1 Temmuz 2015 Çarşamba

Köp Soralýan Soraglar

Sorag

Men  daşary ýurtda okaýaryn we mende ygtyýarly edaralar tarapyndan resmileşdirilen içerkiTürkmenistanyň raýatynyň pasporty bar. Men agzalan pasport esasynda Türkmenistanyň çägine girip bilýärinmi?

Jogap

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatynyň pasporty esasynda gelip bilýärler.

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlara diňe Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty esasynda gidip bilýärler.

Sorag

Men häzirki wagtda daşary ýurtda okaýaryn. Men Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasportyny almak üçin degişli resminamalary tabşyrdym, emma alyp ýetişmedim. Agzalan pasporty meniň ýerime ynanç haty esasynda başga biri alyp bilermi?

Jogap

Resmileşdirilen Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasporty gowşurylanda pasportyň eýesiniň özüniň bolmagy zerurdyr, çünki barmak yzlary alnyp, biometriki maglumatlar deňeşdirilýär.

Sorag

Russiýa Federasiýasyndan ýaşan ýakyn doganymy Türkmenistana çagyrmak üçin nirä ýüz tutmaly we haýsy resminamalary tabşyrmaly?

Jogap

Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt raýatlary, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

Türkmenistanyň çäklerinde - Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň      ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda - Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky      diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz      tutýar.
 

Fiziki şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna çakylygyň resmileşdirilmegi üçin aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

1) Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

2) Çagyrýan we çagyrylýan adamynyň pasportynyň göçürme nusgasy;

3) Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

4) Çagyrmagynyň maksadyny tassyklaýan resminama (eger-de bar bolsa).

Sorag

Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň özi okuwa gitjek bolanda, onuň ýurduň çäginden gitmeginiň tertibini düşündiriň?

Jogap:  "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän  halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Sorag

Türkmenistanyň raýatyna daşary ýurda gitmek üçin nähili resminamalar gerek?

Jogap: "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler, şunda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe arkaly bellik edilýär.

Sorag

Men Türkmenistanyň raýaty. Russiýa Federasiýasyna göçüp gidýän adamyň statusy boýunça hemişelik ýaşamaga göçüp gitdim.  Men Türkmenstana dolanyp barasym gelýär. Meniň ata- watanyma dolanyp barmaga hakym barmy?

Jogap:"Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.

Sorag

Men Türkiýe Respublikasynyň raýaty Aşgabat şäherinde gurluşyk işini alyp barýan bir Türk kompaniýasynda inžener bolup işleýärin.  Meni Türkmenistanda iş alyp barýan başga bir Türk kompaniýasy ýokary aýlykly bir işe çagyrýar. Men başga bir kompaniýada nähili ýagdaýda işläp bilerin?
Jogap

Sizi täze işe çagyrýan kompaniýa siz üçin iş rugsatnamasyny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan resmileşdirýär. Siz hem şol iş rugsatnamasy esasynda köne kompaniýaňyzdan işden çykyp, täze kompaniýada işläp bilersiňiz.
 

Sorag

Men Russiýa Federasiýasynyň raýaty adamymyň çakylygy esasynda hususy wiza esasynda Aşgabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Men nähili ýagdaýda Türkmenistanda işläp bilerin?
Jogap
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilen iş rugsatnamasy esasynda Türkmenistanyň çäginde işläp bilersiňiz?
 

Sorag
Men Özbegistanyň raýaty, adamymyň çakylygy esasynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Meniň gaýyn enem we gaýyn atam Mary şäherinde ýaşaýarlar. Men şolaryň ýanyna çagalarym bilen wagtlaýyn gidip gelmäge hyýallanýaryn. Men nähili ýagdaýda Mary şäherine hususy maksat bilen gidip-gelip bilerin?
Jogap
Türkmenistana hususy işler bilen gelen daşary yurt raýatlary üç günden köp möhletli (on bäş günden az bolan) gezelenjiň bir gün öňünden hasaba duran migrasiýa edarasyna habar bermek arkaly başga bir ýere gidip bilerýärler.
 

Sorag
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty haýsy möhletlerde resmileşdirilýär?
Jogap
Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty 10 ýyla çenli, 16 ýaşa ýetmedik çagalara 5 ýyl möhlet bilen resmileşdirilýär.
 

Sorag
Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin raýatlaryň arzalaryna garamagyň möhleti näçe?
Jogap
Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna garamagyň möhleti üç aýdan geçmeli däldir.
 

Sorag
Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama näçe möhlet bilen resmileşdirilip berilýär?
Jogap
Ýaşamak üçin ygtyýarnama daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalarynyň möhletine laýyklykda bäş ýyla çenli möhlet bilen berilýär.
 

Sorag
Haýsy halatlarda adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner?
Jogap
Eger-de
1)  Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmegi hem hormatlamagy özüne borç edinse;

2)  Türkmenistanyň döwlet dilini  gep alyşmagyň  çäklerinde bilýän bolsa;

3)   soňky 7 ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bar bolsa;

4)   Türkmenistanyň  çäginde gün-güzeran görmeginiň  kanuny çeşmesi bar bolsa

 

Sorag
Hususy çakylygy almak üçin tölegiň möçberi?   
Jogap
Adaty tertipde 50 manat,gyssagly tertipde 100 manat.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder