1 Temmuz 2015 Çarşamba

Durky Täzelenen Grand Türkmen Myhmanlary Çagyrýar

Paýtagtymyzyň bäş ýyldyzly Grand Türkmen myhmanhanasy düýbünden täze keşbe girdi. Onuň durky täzelenenden soň bu ýerde myhmanlar üçin amatlylygyň we oňaýlyklaryň derejesi ýokarlandy. Şonuň bilen birlikde ýokary derejeli we zerur bolan hyzmatlaryň edilmegi myhmanhananyň esasy aýratynlygy bolup durýar.

Myhmanhananyň ähli artykmaçlyklaryndan başga-da, onuň 1995-nji ýylda açylan pursatyndan bäri şäheriň merkezinde ýerleşmegi bu ýere gelýän jahankeşdeleriň akymyny artdyrýar. Türkmen medeniýeti, taryhy we şäheriň aýratynlyklary bilen gyzyklanýan adamlar üçin tanyşlyk gezelenjini Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän myhmanhananyň töwereginden başlamak boýlar. Bu ýerde türkmen paýtagtynyň gözellikleriniň ençemesi—Şekillendiriş sungaty muzeýi, Magtymguly adyndaky sazly drama teatry, “Watan” kinokonsert merkezi, “Gülüstan” söwda merkezi we beýlekiler ýerleşendir. 

Ýurdumyz boýunça has uzak, giňişleýin we gyzykly gezelençler barada aýdylanda bolsa, şunuň ýaly syýahatlar Grand Türkmen myhmanhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň hyzmatlaryna girýär we isleg bildirýänler üçin yzygiderli guralýar. Daşary ýurtly we ýerli jahankeşdeler myhmanhananyň hyzmatynyň bu görnüşinden peýdalanyp, onuň kömegi bilen özlerinde ýatdan çykmajak täsirleri we duýgulary galdyrýarlar. Türkmenistanyň goraghanalary we taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň durmuşy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşýarlar. Şonuň ýaly syýahatlar olara gatnaşyjylary türkmen topragynyň täsin baýlyklary we gözellikleri bilen haýran galdyrýar. 

Diňe şu ýylyň başyndan bäri biz ýarym müňden gowrak adam üçin paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň welaýatlary boýunça gezelençleri  guradyk. Biziň, şeýle hem şäheriň beýleki myhmanhanalarynyň şonuň ýaly syýahatlara sargytlary yzygiderli artýar—diýip Grand Türkmen myhmanhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň wekili kanagatlanmak bilen gürrüň berdi. 

Daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek we türkmenistanlylary  daşary ýurtlara ibermek, hususan-da, çakylyklary, wizalary, uçar peteklerini resmileşdirmek, myhmanhanalarda ýerleşdirmek we beýlekiler myhmanhananyň syýahatçylyk bölüminiň hyzmatlaryna girýär.

Şeýlelikde, durky täzelenen Grand Türkmen myhmanhanasy şu ýyllaryň içinde jahankeşdeleriň yzygiderli gelýän myhmanhanasyna öwrüldi. Köp dürli syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen birlikde, myhmanhananyň 6 gatly binasynda ähli amatlyklary bolan giň we oňaýly otaglaryň 4 görnüşi—1 orunlyk, 2 orunlyk, ýarym lýuks, lýuks görnüşleri myhmanlaryň hyzmatynda. Bu ýerde jemi 111 otag, şeýle hem tomusky açyk howuz, “Ýüpek ýoly” restorany, garbanyşhana, disko-bar, karaoke—bar, gözellik salony, fitnes-klub, owkalaýyş otagy, sauna, lukmançylyk bölümi ýerleşýär. 

Işewürlik syýahatçylygynyň wekilleri üçin myhmanhanada maslahatlary we medeni-gumanitar häsiýetli beýleki çäreleri geçirmek üçin 20,40 we 70 orunlyk maslahatlar zallarynyň üçüsi bar. 

Şýelelikde, Grand Türkmen myhmanhanasy öz myhmanlaryny mähirli kabul etmäge hemişe taýýar bolup, ol syýahatçylyk ulgamyna ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalary we agentlikleri bilen yzygiderli we işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar hem-de ýurdumyzda onuň mümkinçiliklerini artdyrýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder