19 Temmuz 2015 Pazar

Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýylynyň Hormatyna Çäreler

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselä deglip geçip, bu çäreleriň syýasy taýdan uly ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ýurdumyza berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamagyň hakyky alamaty hökmünde çykyş edip, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup durýar. Türkmenistan netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar hem-de bu ugurda anyk çäreleri görýär.

Ozal çap edilen synlarda habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar geçirilýär. Olara türkmen halkynyň bütin taryhynyň dowamynda eýeren parahatçylyk söýüjilik däplerini doly paýlaşýan ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary gatnaşýarlar.  

Şeýlelikde, birinji ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlarynyň 74-si, metbugat maslahatlarynyň 15-si, şeýle hem medeni çäreleriň 25-si we sport çäreleriniň 41-si geçirildi. Umuman, çäreleriň 342-si geçirilip, bu ugurdaky işler dowam edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Şeýle hem dürli metbugat neşirlerini taýýarlamak we çykarmak göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen döwleti we onuň Bitaraplyk derejesi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty barada mowzuklaýyn makalalaryň 152-si çap edildi. 

Soňky aýlaryň degişli möhüm wakalaryna syn berip,  4-nji maýda Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”  Kararnamasynyň awtordaşlary bilen duşuşygyň, şeýle hem “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň 20 ýyllyk tejribesi”  mowzugy boýunça duşuşygyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. 

Şol duşuşyklaryň barşynda  bitaraplyk ýörleglerine esaslanýan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmek, şeýle hem bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryň daşary syýasat kuwwatyndan peýdalanmagyň häzirki zaman nusgalaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Bu özara gyzyklanma bildirilip geçirilen duşuşyklaryň netijelerini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy we 70-nji mejlisleriniň resminamalary işlenip taýýarlanylanda ulanmak göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň şanly  senesi hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk  ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejesindäki çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde maý aýynda  Hytaýyň paýtagty Pekin şäherindäki “Jintaý”  sungat muzeýinde  “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda”  diýen şygar astynda ýöriteleşdirilen kitap sergisi, şeýle hem bezeg-amaly-haşam sungatynyň sergisi geçirildi. Bu çäreler ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. 

Halkymyzyň taryhy, onuň baý medeniýeti we köp asyrlyk däp-dessurlary, şeýle hem Garaşsyzlyk eýýamynyň ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän serginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, suratlar bilen owadan bezelen,  dessanlar ýerleşdirilen  kitaplar, türkmen we daşary ýurtly ýazyjylaryň nusgawy eserleri, sungat baradaky albomlar, çagalar üçin niýetlenen neşirler görkezildi. 

14-nji maýda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde şanly senä bagyşlanyp, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy—parahatçylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk strategiýasy”  atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Maslahata gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, Bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna, dinine hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň özenini düzüp, ýurdumyzyň bitaraplyk ugrunyň  BMG-niň ýörelgelerine we  maksatlaryna laýyk gelýändigi, sebitimizde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny birleşdirmekde onuň netijeli häsiýete eýedigini tassyklady. 

Forumda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhyna, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamaga we geosyýasy hem-de milli bähbitleri berjaý etmegiň we ylalaşmagyň esasynda gatnaşyklary ýola goýmaga  oňyn täsirine aýratyn üns berildi. 

Meýilleşdirilen çäreleriň  maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň, “tegelek stoluň” başlyndaky duşuşyklaryň, sport ýaryşlarynyň we medeni çäreleriň    köp sanlysynyň  daşary ýurtlaryň  esasy ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýändigi bellärliklidir. Häzirki wagtda olarda türkmenistanly talyplaryň köp sanlysy bilim alýar. 

Şeýlelikde, 6-7-nji aprelde Moskwanyň etegindäki Korolýow şäherindäki Tehnologiýa uniwersitetinde ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan üçünji  Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebinde hem türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi okaýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hemişelik bitaraplyk syýasaty döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini, onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. 

Wideoköpri arkaly forumyň işine Belarus Respublikasynyň Grodno şäherindäki Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar goşuldylar. Maslahatyň işi baradaky şekiller meşhur “MIR”  telekompaniýasy tarapyndan görkezildi. Munuň özi giň jemgyýetçiligiň gozgalýan meselä uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şondan biraz wagt geçenden soň, ýagny, 22-nji maýda Belarusuň Grodno şäheriň özünde mowzuklaýyn okuw maslahaty hem-de talyplar toparlarynyň konsertleri guraldy. 

15-nji maýda Ukrainada, Odessanyň tehniki kadalaşdyryş we hil baradaky döwlet akademiýasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Odessa sebitiniň jemgyýetçilik işgärleri, ýerli häkimiýet edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary, mugallymlar, talyplar we şol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri çagyryldy. 

Bitaraplyk türkmen döwletine dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkeziniň belent derejesine eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän, bütin adamzadyň goldawyna mynasyp bolan türkmen döwletiniň daşary syýasat ugry, milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilik başlangyçlary dünýäniň ähli ýurtlary we  Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýar.  Türkmen paýtagtynda iri forumlaryň we möhüm duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler abraýly halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralýar. Şol guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistan üçin strategiki we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup durýar. 

25-nji maýda Moldowiýanyň Saransk şäherindäki N.P.Ogarýow adyndaky döwlet uniwersitetinde mowzuklaýyn “tegelek stoluň”  başyndaky duşuşyk geçirildi. Onda türkmen we russiýaly talyplar çykyş edip, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda Bitaraplygyň dürli syýasy-hukuk meselelerini beýan etdiler. 

Ýygnananlar milli bähbitleriň özara baglanyşygyna, ählumumy howpsuzlyga we ösüşe esaslanan Türkmenistanyň döwlet Bitaraplygynyň ýörelgelerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň seçip alan daşary syýasat ugrunyň türkmen halkynyň özboluşlylygyna, onuň taryhy we medeni däplerine, şeýle hem ýurdumyzyň geografiki taýdan ýerleşişi hem-de onuň serişdeler kuwwaty bilen şertlendirilen anyk ýagdaýlara doly laýyk gelýändigini nygtadylar. 

Soňky aýlarda Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýede, Özbegistanda we beýleki golaýdaky hem-de aylsdaky ýurtlarda maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. 

Maslahatlara gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugrunyň täzeçilligini nygtadylar. Milli Liderimiz dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň köp ugurly ýörelgesini işläp taýýarlady. Ol adamzat ösüşiniň ählumumy oňyn ýörelgelerine doly laýyk gelýär. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki wagtda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň esasy bolup çykyş edýär.  Ol parahatçylygyň we ylalaşyklygyň bähbidine sazlaşykly gatnaşyklary, oňyn, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. 

Aşgabatda indi 7 ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň hereket edýändigi munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu merkeziň açylmagy dünýä bileleşiginiň sebitleriň parahatçylykly we sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy üçin zerur bolan şertleri döretmäge bitewi çemeleşmesini tassyklady. Bu merkeziň Aşgabatda ýerleşdirilmeginiň özi hem Bitarap Türkmenistana uly ynamyň we hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar. Mundan başga-da, türkmen paýtagtynda hemişelik esasda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ençemesi – BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça ýokary komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG), Ilat gaznasy, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi netijeli işleýär. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleriň synyny dowam edip, şu maksatnamada ýaş nesle hem uly üns berlendigini bellemelidiris. 

Şu ýylyň 27-nji maýynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde  Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp,  çagalaryň  “Türkmenistan –parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy”  atly  çeperçilik sergisi  geçirildi. Hemmeleriň biragyzdan ykrar etmegine görä, Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen birleşdirilen iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ädim boldy. 

Şol günlerde Bişkekde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz Respubliaksynyň Medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde guralan çagalaryň suratlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

Golaýlaşyp gelýän şanly sene mynasybetli köpsanly sport çäreleri hem geçirildi. 

Mysal üçin, şu ýylyň 26-njy aprelinde Minsk şäherinde Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda welosport boýunça sport çäresi geçirildi. Welokross Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň  hem-de milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan köpçülikleýin, sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň birýalygynyň çäklerinde geçirildi. Biraýlyk ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  diýen şygar astynda geçirilýär. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen weloýörişe  Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri we  şol ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem gatnaşdylar. 

Dostlukly ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkiýede, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki döwletlerde kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşlar sportuň bu meşhur görnüşiniň janköýerleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. 

Ýewropanyň ýaşlarynyň paýtagty diýlip seçilip alnan Kluž –Napoka şäherinde  (Rumyniýa)  “Medeniýetler festiwaly”  geçirildi. Festiwala gatnaşyjylar – dünýäniň 70-den gowrak ýurdunyň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Ilçihanasy milli önümleriň we Türkmenistan hakyndaky neşirýat önümleriniň, milli tagamlaryň sergisini gurady. Bu dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary milli lybaslaryň gözden geçirilişine hem gatnaşdylar.  

Maý aýynda Duşanbe şäherinde, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkezinde geçirilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň şerti”  atly ylmy-amaly maslahat türkmen-täjik dostluk hepdeliginiň möhüm çäreleriniň birine öwrüldi. 

Dostlukly ýurduň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guralan forumyň çäklerinde  hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Şeýle hem şol günlerde Täjigistanyň paýtagtynda iki ýurduň bezeg-amaly-haşam sungatynyň sergisi we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti üstünlikli guraldy. Medeni çäre Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabynda dowam etdirildi. Şol etrapda türkmenleriň köp sanlysy kowçum bolup ýaşaýar. 

Türkmen-täjik dostluk hepdeliginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň netijeleri “Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we dostlugyň möhüm şertidir”  atly makalada giňişleýin beýan edildi. Bu makala garaşsyz “Biznes & politika”  jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady gazetinde çap edildi. 

Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurtlarda çap edilýän beýleki meşhur  neşirleriň köpüsi hem türkmen bitaraplygy baradaky makalalary köpçülikleýin berdiler. 

Mysal üçin, “Türkmenistanyň diplomatiýasy: ýurtlaryň bähbitleriniň we halkara hyzmatdaşlygynyň hyzmatynda” atly uly göwrümli makala Bişkek şäherinde neşir edilýän “Industrialnyý Kyrgyzstan”  žurnalynyň 2015-nji ýylyň aprel-maý aýlaryndaky sanynda mynasyp orun eýeledi. 

Halkara derejesindäki wakalaryň ençemesini özünde jemleýän bu synymyz dünýä bileleşiginiň okgunly ösýän Türkmenistanyň häzirki gününe hem-de ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna gyzyklanmasynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu daşary syýasat ugry bolsa bütin adamzadyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda oňyn bitaraplyk ýörelgeleri diňe bir biziň döwletimiziň daşary syýasat doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, sebit we dünýä derejesinde dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryň netijeli bolmagyna hem ýardam edýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder