2 Temmuz 2015 Perşembe

Türkmenabatda Işewürler Merkeziniň Taslamasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminde işewürler –merkeziniň taslamasynyň tanyşdyrylyşy bolup geçdi. Onuň dowamynda hususy bölegiň wekilleri gurmaga gatnaşmagyň şertleri bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň tölege ukyplylygy, telekeçilik iş tejribesi, bu taslama gatnaşyjylaryň arasyndaky abraýy göz öňnde tutulyp, ýörite topar tarapyndan bäsleşik esasynda saýlanyp alynar. 

Bu ýere ýygnanlara işewürler merkeziniň maketi we degişli tehniki resminamalary görkezildi. Täze desga Türkmenabadyň esasy ýoly bolan – Bitarap Türkmenistan köçesinden ýüzlerçe metr uzaklykda ýerleşip, ol 3,65 gektar meýdany tutar. Onuň ýakynynda Ruhyýet Köşgüniň, “Bagt köşgi” köşgüniň, “Jeýhun” myhmanhanasynyň, sport toplumynyň ýerleşmekleri hem guwandyryjy ýagdaýdyr. 



Bu desganyň taslamasy ýurduň “Binýat taslama” hojalyk jemgyýeti tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Bäş gatly işewürler merkeziniň Lebaba mahsus bolan gölli aýna üçeginiň astynda ofisler, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň welaýat müdirligi, telekeçileri okadýan mekdep ýerleşer. Söwda-dynç alyş merkeziniň köp sanly dükanlary harytlaryň köp dürliligi bilen Lebapda ilkinji gipermarketi düzer. Restoran, bouling oýnalýan meýdança, bilýard, çagalar şäherçesi bu ýere gelýänleriň hyzmatynda bolar. Binanyň üçeginde lift bilen barylýan tomusky kafe ýerleşer. Bäş ýüz orunly “Toý mekany” üçin aýratyn girelge göz öňünde tutulandyr. Bütin ýylyň dowamynda işleýän merkezleşdirilen sowadyjy we ýyladyjy enjam toplumyň içinde oňaýly howany döreder. 

Işewürler merkeziniň çäklerinde awtoulag duralgalarynyň ikisi gurular, şeýle hem abadanlaşdyryş işleri geçirildi, gül, pürli we bezeg baglaryny ekmek üçin ýörite ýerler bölündi, oňaýly yşyklandyryjylar oturdylar. 

Gurluşygy alyp barmakda yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan “Baş bina” hojalyk jemgyýeti eýýäm Türkmenabatda welaýat kitaphanasynyň we çagalar dynç alyş merkezini, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurmaklyga gatnaşdy. Bu telekeçilik gurluşy ýokary hünärli hünärmenlere eýe bolup, ol bu taslamany amala aşyrmak üçin beýleki firmalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder