11 Temmuz 2015 Cumartesi

Prezidentimiziň we Hindistan Premýer Ministriniň Arasyndaky Gepleşikler

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hindistanyň Hökümetiniň Başlygynyň bu sapary soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Türkmenistan Hindistan Respublikasyny möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen hyzmatdaşlygy, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda gurulýar.  

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak häsiýeti mahsus bolup, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi göze ilýär. 

Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini bellemek gerek. Onuň amala aşyrylmagy taslama gatnaşýan ýurtlara birnäçe möhüm durmuş we gumanitar meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda durmuş düzümini döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Şunda möhüm zat–milli Liderimiz   Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmek üçin kuwwatly itergi berer, taslama gatnaşýan döwletleri bilelikdäki maksatlara, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine anyk düşünmegiň esasynda hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen has-da mäkäm baglar. 

TOPH-nyň ykdysady taýdan esaslylygy oňa gatnaşýanlaryň hiç birinde hem Türkmenistanyň degişli ugur boýunça gaz ibermäge ukyplylygyna hiç hili şübhäniň ýoklugydyr. Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça häzire çenli ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. 

Soňky ýyllarda ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek gerek. Olar köpasyrlyk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kuwwatly binýadynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan türkmen we hindi halklarynyň medeni gymmatlyklaryny, umumadamzat   mirasynyň baýlygy bolup durýan özboluşly milli medeniýetlerini öwrenmek, aýawly saklamak we artdyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtmak gerek. 

Milli ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmagy, kuwwatly senagat düzümini döretmegi, durmuş ulgamyny kämilleşdirmegi ugur edinýän toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biziň ýurdumyz innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu babatda netijeli türkmen-hindi gatnaşyklary üçin örän amatly mümkinçilikler açylyp, biziň ýurtlarymyz olary durmuşa geçirmäge çalyşýar.

......Irden belent mertebeli myhman öz kabulhanasy ýerleşen "Ýyldyz" myhmanhanasyndan çykyp, Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we Premýer-ministri Narendra Modi dostlarça görşenlerinden soň, ýörite bellenilen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi milli Liderimize we belent mertebeli myhmana hasabat berýär. Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. 

Hormat garawulynyň öňünden geçilenden soň, türkmen döwletiniň Baştutany Premýer-ministr Narendra Modini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhmany biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem mähirli mübärekleýärler. Premýer-ministr Narendra Modi öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk Meýdançasy boýunça dabaraly ýöriş bilen geçýärler. 

Soňra milli Liderimiz we belent mertebeli myhman Ilçileri kabul ediş köşgüne barýarlar. Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Narendra Modini Köşgüň "Mawy" zalyna çagyrýar, bu ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hindistanyň Premýer-ministrine Türkmenistana sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Türkmen-hindi gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hindistanda Baýramhan Türkmen, Türkmen derwezesi giňden bellidir. Bu mysallar iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynyň asyrlara uzap gidýändiginiň şaýadydyr diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Hindistanyň Premýer-ministriniň iberen hatynda beýan edilen parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hindi tarapynyň garaýyşlaryny goldaýar. Milli Liderimiz şeýle hem hindi tarapynyň türkmen döwletiniň energiýa howpsuzlygy, ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça başlangyçlaryny goldandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

Energetika pudagyny ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijini guramagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Häzirki wagtda iki sany halkara ulag üstaşyr geçelgeçiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň şu gün geçiriljek gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.  

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek we haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir iki ýurduň däl-de, eýsem tutuş sebitiň ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirer diýip belledi. 

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä Ýoga gününiň ykrar edilen yglan edilmeginiň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Hindistanyň Premýer-ministrini bu waka bilen tüýs ýürekden gutlady. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, belent mertebeli myhmanyň resmi saparyna gabatlanyp Aşgabat şäherinde Ýoga we adaty lukmançylyk merkezini hem-de hindi halkynyň ruhy lideri, filosof bolan Mahatma Gandiniň heýkeliniň açylyş dabaralary bolar. Bu merkez we ýadygärlik biziň halklarymyzyň agzybirliginiň we doganlygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler. 

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, türkmen-hindi medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem köpasyrlyk taryhynyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we işjeň ösdürilýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Medeniýet günleri, festiwallar, kinofestiwallar, sergiler we konsertler  muňa mysal hökmünde görkezildi. Bu çäreler türkmen-hindi gatnaşyklaryny täze belentliklere çykarmaga uly itergi berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan – Bitarap döwlet diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hoşniýetli "açyk gapylar" syýasatyny alyp barýar. Şu ýyl türkmen döwleti öz Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny giňden belleýär. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýany eýýäm ikinji gezek kabul etdi, bu bolsa biziň ýurdumyzyň hukuk ýagdaýyny nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Narendra Modini bu şanly wakanyň hormatyna Aşgabatda dekabr aýynda geçiriljek Halkara maslahatyna we baýramçylyk çärelerine uly hormat bilen çagyrdy. 

Şu sapara türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyr hökmünde garalýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu geçiriljek gepleşikleriň jemleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmana berk jan saglyk we abadançylyk, Hindistanyň dostlukly halkynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde  uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Premýer-ministr Narendra Modi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerligi hem-de hindi halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyza sapar bilen gelip görmäge mümkinçiligiň dörändigine örän şatdygyny aýtdy. 

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen-hindi halklarynyň gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Deli şäherindäki Türkmen derwezesi bolsa bize elmydama Türkmenistan barada we onuň taryhy, medeniýeti barada ýatladyp durýar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň beýik şahsyýetleriniň, serkerdeleriniň taryhda goýan yzlary, meşhur şahyrlarynyň eserleri Hindistanda uly höwes bilen öwrenilýär diýip, Premýer-ministr Narendra Modi belledi.  

Hindistanyň Hökümetiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Halkara Ýoga gününiň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi işinde berlen goldaw üçin we Aşgabatda bu waka mynasybetli çäreleriň geçirilmegine edilen ýardam üçin sagbolsun aýtdy. "Biz Aşgabatda  Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagyna tüýs ýürekden guwanýanýarys" diýip, belent mertebeli myhman belledi. Bu waka Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda görelde bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Primýer-ministr Narendra Modi döwlet Baştutanymyza asylly başlangyçlarynda    uly üstünlikleri arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, Hindistan Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny doly goldaýar diýip belledi.

Aşgabatda hindi halkynyň ruhy Lideri Mahatma Gandiniň heýkeliniň açylmagynyň örän ähmiýetli waka bolup durýar diýip, Premýer-ministr Narendra Modi aýtdy. Bu görnükli şahsyýet bütin dünýäde tanalyp, hindi halkynyň durmuşynda uly orun eýeleýär, onuň filosofiýasynyň ýörelgeleri halkara syýasatynyň esasynda goýlup, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde goldanma bolup hyzmat edýär.          

Taraplar gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Premýer-ministri iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmegi ugur edinýändigini tassykladylar. 

Soňra gepleşikler "Ak pagta"  zalynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçrildi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny mähirli mübärekläp, Aşgabat şäherine gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigi hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde biziň döwletlerimiziň daşary syýasat ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman dünýä ösüşiniň esasy meseleleri boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny kanagatlanmak bilen belläp, bu tejribe iki dostlukly döwletiň pikirleriniň we garaýyşlarynyň meňzeşligine esaslanýar diýip belledi. Iki ýurt hem sebitde, kontinentde we bütin dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýar. Olar döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly hyzmatdaşlygy goldap, adalatly gatnaşyklary, halklaryň öz ygtyýarly ösmegine we hukuklaryna hormat goýmagy ykrar edýär, şeýle hem gapma-garşylyklary we dawaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 

Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, bu hyzmatdaşlyk netijeli we özara bähbitli esasda alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň saýlawlarynda, şeýle hem beýleki halkara guramalarynyň saýlawlarynda Hindistany goldady diýip, döwlet Baştutanymyz Hindistan hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanan, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň tarapdary bolup çykyş etdi diýip belledi. Hususan-da, bu abraýly Gurama tarapyndan energetika we ulag pudaklary boýunça kabul edilen Rezolýusiýalaryň awtordaşy boldy diýip. milli Liderimiz kanagatlanmak bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, hindi tarapyna bu goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täze howplara–halkara terrorçylygyna, dini ekstremizme, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we neşeleriň ýaýradylmagyna garşy göreşde taraplaryň garaýyşlarynyň birdigini belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreş boýunça Ählumumy Konwensiýasynyň ýakyn wagtda kabul edilmegi ugrunda çykyş edýär diýip belledi.   

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistan goňşy Owganystandaky ýagdaýa uly üns berýär diýip belledi. Türkmen we hindi halklary Owganystany parahat hem-de gülläp ösýän, sebitiň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýan ýurt hökmünde görmek isleýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde biz Owganystanyň durmuş-ykdysady ulgamyny çalt dikeltmegiň, bu ýurdy sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşmaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. "Şoňa görä-de, iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmaga Owganystanyň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Şolaryň biri hem «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy bolup durýar" diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Milli Liderimiz transmilli TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek meselesi barada durup geçip, soňky bäş ýylyň dowamynda bu ugurda köp işleriň  edilendigini aýtdy. Bu gaz geçirijini gurmak baradaky Çarçuwaly ylalaşyga Türkmenistanyň, Owganystanyň we Päkistanyň Prezidentleri hem-de Hindistanyň Nebit we tebigy gaz ministri gol çekdi. Mundan başga-da bu taslamanyň çäklerinde gazy satyn almak-satmak barada Ylalaşyk baglaşyldy. Ýörite maksatly «TAPI Ltd.» kompaniýasy döredildi. 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda, 2015-nji ýylyň fewralynda Yslamabatda we martynda bolsa, Kabulda bu gaz geçirijiniň Ýolbaşçy Komitetiniň mejlisleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu gepleşikleriň tamamlaýjy tapgyrynyň ýakynlaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu ýylyň sentýabrynda Konsorsiumyň ýolbaşçysynyň kesgitlenjekdigini we bäsleşigiň jemleriniň yglan ediljekdigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany Hindistanyň Premýer-ministrine, ýurduň Hökümetine taslamany yzygiderli goldaýandygy, ony taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşýandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz  ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, Türkmenistan we Hindistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmekde hem baý tejribe toplandygyny belledi. Soňky üç ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 185–190 million amerikan dollary derejesinde durnukly saklanýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 40 göterime golaýy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň kärhanalaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga kiçi we orta telekeçiligiň gatnaşmagyny giňden goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Bu goldaw ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we iki ýurduň kärhanalarynyň özara geçirilýän halkara sergi-ýarmarkalaryna has işjeň gatnaşmagynyň hem söwdanyň möçberini artdyrmaga we haryt dolanyşygyny giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şoňa görä-de, iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek barada baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde belli bir döwür üçin ikitaraplaýyn meýilnama ýa-da maksatnama kabul edilse, peýdaly bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda göz öňünde tutulýan hyzmatdaşlyk biziň döwletlerimiziň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň ýene-de bir ähmiýetli ugry bolup durýar. Biz bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine jikme-jik seretmäge taýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Türkmenistanyň kärhanalarynda mineral dökünleri öndürmek we bu önümleri hindi tarapynyň satyn almagy bilen bagly hyzmatdaşlyk hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze ugruna öwrülip biler. Biziň hünärmenlerimiz oba hojalygy, dokma senagaty, maglumat tehnologiýalary, gurluşyk we derman senagaty, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça hindistanly hyzmatdaşlarymyzyň tekliplerini üns bilen öwrenerler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Ulag ulgamy özara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kontinentara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edendigini habar berdi. Türkmen bilermenleri häzirki döwürde «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna goşulmak barada hindi tarapynyň teklibini öwrenýär. Bu taslama Hindistanyň Mumbaý portuny Eýranyň Pars aýlagyndaky deňiz portlary bilen birleşdirmäge gönükdirilendir. Taslamanyň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň sebitine we soňra Ýewropa çykmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz ýaňy-ýakynda açylan «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoluň bu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeläp biljekdigini belledi. Häzirki wagtda biz «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» dörttaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem zerur işleri alyp barýarys diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi we hindistanly dostlarymyzyň hem özleriniň bu taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretseler, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu görkezilen taslamalaryň ikisi hem bir-biriniň üstüni ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtap, biziň halklarymyzy köp asyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, medeni gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Milli Liderimiz mysal hökmünde soňky ýyllarda guralan bilelikdäki medeni çäreleriň birnäçesini görkezdi. 2013-nji ýylda Türkmenistanda Hindistanyň Medeniýet günleri, 2014-nji ýylda bolsa, Hindistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.  Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde hindi filmleriniň hepdeligini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl şeýle festiwal Daşoguz şäherinde geçirildi. 

Folklor toparlarynyň çykyşlary, suratkeşleriň sergileri we beýleki medeni çäreler özara esasda yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň 26-njy martynda Aşgabatda şeýle çäreleriň biri – hindi folklor toparynyň çykyşy guraldy. Bu bolsa, iki ýurduň gadymy we özboluşly medeni-taryhy mirasyna biziň halklarymyzyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Hindistanyň Premýer-ministriniň gadymy hindi filosofiýasyny we medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça başlangyjyny goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzda sagdyn durmuş däplerini wagyz etmäge uly üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda şu ýylyň 21-nji iýunynda Bütindünýä ýoga gününiň geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň raýatlarynyň 200-e golaýy Hindistanda bilim alýar. Indi köp ýyllardan bäri Halkara tehniki-ykdysady hyzmatdaşlygyň hindi maksatnamasynyň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýär. Bulardan başga-da, türkmen talyplary Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hindi Geňeşiniň berýän talyp haklary esasynda bilim alýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz berýän bu kömegi üçin,  Premýer-ministre minnetdarlyk bildirip, şeýle hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň  maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýanynda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän «Okuw-önümçilik merkezini» we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda 2011-nji ýyldan bäri hereket edýän «Türkmen-hindi maglumat tehnologiýalary merkezini» iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir oňat mysaly hökmünde görkedi. Häzirki döwürde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri kafedrasynyň ýanynda «Hindi» bölümi üstünlikli işleýär. Häzir bu bölümde 50 talyp bilim alýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we hindi alymlarynyň iki ýurtda geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn belledi. Biziň halklarymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça hem örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän işlere ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar instituty ýakyndan gatnaşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Biz tebigy ylymlar ulgamynda alyp barýan gatnaşyklarymyzyň netijesinde gowy tejribe topladyk. Bu tejribe ýaýradylsa, iki tarap üçin hem peýdaly bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygy bu gatnaşyklary ösdürmegiň hukuk binýady bolup durýar. Ylalaşykda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, seýsmologiýa we ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekommunikasiýalar ulgamyny döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan  ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, astronomiýa, biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine seredilse, maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Saglygy goraýyş ulgamynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzda gadymy hindi adaty lukmançylygynyň öwrenilmeginiň  we ulanylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze, örän möhüm ugruna öwrüljekdigini belledi.  

Döwlet Baştutanymyz Hindistanyň biziň döwletimiziň Bitaraplygyny ilki bilen Goşulyşmazlyk Hereketinde, soňra bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda işjeň goldan ýurtlaryň biri bolandygyny nygtap, şu goldaw üçin, belent mertebeli myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,   hindi halkynyň ruhy lideri – Aşgabatda ýadygärligi açylýan Mahatma Gandiniň zorluksyz we parahatçylykly ýaşamak filosofiýasy türkmen Bitaraplygynyň ideýa we ahlak gözbaşlarynyň biri boldy. Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine üstünlikli durmuşa geçirmäge Hindistan ýaly örän täsirli we abraýly ýurduň goldawy köp derejede ýardam berýär diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň şu ýyl bütin dünýä bileleşigi bilen taryhy senäni-ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, Hindistanyň Premýer-ministrini şu ýylyň dekabr aýynda bu şanly senäniň hormatyna Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmana we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Hindistanyň Hökümetiniň baştutanyna söz berilýär. 

Hindistanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimize Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy hem-de myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Premýer-ministriň belleýşi ýaly, bu sapar Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan saparlarynyň ilkinjileriniň biridir. "Biz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar üçin derwezeleri açýarys, munuň özi biziň üçin örän wajypdyr" diýip jenap Narendra Modi aýtdy. 

Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň köp asyrlardan bäri üstünlikli dowam edip gelýändigini belläp, belent mertebeli myhman  bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň wajypdygyny belledi. Jenap Narendra Modi bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen Lideriniň Hindistana bolan saparynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Dostlukly ýurduň türkmen-hindi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barada aýdyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny belledi. 

Belent mertebeli myhman iki ýurduň halkara giňişligindäki gatnaşyklary barada durup geçip, Merkezi Aziýanyň dünýäde möhüm sebitleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň Owganystan barada aýdanlary bilen doly ylalaşýandygyny nygtady. Jenap Narendra Modi bu meselede biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, ol ýurtdaky dawalaryň we beýleki meseleleriň diňe parahatçylyk ýoly bilen çözülmelidigini nygtady. 

Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, golaýda Ufada Owganystanyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň barşynda bu ýurtda taraplaryň gepleşikleriniň geçirýändigi we olara Pakistanyň hem gatnaşýandygy habar berildi. "Hindistan Owganystanyň parahat we gülläp ösýän ýurt bolmagyny isleýär" diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. 

Hindistanyň  Premýer-ministri Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada durup geçip, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisi, şol sanda Owganystan üçin hem örän bähbitli boljakdygyny aýtdy.  Premýer-ministr Owganystana uly kömek berilýändigini aýdyp, Türkmenistandan bu goňşy ýurda elektrik energiýasynyň iberilýändigini, şeýle hem durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Jenap  Narendra Modi Türkmenstanyň  Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine we dikeldilmegine uly goşandyny goşýandygyny aýdyp, türkmen Lideriniň alyp barýan ugrunyň göreldelidigini we nusgalykdygyny aýratyn nygtady. 

Premýer-ministr söwda gatnaşyklary barada durup geçip, bu babatdaky görkezijileriň entek iki ýurduň mümkinçiliklerini doly görkezmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda geçirilen hökümetara toparynyň mejlisiniň ähmiýeti nygtaldy. 

Belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň ulag geçelgelerini döretmek baradaky aýdanlaryny doly goldaýandygyny nygtap, Eýranyň deňiz ýollarynyň üsti bilen täze bazarlara çykmak mümkinçiliginiň, hususan-da, Hindistanyň bazaryna hem möhüm ýollaryň açylýandgyny belledi. Hindistanyň bazary bolsa uly mümkinçiliklere eýedir. Biz özümiziň tagallalarymyzy birleşdirsek, gatnaşyklarymyzyň çägini has-da giňeldip bileris diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdeleri, dökünleri öndürmek, dokma senagaty, maglumatlar tehnologiýalary, bilim ulgamy, derman serişdelerini öndürmek, syýahatçylyk we sport ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Jenap Narendra Modi saglygy goraýyş ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Hindistanyň derman serişdelerini öndürmek babatda bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Belent mertebeli myhman gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, hindi tarapynyň dürli taslamalar boýunça pikir alyşmaga taýýardygyny belledi. Hususan-da, telelukmançylyk boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meýliniň bardygy aýdyldy. Jenap Narendra Modi Türkmenistanyň we Hindistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýup boljakdygyny aýdyp, geljekde bu babatda bilelikde işlemegi teklip etdi. "Biz türkmen Lideriniň sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky başlangyçlaryny doly goldaýarys. Munuň özi ähli ýurtlar üçin nugalyk ýörelge bolup durýar. 

Bu ugurlarda işleşmek üçin uly mümkinçilikler bar" diýip, Hindistanyň Premýer-ministri aýtdy. 

Belent mertebeli myhman 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, Aşgabatda gurulýan sport maksatly desgalaryň gurluşygyna Hindistanyň hem goşant goşmagyna umyt bildirdi. Häzirki wagtda Hindistanyň kompaniýalary 2020-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek desgalarynyň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. Şol kompaniýalar Türkmenistanda şeýle desgalaryň gurluşygyna hem gatnaşyp biler diýip, jenap Narendra Modi aýtdy we  bu ugurdaky hünärmenleri biziň ýurdumyza ugratmaga taýýardygyny belledi.  

Hindistanyň Premýer-ministri ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişliginde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan Türkmen döwletiniň okgunly ösmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatyny nygtap, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz edilmeginiň wajypdygyny belledi. 

Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman şu duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, myhmansöýerlik we netijeli gepleşikleriň geçirilmegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildidi. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, "mermer zalynda hormatly Prezidentimiziň we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Himiýa önümlerini ibermek babatda "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen Hindistan Respublikasynyň "PSU Rashtriýa Chemicals & Fertilizers" kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Hindistan Respublikasynyň Sport we ýaşlar baradaky ministrliginiň arasynda Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2015-2017-nji ýyllar üçin Maksatnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Ýoga we adaty lukmançylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyga gol çekilýär. 

Ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasyna gol çekýärler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmen döwletiniň Baştutany we Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňüde çykyş edip, şu gün türkmen-hindi gatnaşyklaryna mahsus bolan açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda netijeli gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler üçin, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä we Hindistanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we birek-birege düşünişmegine ýardam berýär diýip, milli Liderimiz belledi.  Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen-hindi gatnaşyklary häzirki döwürde deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýratyn bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, biz dürli derejelerde Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryny yzygiderli guramak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Gepleşikler birek-birege düşünmek esasynda geçdi we halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini görkezdi. Iki tarapyň hem Merkezi we Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge, ynanyşmaga we özara düşünişmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, biz sebitde we dünýäde howpsuzlygy berkitmäge, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almaga aýratyn üns berdik. Halkara-hukuk kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň berk syýasy-hukuk binýadyny döretmegiň möhümdigini belledik diýip, milli Liderimiz aýtdy .

Türkmenistan we Hindistan halkara gatnaşyklary ulgamyny adalatly we ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak bilen ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa, syýasy gatnaşyklarda ösüp gelýän ýurtlaryň ornuny berkitmegi göz öňünde tutýar. Şu gün geçirilen gepleşikler iki tarapyň hem şu maksatlara eýerýändigini tassyklady. Döwletleriň deňhukukly we adalatly gatnaşyklary alyp barmagynyň möhümdigini, halklaryň öz ygtyýarlygyna we hukuklaryna hormat goýmagy biziň ykrar edýändigimizi görkezdi. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Hindistan ähli gapma-garşylykly we dawaly meseleleri parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taraplar gatnaşyklaryň deňhukukly we özara bähbitli esasda alnyp barylýandygyna ýokary baha berdiler. Bu gatnaşyklar dünýä giňişliginde biziň ýurtlarymyzyň arkalaşykly hereket etmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Biz halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi goldamagy dowam etmek barada ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli giňeltmegiň möhümdigini belledik. Sebäbi, Goşulyşmazlyk Hereketiniň maksatlary häzirki döwürde dünýäniň ençeme sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň bardygy bilen bagly aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde hem mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Premýer-ministr bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berlendigini habar berip, taraplaryň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözüp boljakdygyny belländiklerini nygtady.  

Soňra döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesi barada durup geçip, bu babatda  «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Bu taslama gatnaşýan döwletleriň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde, bu ugurda gepleşikleriň tamamlanyp barýandygyny belledik. Nesip bolsa, ýakyn wagtda biz «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirip başlarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Bu gaz geçirijiniň gurulmagy taslama gatnaşýan ähli ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu gaz geçirijisiniň sebitde durnukly ösüşi berkitmäge, oňa gatnaşýan döwletleriň özara düşünişmegine we ynanyşmagyna uly goşant goşjakdygyny nygtady. Bu bolsa, döwletleriň ykdysady taýdan ösmegine we syýasy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministrine we Hökümetine bu taslamany goldaýandygy we ony taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Şu gün geçirilen gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýändigini subut etdi. Şeýle hem, giň gerimli önümçilik we tehnologik hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin ähli şertleri döretmäge iki tarapyň hem taýýardygyny aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.  

Milli Liderimiz energetika pudagynda, kommunikasiýa ulgamynda, himiýa we derman senagatynda, oba hojalygynda, ýokary tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamlarynda, şeýle hem beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň we Hindistanyň «Gündogar–Günbatar» hem-de «Demirgazyk–Günorta» ugurlary boýunça ulag-üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagy maksat edinýändiklerini nygtady.

Biz Mumbaýdaky hindi portuny Eýranyň Pars aýlagyndaky portlary bilen birleşdirýän «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmak barada hindi tarapynyň çakylygyny gyzyklanma bilen öwrenýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Hazar sebitiniň we Ýewropanyň ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik berer. Taslamany durmuşa geçirmekde «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly möhüm orny eýeläp biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» üstaşyr-ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmak baradaky meselä seretmegiň hindi tarapyna teklip edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz geçiren gepleşikleriň medeni-ynsanperwer meselelerine geçip, biziň halklarymyzy köp asyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini, häzirki döwürde olaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.  

Milli Liderimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berşi ýaly, gepleşiklerde Türkmenistanyň we Hindistanyň baý taryhy-medeni mirasy bilen halklarymyzy giňden tanyşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy. 

Ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda Ylymlar akademiýalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada hem ylalaşyk gazanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz jenap Premýer-ministri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrandygyny habar berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, bu saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Olar söwda-ykdysady, medeni, ylmy, ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda arkalaşykly hereket etmegiň uly mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berer.

Türkmenistan Hindistana ygtybarly hyzmatdaşlyk edýän doganlyk ýurt, sebit hem-de ählumumy syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikirdeş döwlet hökmünde garaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we şu gün geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň hem strategik maksatlarynyň gabat gelýändigini tassyklandygyny nygtady. Bu bolsa, türkmen we hindi halklarynyň, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlarynyň we halklarynyň, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz çykyşy tamamlap, Premýer-ministr, Narendra Modä, Hindistanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna saparyň netijeli bolmagy ugrunda edýän tagallalary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip,  Hindistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hindistanyň Premýer-ministri gepleşikleriň netijelerini teswirläp, Türkmenistana gelip görmegi özi üçin uly hormatdygyny nygtady. 

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol ak mermerli Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine örän şatdyr. Türkmen paýtagty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde gazanylan ägirt uly üstünlikleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Jenap Narendra Modi milli Liderimize we ähli türkmen halkyna myhmansýöerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hindistanyň  Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy. Şol gatnaşyklaryň esasyny bolsa iki halky birleşdirýän we ýakynlaşdyrýan köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar düzýär.  Şunuň bilen baglylykda, ilaty 1 milliard 250 million adamdan hem geçýän, ykdysadyýeti okgunly ösýän  Hindistanyň we ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. 

Hindistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bolsa şol sebitde möhüm orun eýeleýär diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma   bildirilýän meseleler, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, Merkezi Aziýa sebitiniň geljegine, terrorçylyga we ekstrezmi garşy göreşmäge degişli meseleler barada pikir alşyldy diýip Narendra Modi belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri möhüm halkara meseleleri boýunça iki ýurduň garaýşlarynyň  laýyk gelýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda Günorta we Merkezi Aziýanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Belent mertebeli myhman bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimize bu meselede goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Jenap Narendra Modi TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny netijeli hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biri hökmünde görkezdi. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder