13 Temmuz 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere, şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän umumymilli baýramçylyklary mynasyp derejede garşylamak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnama barada habar berildi. Häkim şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Galla baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim milli senenamamyzdaky şanly seneleri guramaçylykly garşylamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iýul aýynda giňden bellenilýän Galla baýramy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk çäreleriniň derejesi, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň"  çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýetip gelýän baýramçylyklary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem Milli özgertmeler maksatnamasynyň   üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhümdigi barada aýdyp, bu işde hiç hili bökdençlige ýol berilmeli däldigini belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz öňde boljak şanly senelere bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat bermek bilen, welaýatda pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri, gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Aýratyn-da, häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, baýramçylyklary mynasyp garşylamak babatda işlenip taýýarlanylan maksatnama we olaryň hormatyna meýilleşdirilýän medeni çäreler barada durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine aýratyn ähmiýet berilmelidigini, Milli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň obasengagat toplumynda möhüm möwsüm hasaplanylýan pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan şanly seneleriň mynasyp garşylanmagy, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda degişli çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny nygtady. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýetip gelýän baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, welaýatyň senagat düzümini has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Galla baýramy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow  paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim paýtagtymyzyň çäklerinde abadanlaşdyrylyş, arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşy, seýilgäh zolaklaryny netijeli ulanmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hem-de şäher ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä göterilmeginiň möhümdigini belläp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan çäreleriň, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, arassaçylyk bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişinde kemçilikleriň ýüze çykýandygyny aýtdy we bu babatda häkimiň işine nägildelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň şäher ilatynyň abadançylygyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, Aşgabatda ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi we welaýatlaryň häkimlerini çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatlarda galla oragynyň jemleriniň jemlenilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,  ýaramaz howa şertlerine garamazdan, şu ýyl edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmet çekdiler diýip belledi. Olaryň tagallasy bilen ýurdumyzda galla oragy üstünlikli tamamlandy. Zähmetsöýer gallaçylarymyz ak bugdaýyň bir million dört ýüz müň tonnadan gowragyny ýygnadylar we Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa, gurak gelen şu ýylda hem gallaçylarymyzyň gowy netijeleri gazanandygyny görkezýär. Gazanylan bu üstünlik zähmetsöýer daýhanlarymyzyň ýeňil bolmadyk şertlerde dänäniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň oňat tejribesini toplandygyna şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Orak möwsüminiň netijeleri döwletimiziň öz azyk howpsuzlygyny doly gazanandygyny subut edýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Galla baýramynyň ýetip gelýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli ildeşlerimizi bu şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, Galla baýramy mynasybetli orak möwsüminde oňat netijeleri gazanan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň we bu jogapkärli işe gatnaşan beýleki adamlaryň çeken yhlasly zähmetine mynasyp baha bermegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olara gymmat bahaly sowgatlary we beýleki sylaglary gowşurmak meselesine seretmegi tabşyrdy.

Welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär edip belledi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewi we ýurdumyzyň häkimlerini çagyrdy. 

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekillerinden düzülen toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi we “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky”  Permanyň hem-de “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. 

Şu gün halkymyz mübärek Oraza aýynyň Gadyr gijesini uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar we bu mukaddes gije agyzaçar sadakalaryny berýär    diýip, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlendi .

Biz her ýyl beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň mukaddes Gadyr gijesi myngasybetli günälerini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly  sahawatly çäreleri yzygiderli geçirýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.  

Hormatly Prezidentimiz şol asylly däbimize eýerip, iş kesilen 1061 raýatymyzyň hem-de daşary ýurtly 10 raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günälerini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.  

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň Oraza baýramyna çenli öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz şeýle sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýakyndan gatnaşmaga mümkinçilik döredýäris. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.   

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Siziň Gadyr gijesinde etjek doga-dilegleriňiz, okajak aýat-töwürleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, milli Liderimiz aýtdy.   

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Mübärek Oraza aýy tamamlanandan soň, haýyr-sahawatyň, sogap işleriň, agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Oraza baýramy giňden bellenip geçilýär. Bu mukaddes baýramyň many-mazmunynda halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymy we mizemez däp-dessurlary, ynanç-adatlary jemlenýär. Bu asylly däplerimizden ugur alnyp, ýurdumyzda Oraza baýramy her ýyl giňden bellenilýär. 

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan  urp-adatlarymyza eýerip, mähriban halkymyzyň gymmatly ruhy mirasyny aýawly saklamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 18-nji iýulynda halkymyzyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny bellemek we şol güni iş güni däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.  

Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Siziň mukaddes Oraza aýynda we mübärek Gadyr gijesinde il-günümiziň abadançylygy we bagtyýarlygy, berkarar Watanymyzyň asudalygy we gülläp ösmegi üçin etjek ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.  





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder