20 Temmuz 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadyp, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy Osmanow Atadurdy Ataberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sona Agajanowna Annaniýazowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkünçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, şeýle hem 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň geçen 20 ýylda üstünlikli durmuşa geçirilendigini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasy we şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllary üçin Milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň we Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda waksinalaryň kömegi bilen keselleriň öňüni almak we bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNISEF) bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) arasynda Satyn almak hyzmatlarlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

***

“Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek, dünýä ölçeglerine  laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralaryny netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen hirurgiýa we endokrinologiýa kömegini bermek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Ata Türk köçesiniň ugrunda 300 orunlyk Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, hünärmenleri ýörite taýýarlamak şertinde gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşuk işlerine 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezini 2017-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

***

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny"  durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri  talaba laýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Pälwan Gylyçdurdyýewiç Taganow Ahal welaýaty; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykow Balkan welaýaty; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  Baýmyrat Geldimyradowiç Hojamuhammedow Mary welaýaty; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellenildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzda 2015-2016-njy ýyllarda ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik, aragatnaşyk, energetika ulgamlaryny we jemagat hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak boýunça işleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2016-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny  tassyklamak hakynda” 2015-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 14128-nji kararyna hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly ýubileýine taýýarlyk görmek boýunça Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda” 2015-nji ýylyň 30-njy martynda çykaran 14180-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işlere degişli ýolbaşçylar  jogapkär edilip bellenildi. 

Aşgabat şäheriniň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2015-nji ýylyň 21-nji iýulynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

  

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder