17 Ağustos 2015 Pazartesi

Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagynda Iri Akwapark Gurulýar

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň sport-dynç alyş düzüminiň üstüni köpugurly dynç alyş merkezi bolan akwapark doldurar. Iri möçberli gurluşyk desgalarynyň köpüsiniň çyzgylarynda geljekki binalaryň we desgalaryň aýdyň şekillerini görmek bolýar. “Awaza akwapark” iri taslamasy şunuň ýaly dynç alyş merkezleriniň hatarynda dünýäniň iň iri düzümleriniň ilkinji orunlaryny eýelemäge dalaş edýär, bu taslama “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Balkannebitgazgurluşyk” tresti tarapyndan “Hatipoglu inşaat” türk gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylar. 

Suw-dynç alyş toplumy gämi gatnawly derýanyň kenarynda Hazar deňziniň we “Awazanyň” kaşaň myhmanhanalarynyň golaýynda bina edilýär. Onuň çäklerinde umumy meýdany 300 müň inedördüle deň bolan otuzdan gowrak iri desganyň gurluşygy birwagtda alnyp barylýar. Akwaparkyň umumy meýdany bolsa 120 müň töweregi inedördül metr bolar. 

Gurluşyk meýdançasynda her biri 50 orunlyk dört sany iki gatly kafeteriniň, edara jaýynyň, ATV – trekiň, 1 müň 650 orunlyk amfiteatryň, söwda merkeziniň we ýapyk akwaparkyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýöriteleşdirilen açyk görnüşli akwapark üçin landşaft desgaly suw howdanlarynyň gurluşygynda beton işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Sörfing howdanynyň betonly gatlagynyň ýokarsynda tomaşaçy münberleri ýerleşdiriler. Özbaşdak durmuş üpjünçiligi toplumlarynyň we kommunikasiýa düzümleriniň çekilmegi dowam etdirilýär. 

Suw toplumynyň öňünde deňiz kenary tarapda iki gatly awtoduralgalaryň üçüsi bina edilýär. Käbir desgalarda, şol sanda kafeterilerde aýnalamak işleri tamamlanyp, içgi timarlaýyş işlerine girişildi. Täze binanyň iki birleşdirijisiniň arasynda – açyk we ýapyk görnüşli akwaparklarda iki tarapa hereket edýän 2 zolakly awtomobil ýoluny tekizlemek işleri alnyp barylýar. 



Raftingli (sport ýüzüşi üçin emeli kürekleýiş akabaly) açyk akwapark tehniki desgalar bilen bilelikde 48 müň inedördül metre golaý meýdany eýeleýär. Olardan 18 müň inedördül metre golaý işçi meýdançasydyr. Sport – sagaldyş oýunlary we sportuň ekstremal görnüşleri üçin tebigy – landşaft görnüşindäki açyk suw howuzlaryny gurmak boýunça beton işleri tamamlanyp barýar. Emeli kölleriň düýbünde attraksion gurnamalar we palmalaryň ýapraklarynyň astyndaky özboluşly çatmajyklary gurnamakda anker berkitmeleri goýulýar. 

Bu ýerde şeýle hem sörfing üçin emeli döredilýän belent tolkunlary bolan suw howdanlary gurnalar. Suw howdanlarynda dürli belentliklerde suw akdyrylýan turbalaryň ulgamy oturdylar. Giň aşaklygyna gaýdyş ýodalarynyň gurnalmagy netijesinde kalbyňy joşguna getirýän attraksionlarda ýekelikde we toparlaýyn ýel berlen düşekçelerde ýüzüş edip bolar. Raftingi hakyky söýýänler üçin açyk görnüşli akwaparkdan aýry ýerde ýörite desga gurulýar. Ol çasly akýan hakyky dag derýajygyna meňzeşdir we onda rezin gaýyklarda tiz hereketli ýüzüş edip bolar. 

Açyk suw howdanlarynyň daş-töweregi dag şekillerine meňzedilen emeli gaçylar bilen gurşalandyr. Açyk akwaparkyň attraksion giňişligini döredýän tekiz beton binýatlary özboluşly depejiklere direýär. Häzirki wagtda onuň ähli taraplaryny “dag köljagazlarynyň” daş basgançaklary hem-de akabanyň ýerüsti akymy gurşap alýar, ol emeli gaýşyň aşagyndan geçýän ýerzeminden çekilendir. Suwuň akyp başlamagy bilen beton binýat ertekiler adasyna öwrülip, açyk görnüşli akwaparkyň ähli attraksionlaryna tarap ýol açar. Bu täsin ada iki köpri bilen baryp bolar, olar haýwanlaryň iri şekilleri bilen birleşdirilýär. 

Ähli suw howdanlaryny ýeketäk bitewi oýun meýançasyna birleşdirýän esasy tekizlikde “dag köljagazlarynyň” öňünde çägelik suwa düşülýän zolaklary, çagalar oýun meýdançalary we suw tolkunlary bolan görnüşler gurnalýar. Kiçijik adajykda tegelek şekilli howdanyň ortarasynda, täsin görnüşli baglaryň hatarlarynyň, garakçylaryň gämileriniň, sandykly hazynaly amforlaryň arasynda owadan aýnalar bilen timarlanan iki gatly kafateriý ýerleşýär, onda saýawanlaryň aşagynda goýmak üçin stollary çykarmak göz öňünde tutulan meýdança hem bardyr. Uly bolmadyk köpri adajygy gury ýer bilen birleşdirýär. 



Ýapyk akwapark uly görnüşli balykgulak şekilinde bina edilýär. Onuň iki gatly binasy seýilgäh toplumynyň esasy girelgesiniň garşysynda gurulýar. Onuň peýdaly meýdançasy 38 müň inedördül metre deň bolup, açyk görnüşli akwaparkyň iş meýdançasyndan iki esseden gowrak uludyr. Bu täsin binanyň içinde ähli pasyllarda hereket etjek attraksionlaryň ýanynda çylşyrymly gurnawly derýajyklar we köljagazlar döredilýär. Bu ýerde ýüzmek, hereketli oýunlar bilen meşgullanmak, ýel berlen gaýyklarda ýaryşmak, belentliklerden togalanyp gaýtmak ýaly oýunlar bilen meşgullanyp bolar. 

Ýapyk görnüşli toplumyň her bir köljagazy üçin gaýtalanmajak tebigy bezeg saýlanyp alynýar. Bu ýerde şarlawuklar, çeşmejikler we kert gaýaşy şekilleri bolan “ýerasty köl” peýda bolar. Beýleki suw howdanynda ummanyň salkyn suwy bilen gurşalan gyzgyn tropiki akym emele getiriler. 



Nobatdaky suw howdanynda gurluşykçylar çägelik suwa düşülýän zolakda gamyşdan ýasalan çatmajyklar we gök palmaly ekwatorial kenarýakany dörederler. Maşgala bolup dynç almak üçin bir ýere jemlenen çagalar üçin suwa düşülýän ýerler we attraksionly oýun zolaklary niýetlenendir. Olar bu ýere gelýän körpeleriň göwnünden tutar. Suw howdanlarynyň töweregini akaba suwly emeli derýa gurşap alar. Täsin köprüjikler adalary özara birleşdirer. Ýörite gurnalan suw howdany bu ýere gelýänleri belent tolkunlary bilen guwandyrar, olar häzirkizaman dynç alyş we syýahatçylyk merkezlerinde meşhurlykdan peýdalanýar. 

Gurluşygyň möçberleri haýran galdyrýar: bu ýerde dürli hünärli gurluşykçylaryň ýüzlerçesi işleýär, uly göwrümli ýük daşaýan awtoulaglar, ýük galdyryjy kranlar, buldozerler, ekskowatorlar we beýleki ýörite tehnika biri-birini çalyşýar. Gurluşygyň ähli meýdançalarynda ýer we beton işleri alnyp barylýar. Suw attraksionlardan aýralykda tropiki ösümlikleriň merkezi, umman akwariumly “Deňiz dünýäsi” bölümi, jandarlaryň attraksiony, skeýtbort üçin meýdança, bezeg çüwdürimleri we beýleki desgalar bina edilýär. 

Bary-ýogy ýene-de bir ýyl geçer we ajaýyp köp howuzly suw toplumy ulanmaga berler. Ol dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösüşiniň ýene bir alamatyna öwrülip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda iň täze meýilleri we öňdebaryjy gazanylanlary ornaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder