7 Temmuz 2015 Salı

Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Alhaji Bawa Gilbert Aýembillahi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar, Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri, şol sanda halkara başlangyçlary özara goldamak arkaly, abraýly halkara guramalarynyň, hususan hem BMG-niň çarçuwasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda syýasy geňeşmeleri geçirmek bilen syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmekde gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-gumanitar ulgamlarda, şol sanda sport we syýahatçylyk pudaklarynda  ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem, iki ýurduň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda, işewürler toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmekde ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder