20 Temmuz 2015 Pazartesi

2016-njy Ýylda Seýdide “Ýewro-5” Benzini Öndürilip Başlanar

2016-njy ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli “Ýewro-5” benzini öndürilip başlanar. Öňki benzinlerden tapawutlylykda bu awtoulag ýangyjyň düzüminde kükürdiň we polisikliki aromat uglewodorodlaryň az bolmagy bilen tapawutlanýar. 

Bu benzinde hereketlendirijiler örän ýuwaş ses bilen işleýär, ýeňillik bilen otlanýar, pos baglamagynyň öňüni alýar, wibrasiýasy azalýar, ýangyjy az tygşytlaýar. Hereketlendirijilerde ýangjy ýakmak gowlanýar. Bu bolsa işlenilen gazlaryň merkezleşdirme ulgamynyň hyzmat ediş möhletini uzaldýar. “Ýewro-5” standartyna laýyk gelýän ýangyjyň ulanylmagy howa zyňyndylaryny – gaty bölekleriň, uglerodyň okisiniň, azodyň oksidiniň we ýanmadyk uglewodorodlaryň howa zyňyndysyny peseldýär. 



Öň bar bolan Л-З5-11/1000 enjamy Türkmenistanyň döwlet standartlarynyň degişli talaplaryna çenli ýetiriler, elektronika, şeýle hem gaýtadan işlenen serişdeler bilen pnewmatiki çalyşmak geçiriler. Benziniň täze neslini öndürmek boýunça enjamlary taslamak we durkuny täzelemek bäsleşiginde "Westport Trading Europe Limited" (США) kompaniýasy ýeňiş gazandy. 

Enjamlaryň durkuny täzelemekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy ulanyşda energiýa çykdajylaryny azaldar we önümiň çykyşyny we hilini ýokarlandyrar, desgalaryň netijeliligini we howpsuz ulanylmagyny, şeýle hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün eder. 

Bu şu ýylyň başynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, "Westport Trading Europe Limited" kompaniýasy tarapyndan ýol bitumyny öndürýän täze tehnologiki enjam ulanylmaga berildi. Bu toplum 1,5 gektar meýdany eýeläp, ýylda 118 müň tonna mazudy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Ondan her ýylda 37,2 müň tonna ýokary hilli nebit ýol bitumy öndüriler. 

Kompaniýanyň gözleg merkezinde geçirilen gözleg işleri türkmen nebitinden hili boýunça daşary ýurt önümlerinden pes bolmadyk hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýän düzüminde ýokary göterimli parafin bolan ýol bitumyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde okislenmäniň ýerine ýeňil wisbreking tehnologiýasy ulanylar. Netijede bitumyň ýokary molekulýar parafinleriniň termiki dargamalary ep-esli gowulanar. 

Häzirki zaman ulag ýollary ýokary hilli ýol-gurluşyk materiallaryndan gurulmaly. Howa şertlerini nazara alanyňda bu Türkmenistan üçin möhüm mesele. Şeýlelik bilen, ýokary ulanyş görkezijili ýol bitumy ýurt üçin strategiki material bolup durýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder