20 Temmuz 2015 Pazartesi

Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagyny Ösdürmegiň Barşy Bilen Tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň şypahana kenaryna dikuçardan syn etdi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Awazanyň Kongresler merkeziniň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheriniň, Awaza etrabynyň  häkimleri, beýleki ýolbaşçylar garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz döwrebaplaşdyrylan ak öý görnüşindäki, öň tarapy altynsöw aýnalar hem-de nagyşlar bilen bezelen, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ägirt uly desganyň daşky görnüşini üns bilen synlady.

Bu binanyň gurluşygyna 2012-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi we häzirki wagtda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň umumy meýdany 185 müň inedördül metre deňdir. Kongresler merkezi ýerasty jaýlary hasaba almazdan dokuz gatdan ybarat bolup, wekilçilikli çäreler, sammitler we ýokary derejeli duşuşyklar, forumlar hem-de maslahatlar üçin zallary öz içine alýar. Merkezi Aziýada iň iri Kongresler merkezini  “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasy bina edýär, onuň ýolbaşçysy hem şu günki çärä gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär we Kongresler merkeziniň jaýlarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar. Ägirt  uly sütünleri bolan binanyň esasy eýwany heniz bu ýerde timarlaýyş  işleri alnyp barylýan bolsa-da, bezeg görnüşi bilen haýran galdyrýar.  Binanyň kompozit materiallardan gurnalan poly tutuş akwarium bolup, ol merkezi eýwanyň bezeg aýratynlygydyr, akwariumda iri balyklar ýüzýärler—bu aýak astyndaky hakyky deňzi ýadyňa salýar.

Milli Liderimiz binanyň birinji gatynda ýerleşýän 2 müň orunlyk mejlisler zalyna barýar. Ondan başga-da, bu ýerde 2 sany 450 orunlyk we 256 orunlyk banket zallary, 5 sany daşary yurt döwlet baştutanlary üçin ofisler, ikiçäk duşuşyklar otagy, 60 orunlyk mejlisler zaly, her biri 100 orunlyk üç sany zal, gepleşikleri geçirmek üçin köpugurly 200 orunlyk zal, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek üçin niýetlenen zal, şeýle hem hökümet wekiliýetleriniň işewür duşuşyklaryny geçirmek üçin zal, kabul edişlikleri guramak üçin beýleki jaýlar, kinoteatr, gatlaryň birinde sergi zaly hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk komiteti üçin edara iş otaglary ýerleşer. VIP derejeli aýratyn sport toplumy üçin 12 müň inedördül metr ýer bölünip berlip, bu ýerde ýüzülýän howuz, köpugurly sport zaly  we  beýlekiler bolar. 

Merkeziň ýokarsynda gözegçilik meýdançasy ýerleşýär, ondan Awazanyň  ajaýyp görnüşi açylýar. Häzirki wagtda Kongresler merkeziniň çäkleri hem suw çüwdürimleri, ýaşyl zolaklar, bina eltýän köpri hem-de awtoduralgalar bilen abadanlaşdyrylyýar. 

Tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz binanyň enjamlaşdyrylyşy, gurluşykçylaryň we dizaýnerleriň peýdalanýan gurluşyk serişdeleri, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşy bilen içgin gyzyklandy. 

Halkara işewürlik we syýasy çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen Awaza häli-şindi daşary ýurt baştutanlary gelip görýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Olaryň bu ýerde kabul edişligini guramagyň hem-de beýleki ähli amatly şertleri döretmegiň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin hoşniýetli ýagdaýy emele getirýändigi hakykatdyr. Şonuň üçin hem wekilçilikli maslahatlary we ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygynda we VIP-şahslar üçin ýokary derejeli hyzmaty guramakda dünýä ölçeglerinden ugur alynmagy zerurdyr. 

Döwlet Baştutanymyz binanyň bezeg işlerine aýratyn ünsi çekip, bu babatda birnäçe maslahatlar bermek bilen, binanyň binanagärlik keşbinde milli nagyşlar bilen häzirki zaman binagärlik meýilleriniň sazlaşygyny emele getirmäge döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem myhmandar üçin hyzmatlary guramak boýunça tabşyryklary berdi. 
 
Munuň üçin Kongresler merkeziniň protokol çäginde 80, 100 we 120 orunlyk mejlisler zallaryndan başga-da, maslahat geçirmek üçin 30 orunlyk üç sany kiçi zal, ikiçäk duşuşyklar üçin iş otaglarynyň üçüsi, belent mertebeli myhmanlar üçin şahsy otaglar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 100 orunlyk metbugat merkezi göz öňünde tutuldy. Elbetde, otaglaryň hemmesi degişli derejede, döwrebap tehnikalar bilen üpjün ediler, bu bolsa täze işewür merkezde netijeli we oňaýly işlemäge şert döreder.

Şeýle hem Kongresler merkeziniň  binasynda, metbugat maslahatlary üçin zalda döwlet Baştutanymyz hökümet agzalarynyň, Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheriniň we onuň Awaza etrabynyň  häkimleriniň, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow we günbatar sebitiň häkimliginiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  welaýatda işleriň barşy barada, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi,   şol sanda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň barşy barada hasabat berdiler. 

Şeýle hem Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasyny durmuşa geçirmek barada görülýän çäreler hakynda, Türkmenbaşy şäheriniň we onuň täze etraplarynyň ykdysady kuwwatyny, olaryň ilatynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokary götermek hakynda gürrüň gitdi. Awazada gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň dynç alyş zolagyny we deňizýaka sebitini ösdürmäge gönükdirilen wezipelerini çözmek boýunça maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlary beýan edildi. 

Milli Liderimiz gurulýan desgalary häzirki zamanyň talaplaryna gabat getirmek, adamlar üçin amatly şertleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylardan ulanmaga berlen desgalaryň degişli ulanyş ýagdaýynda saklanmagyny talap etdi.  

Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmäge dürli düzümleriň ylalaşykly işlemeklerini guramak barada aýratyn görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerine ýetirilýän ähli gurluşyk işlerini, olaryň ulanmaga berilmeginiň möhletlerini hemişe gözegçilikde saklamagy berk talap etdi.   

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy dynç alyş zolaklaryny döretmekde tebigy ekoulgamy ulanmagyň zerurdygyny we dynç alýanlara aňrybaş amatlyklary döretmek üçin hyzmatlar düzüminiň desgalarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň wajypdygyny ýene bir gezek nygtady.  

Dynç alyş ulgamynyň güýçli depginde ösdürilmegi, hyzmatlaryň görnüşleriniň we hiliniň ýokarlandyrylmagy, myhmanhana ulgamynyň kabul ediş mümkinçiliginiň artdyrylmagy, ilatyň dürli gatlaklarynyň ösýän islegleriniň göz öňünde  tutulmagy "Awaza" syýahatçylaryň uly isleg bildirip gelmegine ýardam edýär. 

Bu babatda döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde iň täze inžener-tehniki işläp düzmeleri onaşdyrmagy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmagy, gurluşygyň ýokary hil we ekologik ülňülerini üpjün etmegi, özüne çekiji çeperçilik keşbini döretmegi we deňiz ýakasyndaky ülkäniň tebigy aýratynlyklarynyň häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşygyny gazanmagyň wajypdygyny nygtady. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş merkezlerinde, şypahananyň çäklerinde arassaçylygy we tertibi, ülkäniň ekologiýa abadançylygyny  üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara bu barada görkezmeleri berdi. 

Syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy wezipesi Türkmenistanyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýän adamlaryň doly derejeli we oňat dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi we hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek ähli gurluşyk işlerine gözegçiligiň birjik-de gowşadylmaly däldigine   ünsi çekdi. 

Diňe şeýle şertler döredilende "Awaza" dünýäniň ähli künjekleriniň jahankeşdelerini özüne çekýän merkeze öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu ýere ýygnananlara kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyklanan meseleleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Iş maslahaty tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Kongresler merkeziniň binasyndan çykdy we golaýda ýerleşen gämi duralgasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz gezelenç gaýyklaryny goýmak üçin niýetlenen kenarýaka desgany synlap, onuň ýanaşyk ýerlerini bezemek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparynyň çäklerinde dikuçarda deňiz ýakasyndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna aýlanyp, bu ýerdäki syýahatçylyk, myhmanhana we durmuş-ykdysady düzümi, şeýle hem  deňiz ýakasynyň we ýurdumyzyň tutuş ulag-logistik ulgamynyň möhüm desgalarynyň biri—Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.   

Mälim bolşy ýaly,  milli Liderimiz Hazaryň kenarynda milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürmek arkaly bu iri möçberli maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagyna  hut özi gözegçilik edýär hem-de Awazadaky işleriň ýagdaýy bilen yzygiderli tanyşýar. 

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň maksatnamasy diňe bir maýa goýumlaryny çekmek üçin aýratyn ykdysady-hukuk  meýdançasyny döretmegi, innowasion tehnologiýalary ulanmagy we bu ýerde gurulýan desgalaryň köpugurlylygyny göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi öz içine alýar. 
 
Milli Liderimiz ýaňy-ýakynda gurlup, ulanmaga berlen “Älemgoşar” oýun attraksionly seýilgähi, “Deňiz merjeni” medeni dynç alyş merkezini hem-de “Jadyly kenar” oýun attraksionly seýilgähi guşuçar belentlikden synlady. Bu seýilgähler tomus möwsüminiň gyzgalaňly döwründe Awazada dynç alýan müňlerçe adamlar, ilkinji nobatda bolsa, çagalar üçin ajaýyp sowgat boldy. 

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejesindäki dynç alyş zolagynyň kemala gelmegi—bu diňe bir myhmanhanalaryň artmagy däl-de, eýsem, ýokary amatlylygyň we sagaldyş hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesidir. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde dynç alýan adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin döwrebap şertleri döretmek, boş wagtyňy işjeň geçirmek we ynsan saglygyny, onuň beden hem-de ruhy taýdan güýç-gaýratyny dikeltmek ýaly şertleri döretmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan kottežler toplumynyň üstünden aýlaw etdi. Milli Liderimiz işleriň gerimine baha berip, şunuň ýaly şäherjikleriň durmuş üpjünçiliginde döwrebap inženerçilik çözgütlerini peýdalanmagyň, adamlar üçin döredilen amatly şertleri innowasion tehniki işläp düzmeler bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly,   Awazadaky durmuş ulgamyna degişli desgalary gurmakda hem esasy talap bolap durýar. 

Uçuş mahalynda Hazar deňziniň jana şypa berýän türkmen kenaryndaky syýahatçylyk desgalarynyň gözel görnüşine syn edip, milli Liderimiz olara ýanaşyk ýerler gök ösümlik zolaklary bilen bezelende, ýerli tebigatyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şypahana giňişligini guramagyň esasy ýörelgesi onuň daşky gurşaw, tebigy şertler  bilen ajaýyp sazlaşygy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.  Hemme meýilleşdirilýän çözgütler dynç alyş zolagynyň çäkleriniň toplumlaýyn özleşdirilmegine—gurluşyk, durmuş, ulag we inženerlik ulgamynyň bilelikde ösdürilmegine gönükdirmelidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gül-gunçaly, bagy-bossan “gök  guşagyň” döredilmeginiň  ajaýyp täsiri, syýahatçylyk zolagynyň howasynyň gowlanmagy, jana melhem deňiz howasy bilen birlikde, Awaza gelýän türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň oňat dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin zerur ekologiki gurşawy üpjün eder. 

Dikuçaryň üstünden Awaza derýasy bilen deňiz  kenarynyň aralygyndaky  ýaş agaç nahallary ösüp oturan gök meýdany synlap, milli Liderimiz kislorod “öndürýän” bu täsin seýilgäh üçin ekilen nahallara oňat idegi üpjün etmek, tokaý zolagyny giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň möhümdigini belläp, howany arassalaýan, ony fitonsitler bilen baýlaşdyrýan gök zolaklaryň ýardam edýändigini nygtady.  Bu bolsa deňz suwunyň ionlary bilen bilelikde adamyň saglygyna örän oňaýly täsir edýär. 

Soňra öwlet Baştutanymyzyň dikuçary Awaza etrabynyň merkezinde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynyň üstünden aýlaw etdi. Häzir bu ýerde häkimligiň edara binasynyň, jemagat hojalygy bölüminiň, polisiýa bölüminiň, ýangyç howpsuzlygy bölüminiň edara-binalarynyň, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen 320 orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, Saglyk merkeziniň, dört gatly, jemi 200 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginini mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Awazada gurulýan her bir desganyň deňiz dynç alyş zolagynyň binagärlik toplumy bilen sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde bina edilýän Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. “Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli baş meýilnama” laýyklykda täze halkara portunyň umumy meýdany 138,5 gektardan gowrak bolup, onuň bir bölegi taslama boýunça deňiz giňişliginde ýerleşer. 

Täze Halkara  deňiz portunyň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Portuň gämi duralgasynyň umumy meýdany 1 million 200 müň inedördül mertden gowrak bolup, uzynlygy 3 müň 607 metre deň bolar. Gidrotehniki desgalaryň gurluşygyndan başga-da, bu ýerde kenar düzüminiň köpsanly desgalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Ol ulag üpjünçiligini: estakadaly awtomobil ýollaryny öz içine alar. 

Täze deňiz portunyň tehniki özeni barada aýdylanda, ol döwrebap maksatnama—enjamlar toplumy bilen üpjün ediler. Olar gämi gatnawlarynyň we ýük daşamalarynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerurdyr.

Döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletleriniň haryt we çig-mal bazarlaryna çykmagyy üçin örän oňaýly şertleri döredip, ýük akymlarynyň ugrunda ýol aralygyny we wagtyny kemeltmäge mümkinçilik berer. Taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary  ýaly, iri ykdysady merkezlere çykarýan Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümini giňeltmegiň mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana bolan saparynyň barşynda türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekilendigini bellemek ýerlikli bolar. Onda “Baştutanlar Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka sebitiniň ýurtlary üçin derweze hökmünde Türkmenistanyň ähmiýetini ykrar etdiler hem-de birek-biregiň harytlaryň dolanyşygyny ýeňilleşdirmek maksadynda ulag geçelgelerini we düzümini giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldamak hakynda ylalaşdylar” diýilýär. Bu babatda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna aýratyn ähmiýet berilýär.

Taslamasy “Ýaşyl port” halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanan portuň gurluşygynyň barşynda suw akwatoriýasyny  çuňaltmak, hususan-da, gämileriň duralgalara barmagy üçin bu işleri geçirmegiň barşynda 7,5 million kub metr topragy çykarmak boýunça işleriň uly möçberini ýerine ýetirmek wezipesi durýar.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri port desgalarynyň toplumy ýerleşdiriljek deňiz giňişliginiň ekologiýa taýdan arassalygyny hem-de çykarylýan topragyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklady. Bu toprakdan portdan 4 kilometr aralykda ýerleşjek emeli adany döretmek meýilleşdirilýär. 

Bu ada ýüzlerçe müň guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüler. Şu maksat bilen deňiz topragyny daşamak üçin uzynlygy 5310 metr bolan turba geçiriji guruldy hem-de uzynlygy 3800 metr bolan suw bendini gurmak boýunça işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ugurda geçirilýän işler bilen tanşyp, ulag toplumynyň esasy we kömekçi desgalaryny, şol sanda energetika, inženerçilik-tehniki düzümi gurmaga örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Bu düzüm  ýokary halkara ülňülerine laýyk  gelmelidir.

Şundi milli Liderimiz ekologiýa arassaçylygyny saklamagyň möhümdigini aýdyp, degişli ýolbaşçylardan gurluşyk işleriniň barşynda deňiz giňişliginiň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy, tebigaty goramak baradaky kanunçylygyň berjaý edilmegini talap etdi. Bu ýerde oňaýly howa ýagdaýyny döretmek, guşlary we balyklary köpeltmek, howanyň we deňziň arassalygyna we umuman daşky gurşawyň  ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz senagat taslamalary taýýarlananda we amala aşyrylanda, olaryň ekologiýa we ylmy seljermesini geçirmegi tabşyrdy.

Häzir adamyň alyp barýan işleriniň daşky gurşawa ýaramaz täsirini peseltmek bilen bagly bolan “ýaşyl ykdysadyýet” düşünjesi gündelik durmuşymyza girdi. Ekologiýany gowulandyrmaga ukyply tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa adamlaryň dynç almak we saglygyny dikeltmek üçin gelýän şypahana zolagy üçin möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Emeli ada bolsa tebigatyň gözelligini artdyryp, guşlar üçin hakyky mekana öwrüler. Onuň döredilmegi döwlet syýasatynda ekologik meseleleriniň ileri tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Sebäbi portuň gurluşygy guşlary mesgen tutan ýerlerini terk etmäge mejbur etdi, geljekde olar üçin ozalkysyndan hem gowy şertler dörediler. Adada mesgen tutjak guşlaryň köpdürli boljakdygyny ynamly aýtmak bolar, munuň özi diňe alymlary däl-de, eýsem, ekologiýa syýahatçylygynyň meşhur görnüşleriniň biri bolan fotokameraly we dürbüli gezelenjiň muşdaklaryny özüne çeker. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  uçuşy tamamlap, şu günki tabşyryklaryny jemledi. Awazada häzirki zaman durmuş düzümini ösdürmek we mundan beýläk hem abadanlaşdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki ýolbaşçylara şol meseleleri çözmekde üstünlik arzuw etdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder