaryndan goralmagy;
5) ilatyň raýat goranyşy;
6) daşky gurşawyň goralmagy;
7) türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň goralmagy;
8) çäkleriň abadanlaşdyrylmagy we gür baglyga öwrülmegi;
9) çäkleri ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

27-nji madda. Jikme-jik meýilnamalaşdyryşyň taslamalary
1. Ilatly ýerleriň çäkleriniň bölekleriniň jikme-jik meýilnamalaşdyrylyşynyň taslamalary onuň baş meýilnamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar we şulary belleýär:
1) gyzyl çyzyklary;
2) gurluşygy düzgünleşdirmegiň we ýer böleklerini peýdalanmagyň çägini;
3) ýerden peýdalanmagyň serhetlerini;
4) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasyny we gurluşygyň nobatlylygyny;
5) goralýan zolaklaryň peýdalanylmagynyň düzgünini;
6) köçeleriň, geçelgeleriň, pyýada zolaklarynyň, şeýle hem ulagyň, aragatnaşygyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň, inženerçilik enjamlarynyň hem-de çäkleriň abadanlaşdyrylmagynyň görkezijilerini;
7) durmuş we medeni-durmuş maksatly obýektleriň ýerleşdirilmegini we düzümini;
8) gurluşygyň göwrüm-giňişlik we binagärlik-meýilnamalaşdyryş çözgütlerini, gurluşygyň berkligini we görkezijilerini, gatlylygy, binalaryň we desgalaryň görnüşlerini.
2. Jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy gurluşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy üçin esas bolup durýar.

28-nji madda. Gurluşygyň taslamasy
1. Gurluşygyň taslamasy bellenilen gyzyl çyzygyň serhetlerinde ýa-da ýer bölekleriniň serhetlerinde jikme-jik meýilleşdirmegiň taslamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
2. Gurluşygyň taslamasy bilen şular bellenilýär:
1) gurluşygyň düzgünleşdirilýän ugry;
2) binalaryň we desgalaryň ýerleşişi, olaryň gatlylygy, görnüşi we beýleki häsiýetnamalary;
3) gurluşygyň binagärlik çözgüdi;
4) inženerçilik enjamlarynyň, aragatnaşyk we abadanlaşdyryş ulgamlary, şeýle hem görkezilen ulgamlaryň bellenilen gyzyl çyzykdan ýa-da ilatly ýerleriň ýer böleklerinden daşarda ýerleşýän inženerçilik enjamlarynyň, aragatnaşyk we abadanlaşdyryş ulgamlarynyň desgalaryna we kommunikasiýalaryna birikdirilmeginiň şertleri;
5) awtoulag serişdeleriniň we pyýadalaryň hereketiniň guralmagy;
6) umumy peýdalanylýan çäkler.
3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýerli şertlere laýyklykda gurluşyklaryň taslamalaryna döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine garşy gelmeýän goşmaça talaplary, şol sanda türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň gorag zolaklarynda taslamalaşdyrylmagyna we gurluşygyna, çäkleriň gür baglyga öwrülmegine, binagärlik obýektleriniň kiçi görnüşleriniň, mahabatlandyrmagyň, ýazgylaryň we gaýry maglumatlaryň ýerleşdirilmegine talaplary girizmäge haklydyr.

29-njy madda. Taslama-çenlik resminamalary
1. Taslama-çenlik resminamalary binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygynyň (durkuny täzelemegiň, düýpli abatlanylmagynyň), abadanlaşdyrmak boýunça işleriň göwrüm-ýerleşiş, gurluş we tehniki çözgütlerini, şeýle hem olaryň bahasyny göz öňünde tutýar.
2. Taslama-çenlik resminamalary şähergurluşyk resminamalaryna, döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine, gurluşykda nyrh emele getirmegiň usulyýetine we çenlik kadalaşdyrmasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar we ol ygtyýarly edara, sanitariýa-epidemiologiýa gullugy, ýangyna garşy gözegçilik gullugy, tebigaty goramak edarasy hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gulluklar bilen ylalaşylýar.
3. Taslama-çenlik resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy, oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bellenilen tertipde buýrujynyň başlangyjy boýunça we onuň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Bellenilen tertipde tassyklanylan taslama-çenlik resminamalary obýektleriň gurluşygyna rugsatnama berilmegi üçin esas bolup durýar.

VI BAP. ILATLY ÝERLERIŇ WE ŞÄHERÝAKA
ZOLAKLARYNYŇ ÇÄKLERINIŇ PEÝDALANYLMAGY

30-njy madda. Gurluşygyň düzgünleri
1. Gurluşygyň düzgünleri degişli çäkde şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagynyň tertibini belleýär.
2. Gurluşygyň düzgünleri çägi meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň we ilatly ýeriň baş meýilnamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
3. Gurluşygyň düzgünleriniň herekete girizilmegine çenli obýektleriň gurluşygy üçin bellenilen tertipde berlen rugsatnamalar, ilatyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň şertlerinde, görkezilen rugsatnamalaryň möhletiniň dowamynda hereket edýär.

31-nji madda. Çägiň zolaklara bölünmegi
1. Çägiň zolaklara bölünmegi adamyň amatly ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň üpjün edilmegine, tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpunyň töwekgelçiligine duçar bolýan çäkleriň goralmagyna, ilatyň we önümçiligiň çendenaşa toplanmagynyň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna, goralýan tebigy çäkleriň, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň, oba hojalyk ýerleriniň we tokaý gaznasynyň goralmagyna hem-de oýlanyşykly peýdalanylmagyna gönükdirilendir.
2. Şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeler şu aşakdaky ýerlerde bellenilýär:
1) türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň gorag zolaklarynda;
2) tebigy çäkleriň aýratyn goralýan zolaklarynda;
3) sanitariýa-gorag zolaklarynda;
4) tebigy baýlykly ýataklar bolan zolaklarda;
5) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpunyň töwekgelçiligine duçar bolýan zolaklarda;
6) adatdan daşary tebigy-howa şertleri bolan  zolaklarda.
3. Şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry zolaklarda hem bellenilip bilner.
4. Çäkleriň ýerine ýetirýän wezipeleriniň bellenilmegi we olaryň ýokary derejeli peýdalanylmagy çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.

32-nji madda. Ilatly ýerleriň çäk zolaklary
1. Ilatly ýerlerde şu aşakdaky çäk zolaklary bellenilip bilner:
1) ýaşaýyş;
2) jemgyýetçilik-işewürlik;
3) senagat;
4) inženerçilik we ulag infrastruktura;
5) rekrasion maksatly;
6) oba hojalygy üçin peýdalanylýan;
7) ýörite maksatly;
8) harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň;
9) şäherýaka.
2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýerli şertlere laýyklykda gaýry çäk zolaklary belläp, şeýle hem olara döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň hasaba alynmagy bilen ýer böleklerini we beýleki obýektleri goşup bilerler.
3. Ilatly ýerleriň çäk zolaklarynyň serhetleri gyzyl çyzyklaryň, tebigy obýektleriň adaty serhetleriniň, ýer bölekleriniň serhetleriniň we gaýry serhetleriň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.
4. Serhetlerinde şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi degişli bolan çäk zolaklarda aýratyn binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň taslamalaşdyrylmagyna we gurluşygyna goşmaça talaplar bellenilip bilner.

33-nji madda. Ýaşaýyş zolaklary
1. Ýaşaýyş zolaklary köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we kiçi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin niýetlenendir.
2. Ýaşaýyş zolaklarynda durmuş we medeni-durmuş maksatly aýratyn duran, degşirilip gurlan, degşirilip gurlan-goşmaça gurlan ýa-da goşmaça gurlan obýektleriň, däp-dessur binalarynyň, awtomobil ulag duralgalarynyň, olar üçin sanitariýa-gorag zolaklarynyň bellenilmegi talap edilmeýän we işi, daşky gurşawa zyýanly täsir etmeýän (güwwüldi, wibrasiýa, magnit meýdany, radiasiýa täsiri, topragyň,  howanyň, suwuň hapalanmagy we gaýry zyýanly täsirler) senagat, jemagat we ammar obýektleriniň ýerleşdirilmegine ýol berilýär.
3. Ýaşaýyş zolaklaryna, şeýle-de ilatly ýerleriň çäkleriniň serhetlerinde ýerleşýän bagçylyk-bakjaçylyk  birleşikleriniň çäkleri hem degişli bolup durýar.

34-nji madda. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklary
1. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklary işewürlik, maliýe, jemgyýetçilik işjeňligi merkezleriniň, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmaty obýektleriniň, bilim edaralarynyň, dolandyryş, ylmy-barlag edaralarynyň, däp-dessur üçin we gaýry binalaryň we desgalaryň, şeýle hem awtomobil ulag duralgalarynyň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenendir.
2. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklarynda ýerleşdirilmegine rugsat edilen obýektleriň sanawyna ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, ýerasty ýa-da köp gatly ulag jaýlary goşulyp bilner.

35-nji madda. Senagat zolaklary
1. Senagat zolaklarynda senagat, jemagat, ammar obýektleri, olaryň hereket etmegini üpjün edýän inženerçilik we ulag infrastrukturasynyň obýektleri ýerleşdirilýär, şeýle hem şonuň ýaly obýektleriň sanitariýa-gorag zolaklary bellenilýär.
2. Senagat, jemagat, ammar obýektleriniň sanitariýa-gorag zolaklarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş, dynç alyş obýektleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalarynyň, bagçylyk-bakjaçylyk birleşikleriniň, şeýle hem oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.
3. Senagat zolaklarynyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy bu zolaklarda ýerleşýän obýektleriň eýeleri tarapyndan amala aşyrylýar.

36-njy madda. Inženerçilik we ulag infrastruktura zolaklary
1. Inženerçilik we ulag infrastruktura zolaklary howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa we turba-geçiriji ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň ýerleşdirilmegi we hereket etmegi üçin niýetlenendir.
2. Ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawyna zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagy, şeýle obýektlerden ýaşaýyş jaýlaryna, jemgyýetçilik-işewürlik we rekreasion maksatly zolaklara çenli zerur bolan aralyklaryň hem-de döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine laýyklykda beýleki talaplaryň, şeýle hem ýörite düzgünleriň berjaý edilmegi bilen üpjün edilýär.
3. Ilatly ýerleriň çäkleriniň serhetlerinde, ulanylmagy raýatlaryň janyna we saglygyna gös-göni zyýanly täsir edip biljek ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

37-nji madda. Rekrasion maksatly zolaklar
1. Rekrasion maksatly zolaklar syýahatçylyk çygrynyň we ilatyň köpçülikleýin dynç almagynyň guralmagy üçin neýetlenendir hem-de ol şäher tokaýlaryny we tokaý seýilgählerini, suwa düşülýän ýerleri, kenarýaka we beýleki obýektleri özüne birleşdirýär.
2. Rekrasion maksatly zolaklaryň çäklerinde rekrasion we sagaldyş wezipeli obýektleriň ulanylmagy bilen gös-göni baglanyşykly bolmadyk senagat, jemagat we ammar obýektleriniň gurluşygyna we hereket edýänleriniň giňeldilmegine ýol berilmeýär.

38-nji madda. Oba hojalygy üçin peýdalanylýan zolaklar
Şäheriň we şäherçäniň çäginiň serhetlerinde sürlen ýerler, baglar, üzümçilikler, bakjaçylyklar, ot ýatyrmak üçin meýdanlar, öri meýdanlar we peýdalanylýan başga ýerler, şeýle hem oba hojalygyna niýetlenen binalar we desgalar bolan oba hojalygy üçin peýdalanylýan zolaklar bölünip berilýär.

39-njy madda. Ýörite maksatly zolaklar
1. Ýörite maksatly zolaklar ilatly ýerleriň çäk zolaklarynyň beýleki görnüşlerinde ýerleşdirilmegine ýol berilmeýän gonamçylyk, şeýle hem mal-mazarçylygy, durmuş galyndylary we beýleki obýektler üçin zir-zibil dökülýän ýerleriň ýerleşdirilmegi üçin bölünip berilýär.
2. Ýörite maksatly zolaklaryň çäkleriniň peýdalanylmagynyň tertibi döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şeýle hem ýörite düzgünleriniň talaplarynyň hasaba alynmagy bilen gurluşygyň düzgünlerinde bellenilýär.

40-njy madda. Harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklary
1. Harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklary, çäkleri babatda peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýän obýektleriň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenendir.
2. Şäheriň we şäherçäniň çäklerindäki harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklarynyň peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

41-nji madda. Şäherýaka zolaklary
1. Şäherýaka zolagy (şäheriň ösdürilmegi üçin ätiýaçlyk çäkler), şäheriň çägine ýanaşyk we şäheriň ýerleri bilen bir bitewi çäkleri düzýän hem-de bu şäheriň çäkleriniň ösdürilmegi üçin niýetlenen, şäherýaka zolaklaryna girýän beýleki ilatly ýerleri, şeýle hem sanitariýa-gorag wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi, ilatyň dynç alýan ýerleriniň, bagçylyk-bakjaçylyk birleşiginiň ýerleşdirilmegi üçin  ýerleri özüne birleşdirýär.
2. Şäherýaka zolaklaryň serhetleriniň bellenilmegi şu Kanuna we Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda şähergurluşyk we ýer gurluşyk resminamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
42-nji madda. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň peýdalanylmagy
1. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň peýdalanylmagy hem-de onuň serhetlerinde şähergurluşyk işi ilatyň we şähergurluşyk işiniň subýektleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.
2. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy welaýatyň çäklerini meýilleşdirmegiň çyzgysynda, etraby meýilleşdirmegiň taslamasynda, şäheriň baş meýilnamasynda göz öňünde tutulýar.
3. Şäherýaka zolaklarynda sanitariýa we rekrasion maksatly wezipeleri ýerine ýetirýän ýaşyl zolaklar bölünip berilýär. Görkezilen zolaklarda daşky gurşawa zyýanly täsirini ýetirýän hojalyk we gaýry işlere  ýol berilmeýär.

43-nji madda. Ilatly ýerlerdäki ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna bildirilýän şähergurluşyk talaplary
1. Ilatly ýerlerdäki ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna bildirilýän şähergurluşyk talaplary ilatly ýerleriň baş meýilnamalary, jikme-jik meýilleşdirmegiň taslamalary, gurluşygyň taslamalary we düzgünleri bilen kesgitlenilýär.
2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýer böleklerini beren mahalynda ýer bölekleriniň peýdalanylmagy boýunça şähergurluşyk talaplary hakynda maglumatlar bilen buýrujyny üpjün edýär, ol şu aşakdaky maglumatlary özünde jemleýär:
1) ýer bölekleriniň peýdalanylmagynyň maksatlary hakynda;
2) ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri hakynda;
3) ýer bölekleriniň taslama serhetleri hakynda;
4) ýer bölekleriniň inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň obýektleri bilen üpjünçiligi hakynda.
3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary fiziki we ýuridik şahslara gurluşyk üçin ýer böleklerini beren mahalynda, olar tarapyndan obýektleriň gurluşygynyň möhletleriniň berjaý edilmegi boýunça hem-de gurluşyga ýanaşyk bolan umumy peýdalanylýan çäkleriň abadanlaşdyrylmagy boýunça işleriň amala aşyrylmagyna talaplary belleýär.
4. Şu maddanyň üçinji böleginde görkezilen talaplar, ýer bölegine bolan hukugyň başga şahsa geçen ýagdaýynda hem öz güýjüni saklaýar.
5. Ýer bölegine bolan hukugy tassyklaýan resminamada şu aşakdakylar görkezilýär:
1) gurluşygyň düzgünlerinde bellenilen, çäk zolagyň belgisi;
2) çäklerinde ýer bölegi ýerleşýän çäk zolagyň ýerine ýetirýän wezipesi;
3) ýer böleginiň, şol sanda türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň gorag zolaklarynyň serhetlerinde, şeýle hem tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan çäkleriň serhetlerinde ýerleşýän hem-de peýdalanylmagyna çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän gaýry çäkleriň, ýerleşýän ýeri;
4) ýer böleginiň serhetlerinde inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň bolmagy, olaryň görkezijileriniň we görkezilen obýektleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň görkezilmegi bilen;
5) ýer böleginiň serhetlerinde onuň eýesine ýa-da eýelik ediýäne degişli bolmadyk binalaryň we desgalaryň bolmagy, görkezilen obýektleriň onda ýerleşmegi bilen baglanyşykly bu ýer böleginiň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň görkezilmegi bilen.
6. Ýer böleginiň bölünen ýa-da olaryň serhetleriniň we görkezijileriniň üýtgedilen mahalynda gyzyl çyzyk we gurluşygyň düzgünleşdirilýän ugry berjaý edilýär.

44-nji madda. Obýektleriň gurluşygyna rugsatnama
1. Obýektleriň gurluşygyna rugsatnama – eýesiniň ýa-da ýer bölegine eýelik edýäniň, onuň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna hukugyny tassyklaýan resminama.
2. Obýektleriň gurluşygyna rugsatnama ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasy ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan berilýär.
3. Hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy ýaşaýyş jaýynyň esaslarynyň, ýerzeminleriniň, gatlarynyň we ýüz tarapynyň meýilnamalaryndan, şeýle hem ýer böleginiň meýilnamasyndan ybarat bolan ýönekeýleşdirilen taslama boýunça amala aşyrylyp bilner.

45-nji madda. Ýörite rugsatnama
Döwlet syrlaryny düzýän obýektleriň gurluşygyna, şeýle hem aýratyn döwlet düzgünleşdirilişiniň şähergurluşyk işiniň obýektlerine ýörite rugsatnama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.
46-njy madda. Şähergurluşyk  işi amala aşyrylan mahalynda çäklendirilen hukuk (serwitut)
1. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda çäklendirilen hukuk (serwitut), haçan-da ýer böleginiň eýesiniň bähbitleri keseki ýer böleginiň peýdalanylmagyna hukugy çäklendirmezden üpjün edilip bilinmejek şu aşakdaky halatlarda, bellenilýär:
1) inženerçilik infrastrukturasynyň obýektleriniň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi, bejerilmegi we ulanylmagy geçirilende;
2) çäkleriň suw basmagyndan we almagyndan goralmagy boýunça işler geçirilende;
3) keseki ýer böleginiň üstünden umumy peýdalanylýan obýektlere geçmek zerurlygy bolanda;
4) gözleg we barlag işleri geçirilende.
2. Çäklendirilen hukuk (serwitut) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär we amala aşyrylýar.

VII BAP. JEMJEÝJI DÜZGÜNLER

47-nji madda. Şähergurluşyk işiniň maliýe üpjünçiligi
Şähergurluşyk işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň hususy we çekilen serişdeleriniň, şeýle hem inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine fiziki we ýuridik şahslaryň paýly gatnaşmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.

48-nji madda. Fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy
Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde fiziki we ýuridik şahslara ýa-da ýer böleginiň alynmagy we olara degişli bolan binalaryň, desgalaryň we gaýry obýektleriň ýykylyp aýrylmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

49-njy madda. Jedelleriň çözülişi
Şähergurluşyk işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

50-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

51-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1993-nji ýylyň 28-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 11-12, 107-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XXV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý.,      № 2, 33-nji madda).


Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti        Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 263-V.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder