21 Ağustos 2015 Cuma

Özbegistan Respublikasynyň Daşary Ykdysady Gatnaşyklar, Maýa Goýum we Söwda Ministri Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri j-p Elýor Ganiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýlary we mümkinçilikleri barada pikirler alyşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-gumanitar çygyrlary, şeýle hem energetika, ulag, oba hojalyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem, aragatnaşyk çygrynda sebitleýin hyzmatdaşlygynyň meseleleri bellenip geçildi. Taraplar Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ugryny döretmek bilen bilelikdäki taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ulag-tranzit çygry boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem, agzalan saparyň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder