8 Temmuz 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Çäklerine Motosiklleri Goýbermegiň Tertibi

Türkmenistanyň çäklerine motosiklleri goýbermegiň Tertibini

1. Şu Tertip Türkmenistanyň Gümrük kodeksi, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Кanuny, «Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran 11924-nji karary esasynda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanyp, Türkmenistanyň çäklerinde dolandyrylmagy üçin daşary ýurt döwletlerinden getirilýän motosiklleri Türkmenistanyň çäklerine goýbermegi düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

motosikl - gapdal tirkegli ýa-da gapdal tirkegi bolmadyk iki tigirli mehaniki ulag. Enjamy üpjün edýän ýagdaýda 400 kg-dan geçmeýän üç we dört tigirli mehaniki ulaglar motosikller bilen deňleşdirilýär;

moped - iş göwrümi 50 sm3-den köp bolmadyk hereketlendiriji bilen herekete getirilýän we aňrybaş gurluş tizligi 50 km/sagatdan geçmeýän iki ýa-da üç tigirli ulag. Asma hereketlendirijili tigirler we beýleki şuňa meňzeş häsiýetnamaly ulaglar mopedler bilen deňleşdirilýär.

3. Mopedleri we tizligi 120 km/sagatdan ýokary bolan motosiklleri (oba hojalygynda ulanyljak gozakly we nowaly motosiklden we mopeddan hem-de Türkmenistanyň çäklerinden üştaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan, reimportdan başga) Türkmenistanyň çäklerine goýbermek gadagan edilýär. 
4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilelikdäki gümrük barlagyny amala aşyrýan topar (mundan  beýläk - Topar) agzalary tarapyndan gümrük edarasyna gowşan pursady motosikl Türkmenistanyň çäklerine goýberilmeginiň mümkindigini kesgitlemek üçin gözden geçirilýär.

5. Motosikl şu Tertibiň 3-nji bölüminde bildirilýän talaplara laýyk gelýär diýip hasap edilende, bu barada, motosikli gözden geçirmegi amala aşyran Topar agzalary erkin nusgada delilnama düzýär. Delilnama iki nusgada düzülýär we Topar agzalary tarapyndan ähli nusgasy tassyklanýar. Delilnamanyň birinji nusgasy gümrük edarasynda saklanýar we ikinji nusgasy motosikli getirmegi amala aşyran tarapa berilýär.

6. Gözden geçirmegiň netijesinde şu Tertibiň 3-nji bölüminde bildirilýän talaplara laýyk gelýändigi anyklanan motosikl Türkmenistanyň çäklerine goýberilmeýär. Türkmenistanyň çäklerine goýberilmedik motosikl we/ýa-da moped onuň eýesi, daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden haýal edilmän alnyp gidilmegine degişlidir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder