26 Ağustos 2015 Çarşamba

Hünär Taýýarlygynyň Täze Ugurlary

Aýnanyň we aýna kristallary materiallarynyň himiki tehnologiýasy

2015-2016-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ilkinji gezek täze açylan “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünärine talyplar seçilip alyndy. Ýurdumyzyň ýokary hünärli hünärmenlerine – aýna önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginde işläp düzüji-inženerlere zerurlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalygy toplumynyň senagat taýdan ösüşini çaltlandyrmagyň esasynda ykdysady kuwwaty artdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyzda gurulýan we ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlary, zawodlar we fabrikler, senagatyň gaýtadan işleýän täze desgalary içerki we dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän oňat hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini  öndürmäge niýetlenendir. Hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça giň göwrümli maksatnama iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de maýa goýumlarynyň hasabyna önümçilikde, şol sanda gurluşyk önümleri senagatynda öňdebaryjy enjamlary ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky önümçilik zolagynda aýna we aýna önümlerini öndürýän ýokary tehnologiýaly häzirki zaman kärhanasynyň gurluşygynyň milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini  muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Owadandepede kuwwatly gurluşyk toplumlary döredilýär. Bu ýerde armatur we metal önümlerini öndürýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, ýurdumyzda bina edilýän köpsanly desgalar üçin zerur bolan tebigy daşlardan syrçaly önümleri öndürýän, mermer we granit daşlaryny işläp taýýarlaýan “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti üstünlikli işleýär.

Ýurdumyzda aýna öndürmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigi  ýerli çig mallarymyzyň esasynda eksport üçin niýetlenen we import harytlarynyň ornuny tutmaga gönükdirilen önümleriň öndürilişine uly üns berýän döwlet Baştutanymyz tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ençeme gezek nygtaldy. Täze senagat desgasy ýurdumyzda bu önüme islegi doly kanagatlandyrmak maksady bilen “2012-2016-njy ýyllar üçin gurluşyk, energetika we senagat pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamsyna” laýyklykda gurulýar. Kärhanada türkmen kwars çägesinden Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan “float” täzeçil usul arkaly ýokary hilli aýnanyň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýlar. 

...Aýna önümçiliginiň taryhy biziň eýýamymyzdan ozalky dördünji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Arheolog alymlaryň çaklamalaryna görä, küýzegärlik we syrçalamak sungatynyň esasynda dörän aýna önümlerini taýýarlamak sungaty ösüp, az mukdarda önümleri eretmek arkaly monjuk ýaly ownuk önümleri taýýarlamakdan başlap, has köp mukdarda aýna erginlerini alyp, ondan has uly önümleri we gap-gaçlary taýýarlamaga ýuwaş-ýuwaşdan geçipdir.

Ylmyň, tehnikanyň ösüşi, häzirki zamanda aýna önümlerini taýýarlamak işinde tehnologiýanyň okgunly ösüşi, tehnologiki hadysalary matematiki hasaplama we awtomatiki sazlama usullaryny önümçilige ornaşdyrmak aýna önümleriniň ýöriteleşdirilen aýratynlykly köp görnüşlerini: ýylylyk saklaýjy, günden goraýjy, fotohrom, tok geçiriji, pugtalandyrylan, howpsuzlandyrylan, şeýle hem olaryň esasynda täze has oňaýly önümleriň döremegine getirdi. Bu bolsa öz gezeginde gurluşykda aýna ulanmak mümkinçiligini üzül-kesil artdyrdy. 

Binagärligiň hem-de gurluşyk önümleriniň berk arabaglanyşygy, dürli ugurlara niýetlenen binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin has oňat hem-de netijeli tehnologiýalary döretmek, täze döredijilikli çemeleşmeleri we binagärlik pikirlerini ösdürmek ylmy barlaglaryň hem-de maksatnamalaryň täze ugurlarynyň ösmegini şertlendirdi. Şu babatda aýna binalaryň daşky örtügi hökmünde ähli gurluşyk önümleriniň arasynda iň esasylarynyň biridir. Häzirki zaman binagärliginde ýagtylyk geçirýän örtükler daşky örtügiň meýdanynyň 80 göterimden gowragyny tutýar. 

Aýnany galaýy ergininde ýylmamak usuly aýna önümçiliginde gazanylan öňdebaryjy üstünlikleriň hataryna girýär. Bu usul gyrdamak we ýylmamak ýaly agyr zähmeti talap edýän işi aradan aýyrdy. Aýnany kristallaşdyrmak usulynyň işlenip düzülmegi we aýratyn tapawutly aýna kristal önümleriň – sitallaryň önümçiliginiň ýola goýulmagy aýnadan önümleri taýýarlamak mümkinçiligini has hem artdyrdy. 

Sitallar – bu aýnalary göwrümleýin kristallaşdyrmak netijesinde alnan aýnakristal önümleridir. Sitaldan taýýarlanan önümler dykyzlygynyň pesligi (alýuminiden hem ýeňil), ýokary derejede berkligi, has-da gysylan halatynda gatylygy, gyzgyna, ýylylyga çydamlylygy, himiki durnuklylygy we beýleki gymmatly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Bu gymmatly häsiýetleri üçin sitallar abzal taýýarlamakda, elektronikada ulanylýar. Olar gurluşyk we işläp düzüş (raketalar we sesden ýyndam uçuş enjamlary, himiki durnukly enjamlar, köpri gurluşyk konstruksiýalar we beýlekiler) işlerinde zerur önümlerdir. 

Häzirki döwürde aýna önümçiliginiň dürli görnüşleri ylymda we işde, durmuşda, gurluşyk pudagynda ulanylýar.

Binagärlik-gurluşyk aýnasynyň dürli görnüşleri daşky görnüşi boýunça we niýetlenen ugry boýunça örän köpdürlüdir. Olara mysal edip, aýnadan we metallardan düzme –gurluşyk önümlerini (gapdally aýna, örtükler, aýna paketler we bloklar), ýylmanak aýnalary (reňkli haly-mozaika aýnalary, bitewi görnüşli aýna), ýylylyk we ses geçirmeýän önümleri (köpük aýna, aýna süýümli önümler,  pamyk aýna, aýna matalar), aýnadan ýagtylyk enjamlaryny görkezmek bolar. 

Aýnadan dürli binagärlik önümleriniň taýýarlanylmagy we döwrebap binalaryň bezeg serişdeleri aýnany daşky bezeg serişdesi hökmünde peýdalanmagyň aýdyň mysalydyr. 

Reňkli gat-gat aýna mebel önümçiliginde, jemgyýetçilik binalaryň, çagalar edaralarynyň bezeginde we beýleki maksatlar üçin ulanylýar. Ýylmanak aýna önümleri – marblit, stemalit, mozaika aýnalary hem durmuşda giňden ulanylýar.

Bezeg çyralaryny hem “binagärlik bezegleri” düşünjesine girýän önümleriň hataryna goşmak bolar.  

Derweze etrabynda gurulýan pudagyň täze önümçilik kärhanasynyň toplumynda önümçiligiň ähli tehnologiki ugurlary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň arasynda çig mal taýýarlaýan, erediji, aýna gatlarynyň ölçeglerini we galyňlygyny sazlaýan, taplaýyş we taýýar önümleri bölümi bar. 

Kärhanada önümleriň ýedi görnüşini öndürmek, şol sanda dury hem-de aňyrsy görünmeýän aýnalary, daşy örtülen we 4 millimetr galyňlykda ýylda 7 million 200 müň inedördül metr taplanan aýna öndürmek, azyk senagaty üçin dürli dury we reňkli gaplaryň 85 millionyny öndürmek, derman gerdejiklerine we suwuklyklaryna niýetlenen  0,3-den 3 litre çenli gaplar göz öňünde tutulýar.

Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün ediljek bu kärhananyň gurluşygy ýurdumyza bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän mukdaryny peseltmäge, geljekde bolsa aýnadan taýýar önümleriň ýokary hilli köp dürli görnüşlerini daşary ýurtlara ibermäge ýardam eder.  

Bu strategiki maksatlara ýetmek gönüden-göni hünärmenleriň – ýokary hünärli inženerleriň, tehnologlaryň we aýna senagatynyň beýleki hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine baglydyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäri boýunça okuw sapaklarynyň girizilmegi bu meseleleri çözmekde wajyp ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, okuw meýilnamalary we maksatnamalary işlenip düzüldi. Zerur okuw gollanmalaryny, barlaghana üçin enjamlary we beýleki okuw –usulyýet esbaplary taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň öňdebaryjy sepgitlerine ýetirmek wezipelerini çözmegi üpjün etmek maksady bilen,  ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, okuw ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder